Türkmen halysy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
türkmen halysy

Türkmen halysynyň aklyňy haýran edýän sungat eserdigi hakynda dünýä taryhynda belli syýahatçylaryň, sungatöwrenijileriň, taryhçylaryň aýdanlaryny gaty köp ýerde tutaryk edinýärler.

Şu ýerde meşhur wenger syýahatçysy Arminiý Wamberiniň halylarymyz hakynda aýdan sözüne ünsi çekmekçi bolýarys.

„…Reňkleriň haýran galaýmaly arassalygyndan, matasynyň berkliginden başga-da, bu göçüp-gonup ýören ýarym wagşy zenanlaryň şekilleriň simmetriýasyny saklamak başarnyklary hem inçeden duýuşlary ýewropalylaryň gaty köpüsine „Aňry otur“ diýdirip biljek…“

Geliň, meşhur alymyň zenanlarymyzy “göçüp-gonup ýören ýarym wagşy” diýip atlandyrmasyny „Aňry otur“ diýiljek ýewropala düşnükli bolsun diýlip aýdylan hasap edeliň. Çünki simmetriýany inçeden duýmak we ony saklamak başarnygy göçüp-gonup ýören ýarym wagşynyň edip biljek zady däl. Muny taryh subut etdi. Şol döwürlerde ýarym wagşy diýlip göz öňüne getirilen halkyň örän çuňdan gaýdýan medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň, taryhynyň bardygyna hut Wamberiniň özi hem göz ýetiren alym. Biz onuň uly zähmet siňdirip, başardygyça terjime edip Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ýewropalylara tanadan alymdygyny bilýäris. Hakykatdanam, simmetriýany inçeden duýup we saklamagy başaryp, hala girizen zenanlar bilen däl, şol zenanlaryň ýörelgesini ýitirmän, arkama-arka öwrenip, olary biziň günlerimizde gaýtalap bilýän halyçylaram ýewropalylary haýrana goýýar. 1996-njy ýylda Ganowerde geçirilen Bütindünýä sergisinde belli halyçymyz Ogulnabat Meredowanyň haly dokaýşyny gören daşary ýurtly synçylar: „Siz barmaklaryňyz bilen erişleri-de sanap alaňyzok. Türkmenler ir wagtlar kompýuter ulgamyna geçipdirler“ diýip baha beripdirler.

Halyçylyk sungatymyzy daşary ýurtlular ýöne ýere kompýuter ulgamyna deňemeýärler. Muňa has gowy göz ýetirmek üçin Wamberiniň „simmetriýany inçeden duýmak we ony saklamak“ diýýänine düşünjek bolalyň.

Halycylyk sungaty.[üýtget]

Halylaryň aýratyn ahmiýeti bardyr : olar turkmenleriň milli buýsanjydyr, olaryň taryhynyň we sungatynyň beýanydyr. Turkmenleriň ata-babalary halylary gadymy wagtdan bäri dokap gelipdir. Arheologik gazyw-agtaryş işleri dokmaçylygyň şu görnüşiniň biziň eramyza çenli IV asyrdan başlap, ýörgünli bolandygyny ýuze çykarmaga mümkinçilik berdi. Reňklenen goýun ýüňünden elde dokalan, gara, goňur-gyzyl reňkler, agdyklyk edýan halylar ilki başda gara öýeri bezemek üçin niýetlenipdir. Halylaryň gölleri we reňkleri dürli ýerli taýpalaryň: ýurduň günorta-gündogarsynda ýaşan salyrlaryň hem-de saryklaryň degişlilikde Merwde we Ahalda ýaşan tekeleriň Turkmenistanyň demirgazygynda we günbatarsynda ýaşan ýomutlaryň, Lebapda ýaşan ärsarylaryň çeperçilik däplerine baglylykda tapawutlanýar.

Assimmetrik bir şekiliň birnäçe görnüşlerde yzly-yzyna gaýtalanyp gelmegi bilen simmetriýa emele gelýär. Mysal üçin „F“ harpynyň şekili. Ondaky çyzyklaryň üçüsem biri-birinden tapawutly. Iki sany „F“ harpyny yzygider goýsak, simmetrik şekil emele gelýär.

Üç sany dürli çyzykdan emele gelen „F“ harpynyň simmetriýanyň kanunlaryna laýyklykda ýerleşdirilmegi bilen dörän şekiller haýran galdyrýar. Türkmen halysynda bolsa simmetriýanyň has kämil, manyly görnüşlerini tapsa bolýar. Zenanlarymyzyň şol täsin nagyşlaryň, gölleriň simmetriýasyny inçeden duýup saklap bilmek başarnyklaryna Wamberiniň näme üçin ýewropalylara „Aňry otur“ diýip biljek derejede baha berendigine indi düşünen bolsak gerek.

Internet[üýtget]

  • JANLY ROWAÝAT - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow