Türkmen - Türk paýdarlar täjirçilik banky

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda 1992-nji ýylyň Maý aýynyň 2-sine gol çekilen Döwletara Memorandumyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerindäki daşary ýurt maýa goýumly ilkinji bilelikdäki bank, 1993-nji ýylyň mart aýynyň 31-ne döredildi.

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky 2000-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Yslam Ösüş Bankynyň agzasy bolan ýurtlaryň milli ösüş maliýe guramalarynyň birleşmesiniň (ADFIMI-niň) agzasy bolup durýar. Bank tarapyndan açylan 5 sany nagt daşary ýurt pullarynyň alyş-çalyş nokady hereket edýär. Bankyň baş binasyndaky alyş-çalyş nokadynyň gije-gündiz iş tertibinde işlemegi müşderilere goşmaça amatlyklar döredýär. Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bank işjkeňliginiň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämileşdirmek, maliýe hasabatlarynyňhalkara ülňülerini ornaşdyrmak, hödürlenýän hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek hem-de töleg amallaryny kämilleşdirmek ýaly çäreleri durmuşa geçirýär. Bank önümleriniň görnüşlerini giňeltmek, müşderilere edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bolegini ösdürmek, hususy telekeçilik işini karzlaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça-da işleri yzygiderli alyp barýar.

Töleg ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bankyň öňünde durýan wezipelerden ugur alyp, bankda häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran Viza we Mastercard ýaly halkara töleg kartlary boýunça hyzmatlary ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar.

Mundan başgada, müşderileriň tabşyryklary boýunça geçirilýän tölegleriň tizligini artyrmak we ygtybarlygyny has ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly seljeriş işleri geçirilýär. Şolar bilen baglylykda, birinji derejeli daşary ýurt banklarynda habarlaşyk (aragatnaşyk) hasaplarynyň açylmagy we bankyň halkara SWIFT ulgamyna goşulmagy netijesinde, berilýän hyzmatlaryň has kämil bolmagy, ýerine ýetirilýän bank amallarynyň halkara standartlarynyň derejesine ýetirilmegine we müşderileriň hasaplaşyklarydyr tölegleriniň has çalt amala aşyrylmagy baradaky islegleriniň doly kanagatlandyrylmagy üpjün edilýär.

Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegine aýratyn üns berilýär. 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky Türkmenistanda hususy telekeçilik işini maliýeleşdirmegiň meseleleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalary üçin karz bermek işleri hem-de giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ilatdan we kärhanalardan çekilen serişdeleriň möçberini artdyrmaklyga we çekilen serişdeleri karzlar we maýa goýumlar görnüşinde ulanmaklyga uly üns berip Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky goýumlar boýunça teklip edilýän göterimleriň özüne çekiji we amatly bolmagyny üpjün etmek üçin, çekilýän we ýerleşdirilýän serişdeler boýunça göterimleriň sazlaşykly bolmagyna ähmiýet berýär. Munuň bilen bir hatarda, goýumlaryň dürli görnüşleri işlenip düzülende we olar boýunça tölenjek göterimlerdir, goýumlaryň möhletleri kesgitlenende müşderileriň islegleri göz öňünde tutulýar.

Bank tarapyndan berilýän hyzmatlar baradaky maglumatlary özünde jemleýän neşir önümleriniň ilatyň arasynda ýaýradylmagy we bank baradaky makalalaruyň ýurdumyzyň döwürleýin metbugatynda çap edilmegi bilen bir hatarda, internet sahypany açylmagy netijesinde bankyň gysgaça taryhy, guramaçylyk düzümi, ýerine ýetirýän amallarydyr, hödürleýän hyzmatlary, bankyň durmuşynda bolup geçýän täzelikler baradaky maglumatlaryň halk köpçüligine çalt we yzygiderli ýeririlmegi üpjün edilýär.