Mazmuna geçiň

Türkmenistanyň ''Türkmenistan'' döwlet täjirçilik banky

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Türkmen Bank sahypasyndan gönükdirildi)

Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik banky 1990-njy ýylyň derkabr aýynyň 29-na Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 1999-njy ýylda bank döwlet eýeçiligine geçirildi.

Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň ykdysady we durmuş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bankyň 23 sany şahamçasy bolup, olar Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýerleşip, müşderlere dürli bank hyzmatlaryny hödürleýärler. Bankyň işjeňligi täjirçilik esasda amala aşyrylýar. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalaryna we Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalara hyzmat etmeklige ýöritleşdirilen bankdyr. Mundan başgada, şäher ýerlerinde pensionerleriň pensiýalarynyň töleglerini we raýatlara döwlet tarapyndan bellenen durmuş taýdan kömek pullarynyň töleglerini amala aşyrýar. Türkmenbankyň hyzmatyndan dürli eýeçilikdäki kärhanalar, telekeçiler peýdalanýarlar. Bankyň karzlaşdyrmak syýasatynyň esasy ugurlary döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň işjeňligini sagdynlaşdyrmak üçin olaryň dolanyşyk serişdeleriniň üstüni dolmakda karzlara bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan, halkyň ýaşaýyş derejesini dowulandyrmak bilen baglanyşykly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin ilata ipoteka karzlaryny bermekden hem-de halkyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen sarp ediş maksatly karzlary bermekden ybaratdyr.

Bankyň täze bank önümlerini we hyzmatlaryny öňe ilerletmek bilen, ilata dürli görnüşdäki karzlary hödürleýär:

• bilim maksatlaryna berilýän karzlar;

• ýaş maşgalalar üçin sarp edijilik maksatlaryna berilýän karzlar;

• durmuş maksatly harytlaryň satyn alynmagyna we gaýragoýmasyz harajatlara berilýän karzlar;

• maliýe taýdan durnukly kärhanalaryň we guramalaryň işgärlerine korporatiw kepillendirmegi bilen durmuş maksatlara we ş.m. görnüşlere berilýän karzlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 23-nji martyndaky N7824 belgili Türkmenistanda bir bitewi bank programma serişdelerini ornaşdyrmak we milli kartly töleg ulgamyny döretmek hakynda kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň Merkezi bankynyň goldamagynda Altyn Asyr töleg ulgamynyň kartyny dolanyşyga goýberip başlady. Türkmenistanyň Türkmenistan döwlet täjirçilik bankyAltyn Asyr töleg ulgamynyň bank kartlaryny emissiýa etmekde iň iri emitent bank bolup çykyş eder. Türkmenistan bank tarapyndan hyzmat edilýän müşderiler, esasan Döwlet büjetinden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalar zähmet haklarynyň tölegleri üçin köp möçberlerde nagt puly sarp edijiler bolup durýar. Türkmenistan banky ilatyň wagtlaýyn erkin serişdelerini banka çekmek ugrunda alyp barýan syýasaty yzygiderli kümilleşdirilýär. - See more at: http://ertir.com/index.php?q=blog&view=50813#comment- Archived 2016-03-14 at the Wayback Machine