Serhetabat etraby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Serhetabat etraby 1991-nji ýylda döredildi. Etrap ýurdumyzyň iň günortasynda ýerleşýär. Hojalygynyň esasy ýöriteleşdirilen ugry dowardarçylykdyr. Onuň düzümine maldarçylyga ýöriteleşdirilen birnäçe daýhan birleşikleri girýär.
Etrabyň çägindäki Galaýmor obasynyň golaýynda çagyl-çäge gazyp alýan kärhana işleýär. Bathyz goraghanasynyň dolandyryş edarasy hem bu etrapda ýerleşýär. Serhetabat etrabynda 1 şäher, 8 geňeşlik, 20 oba bar.
Etrap merkezi Serhetabat şäheriniň düýbi 1885-nji ýylda tutulyp, oňa 1968-nji ýylda şäher statusy berildi. Ol Mary şäherinden 350 km günortada ýerleşýär. Serhetabady welaýat merkezi we beýleki ilatly ýerler bilen demir we awtomobil ýollary birleşdirýär. Şäherde etrabyň dolandyryş edaralary, gurluşyk kärhanalary, durmuş-medeni edaralary bar.