Seljuklar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Seljuklar (türk. Selçuklular, azerb. Səlcuqlar, pars. سلجوقیان Saljuqiyân, arap. السَّلْجُوقِيُّون‎‎ as-Saljūqiyyūn, السَّلَاجِقَة as-Salājiqa) — oguzlaryň kynyk taýpasynyň bir şahasy. Seljuk imperiýasy 1040-njy ýylda seljuklaryň hem-de gaznalylaryň arasynda bolan Daňdanakan söweşinden soň esaslandyrylýar. Imperiýanyň ilkinji soltany Togrul begdir.Ol Nyşapur şäherinde täze gurlan döwletiň hökümdary diýlip yglan edilýär. Bu günki Türkmenistanda, halk içinde bar bolan rowaýat-gürrüňleriniň seljerilip gelinen netijelere görä, Teke Türkmenleriniň Utamyş golynyň Bagşy bölüminde ýer alan Garadaşaýak, Akdaşaýak we Soltanyz uruglary Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň iň soňky soltany, Soltan Ahmet Sanjaryň nesilleri, ýene şol Bagşy bölüminde ýer alan Burkazlar bolsa Soltan Sanjaryň dogany Muhammetsaparyň (Muhammet Tapar) nesilleri diýilip aýdylýar (bu maglumatlar ýene-de seljerilmäge mätäçdir. Aga jomur). Seljuk imperiýasyny esaslandyryjylar.

Seljuk soltanlary:

  • Togrul beg (1040-1061)
  • Çagry beg(1040-1063)
  • Alp Arslan(1063-1072)
  • Malik sa I (1072-1092)
  • Mahmyt I ( Malik sa ogly) (1092-1094)
  • Berkyaryk (1094-1104)
  • Malik sa II (1104-1105)
  • Muhammet Tapar (1105-1118)
  • Mahmyt II (1118)
  • Soltan (Ahmet) Sanjar(1118-1157)