Seýit Nesimi (1369-1417)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Neýlerem

Dilbera, men senden aýru tende jany neýlerem, Täju tahtu mülku malu hanymany neýlerem.

Isterem waslyň jemalyn tä kylam derde dewa, Men seniň bimaryňam özge dewany neýlerem.

Çoh dogalar kylmyşam men halykyň dergähine, Çün myradym hasyl olmaz men dogany neýlerem.

Eý, musulmanlar, biliň kim ýar ile hoşdur jahan, Çünki ýardan aýra düşdüm bu jahany neýlerem.

Dilber aýdar: eý, Nesimi, sabr kyl, etme fygan, Şimdi efgan etmesem, daňla fygany neýlerem.


Ýüz döndermenem

Ýüz müň jefa kylsaň maňa, men senden ýüz döndermenem, Janym dahy gurban kylar, men senden ýüz döndermenem.

Duşman geler garşymyza, umyduwar özi duşa, Duşmanlaryň körlügine men senden döndermenem.

Men seni söwdüm jan ile, gul olmuşam gurban ile, Ant içerem Kuran ile, men senden ýüz döndermenem.

Isamysyň, Musamysyň ýa Ýusuby Kenganmysyň, Walla, janym janymysyň, men senden ýüz döndermenem.

Eý, Nesimi, aşykmysyň, Hak ýoluna sadykmysyň, Közerdigiçe ýanarmysyň, men senden ýüz döndermenem.