Sauzhempton ýaşlar futbol akademiýasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Umumy maglumat[düzet | çeşmäni düzet]

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Iň esasy ýyldyzlary[düzet | çeşmäni düzet]

Garet Beýl[düzet | çeşmäni düzet]

Garet Beýl, Uelsli super ýyldyz Gareth Bale 2005-2006-njy ýyllarda bu klubyň akademiýasynda oýnady, 2006-2007-nji ýyllarda bolsa Suthamptonyň esasy düzümünde oýnady we 2007-nji ýylda Tottenhama transfer boldy. 2013-nji ýylyň tomusyndaky Real Madride transferi bolsa, Baleni dünýä taryhynyň iň gymmat (100 000 000 €) futbolçysy etdi.

Teo Wolkat[düzet | çeşmäni düzet]

Teo Wolkat 2000-2005-nji ýyllarda Southampton futbol akademiýasynda oýnady, soňra bolsa klubyň esasy toparyna (2005-2006-nji ýyllar) geçmegi başardy. Ýaşlar bilen işleşmegi halaýan Arsen Wenger 2006-njy ýylda Theo Walcotty Arsenala transfer etdi. Şol ýyl Germaniýadaky dünýä çempionatyna gidende Walcottyň bary-ýogy 17 ýaşynyň bardygyny bellesek hem artykmaçlyk etmese gerek.

Aleks Oksleýd Çamberleýn[düzet | çeşmäni düzet]

Arsenalyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň başga bir ýyldyzy Aleks Oksleýd Çamberleýn hem bu klubyň akademiýasyndan ýetişdi. 2000-2010-nji ýyllarda Southampton akademiýasynda oýnap, 2010-njy ýylda klubyň A toparyna goşulmagy başardy. 2011-nji ýyldan bäri bolsa Arsenalyň üstünlikleri üçin der dökýär.

Adam Lallana[düzet | çeşmäni düzet]

Sauzhemptonyň häzirki kapitany we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Adam Lallana hem bu akademiýadan çykan futbolçylardan. 26 ýaşly futbolçy 2000-2006-nji ýyllary Southampton akademiýasynda geçirdi we 2006-njy ýylda esasy topara alynan Lallana 8 ýyl bäri Southamptonda oýnap gelýär.

Alan Şirer[düzet | çeşmäni düzet]

Angliýanyň premýer ligasynyň taryhynda iň köp gol salan futbolçy Alan Şirer hem 1986-1988-nji ýyllarda bu akademiýada oýnady, 1988-1992-nji ýyllarda bolsa Southamptonyň esasy düzüminde oýnady.

Salgylanma[düzet | çeşmäni düzet]

http://wap.ertir.com/index.php?q=blog&view=81973[permanent dead link]