Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Saparmyrat Türkmenbaşy etraby welaýatyň çet demir­gazyk­-günbatar böleginde ýerleşýär. Etrap pagtaçylyk, dä­neçilik, şalyçylyk, gök­bakja ekerançylygy, iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmek, dowardarçylyk, düýedarçylyk, ýüpek­çilik boýunça ýöriteleşdirilýän iri hojalyklaryň biridir. Onuň çäginde 1 şäherçe, 27 geňeşlik, 109 sany oba bar.

Etrap merkezi S.Türkmenbaşy şäherçesi Daşoguz şäherinden 140 km töweregi uzaklykda bolup, şäherçede gurluşyk, durmuş hyzmaty kärhanalary, bilim we sagly­gy saklaýyş edaralary işleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda A.Kakabaýew obasynda agyz suwy zawody guruldy, şeýle hem «Şirwan» pagta arassalaýjy zawody işleýär. 2001­-nji ýylda Köneürgenç şäherinden etraba demir ýoly çekildi. Etrabyň ähli obalary awtomobil ýollary arkaly birleşýärler.Etrabyñ çaginde taryhy yadygärlikleriñ galalaryñ birnaçesi bar olara durli ýurtlardan we başga welaýatlardan syýahatçylar gelýärler