Sankt-Peterburgyň uly porty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

SANKT-PETERBURG PORTY, ORSYÝET Portyň häsiýetnamalary

Ýerleşişi: Baltik deňziniň Sankt-Peterburgdaky, öňki Leningraddaky, porty, Newanyň gözbaşynda, Newa derýasynyň deltasyndaky adalarda ýerleşendir. Esasy maglumatlar: Port bütin ýylyň dowamynda açyk, buz döwüjiler (ledokollar) üçin bolsa Sanjardan Nowruza çenli. Kenardaky agalyk ediji şemallara laýyklykda suwuň derejesiniň üýtgemeginiň mümkinçilikleri bardyr. Sankt-Peterburgyň uzynlygy takmynan 15 deňiz mili bolan Deňiz Kanaly porta girelgä eltýär. Iň darajyk ýerde giňlik 80 metre barabardyr. Daşalmaklar boýunça maglumatlar: her ýyl takmynan 11,817,700 tonna ýük daşalýar, munuň içinde 190,107 teu hem bardyr. Ýükleniş (goýberiliş) zolagy: Korabllar üçin tomusky zolagyň uzynlygy 100 metrden köpdür, Korabllar üçin gyşky zolagyň uzynlygy 100 ýa-da ondan pes metrdir. Gyş - 1-nji Sanjardan 31-nji Nowruza çenlidir, tomus – 1-nji Gurbansoltandan 31-nji Garaşsyzlyga çenlidir. Iň uly ölçeg: gäminiň iň uly ölçegi – uzynlygyna 260 metr, giňligine 40 metr we suwuň düýbünden gäminiň aşak düýbüne çenli çuňluk – 11 metre çenli. Newanyň Derwezeleriniň ölçeglerine laýyklykda gämileriň iň uly uzynlygy: - 200 metre çenli uzynlygy bolan gämi Suwuň düýbi bilen gäminiň düýbüniň arasynyň beýikligi 9 metre çenli - 190 metre çenli Suwuň düýbi bilen gäminiň düýbüniň arasynyň beýikligi 9,5 metre çenli - 180 metre çenli Suwuň düýbi bilen gäminiň düýbüniň arasynyň beýikligi 9,8 metre çenli

Barmaklyk üçin maglumatlar

Barmaklygyň hasaplanylan wagty (BHW): BHW agentiň ýa-da gäminiň kapitanynyň üsti bilen “Giriş” (“Vhod”) buýuna ýetmezden 48, 24, 2 sagat öň Sankt-Peterburgyň portunyň Deňiz Administrasiýasy, portuň başlygy bilen ylalaşylmaga degişlidir. Eger-de, Sankt-Peterburga gelmeklik 48 sagatdan az wagt alýan bolsa, gelinýändigi baradaky duýduryş gäminiň çykyş portundan ýüzüp ugran wagtyndan 2 sagat geçenden soňra berilmelidir.

Barmaklygyň hasaplanylan wagty özünde şu maglumatlary saklamalydyr:

1. Ady, milli degişliligi we gäminiň görnüşi. 2. Gäminiň çagyryşlary. 3. Gäminiň eýesi hökmünde bellenen Sankt-Peterburgdaky wekiliň ady. 4. Baryp ýetmekligiň senesi we wagty. 5. Gäminiň iň uly uzynlygy, giňligi we agramy. 6. Gäminiň burundan yz tarapa çenli hakyky ölçegleri. 7. Nt. 8. Ýükün görnüşi we möçberi. 9. Buz döwüjä (ledokola) degişli: buz döwüjiniň görnüşi, hereketlendirijiniň mümkinçilikleri, aýlanýan çarhýň (wintiň) materialy.

Gäminiň kapitany maglumatyň hakykylygyna jogapkärdir.

Talap edilýän resminamalar:

1. Esasy Deklarasiýa we Kapitanyň Deklarasiýasy. 2. Gäminiň ekipažynyň sanawy. 3. Gämi üçin resminamalar. 4. Nebit bilen hapalandyrylan ýagdaýlarynda ýitgileriň öwezini dolmak baradaky raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylyşy baradaky Şahadatnamalar ýa-da başga maliýe kepillendirmeleri. 5. Gäminiň eýesiniň ýa-da dolandyryjynyň rugsatnamasynyň (lisenziýasynyň) göçürme nusgalary.

Aragatnaşyk:

Sankt-Peterburg radiosy (2,182 kilogers) Ýokarky ýygylyklar: Portuň gözegçiligi, kanallar 16 we 26. Hereketiň gözegçiligi, kanal 09.

Saglyk boýunça düzgünler:

“Geliş” (“Pribytiýe”) buýuna ýetmezden 48 sagatdan soňa goýman gäminiň kapitany gämidäki bar bolan sanitar-epidemiologik şertler barada (ugran porty, alakalaryň we aýakçylaryň (moskitleriň) barlygy) Sanitar-karantin Gullugyna we Kompaniýanyň Agentligine maglumat bermelidirler. Kapitan alakalar boýunça Şahadatnamany görkezmäge borçludyr.

Gümrük barlagy we immigrasiýa:

Gümrük barlagy sanitar barlagyndan soňradyr. Gäminiň kapitany şu resminamlary görkezmäge borçludyr:

Resminamalar ýa-da nusgalary:

1. Gämide ýaragyň, amunisiýanyň, zyýanly maddalaryň ýa-da neşe serişdeleriniň barlygy hakynda Halkara Deňiz Guramasynyň blankasynda ýazylan Esasy deklarasiýa. 2. Ýüküň adyny, onuň möçberini we tranzit ýüküň ýa-da resminamalarsyz ýüküň barlygyny görkezýän Ýük Deklarasiýasy 3. Gäminiň komandasynyň ekipažynyň sanawy. 4. Töleg serişdeleriniň sanawy. 5. Ekipažyň agzalarynyň emlägi baradaky Deklarasiýa. 6. Saglygy bejeriş maksatlary üçin niýetlenilen neşe serişdeleriniň barlygy. 7. Gäminiň ätiýäç gorlary (zapaslary) barada Deklarasiýa.

Ýükün resminamalary:

1. Ýükleriň sanawy. 2. Gäminiň ýüküniň Deklarasiýasy. 3. Gümrük rugsady üçin talap edilýän beýleki resminamalar .

Baýdaklar: Orsyýediň baýdagy, darga (losman) baýdagy we milli baýdaklar hem görkezilmeli. Taýýarlyk hakynda duýduryş: Gelnenden soňra, portuň ygtyýarly wekiliniň gämini kabul edendigine gözegçilik üçin kapitan (agent) radio-duýduryş bermelidir.

NAWIGASIÝA

Portuň çäkleri: deňiz tarapdan Sankt-Peterburg porty şular bilen çäklenendir: paralleliň çyzygynyň ugry boýunça we 427-nji metrdre Günorta-günbatarda, Kömürli Mol (Ugolnyý Mol) (59°52'Demirgazyk 030°12'Gündogar) we Günorta Damba (Ýužnaýa Damba) çenli. Soňra, Demirgazyk-Günbatardan Deňiz Kanalynyň günorta tarapynyň dowamynda onuň Kiçi Reýd (Malyý Reýd) bilen kesişýän ýerine çenli (59°58'Demirgazyk 029°48'Gündogar). Soňra, Günorta-gündogardan Deňiz Kanalynyň demirgazyk tarapynyň dowamynda Demirgazyk Dambanyň (Sewernaýa Damba) esasyna çenli. Soňra, Demirgazyk-demirgazyk-gündogara 2 deňiz mili Newa buýuna (59°56'Demirgazyk 030°07'Gündogar) çenli. Soňra, günortada Wasilewsk adasyna çenli. Deňiz buýlary, gämi ýollary (farwaterler) we kanallar: umman (okean) gämileri Deňiz kanaly bilen geçmäge mejbur edýär. Newa derýasynyň deltasy boýunça 4 sany tebigy kanal bar. Demirgazykda kiçi gämileriň derýanyň ýalpak ýerini kesip geçip biljek kanaly bar. Kanallaryň çuňlugy 2 we 3 metr aralygynda, olar Newa Aýlagyndan (Gubasyndan) dogry Newa derýasynyň özüne alyp barýarlar, birnäçe şahalar duýduryş diňleri (signal başnýalary), maýaklary we buýlary bilen belgilenendir. Darga (Losman): Hökmandyr. Losmanlar adatça gämileri duýduryş diňleriniň üsti bilen Sankt-Peterburg portunyň “Vhod” girelgesine (60°02'Demirgazyk 029°26'Gündogar) çenli ugradýarlar we kenara düşürýärler. Erbet howa bolan ýagdaýynda gämi losmanyň gaýygynyň yzy bilen Kronştata çenli barmalydyr, ol ýerde bolsa losman ony ýerleşdirer. Radarlaryň kenar stansiýasynyň maslahatlaryny alyp bolýar. Labyr duralgasy: deňiz tarapyndan porta gelýän gämiler duýduryş minarasy “Vhod” (60°02'Demirgazyk 029°26'Gündogar) diýlen ýerde labyry taşlamalydyrlar. Çuňluk bu ýerde 20-25 metr aralygynda üýtgeýär, ol ýerde düýp hapadyr we çägesöwdir. Daşgyn-gaýtgyn derejeleri we akymlar: gaýtgyn derejesi iň uly bolanda 3.5 metr (güýzki demirgazyk-gündogar şemallary wagtynda) Gämi duralgalary: 1000. Howa we has köp öwüsýän ýeller: demirgazyk-günbatardan. Diagrammalar: BA 2395, 2264; Sov 451. Admiralteýstwonyň losmany NP20. Daşamaklygyň shemalary: SUDS (Transporty düzlemegiň ulgamy) tarapyndan VTS gözegçilikde saklanylýar.

SUDS öz içine alýar:

Dwinskaýa 18-de ýerleşýän Transporta gözegçilik postuny, тел: +7.812.114.9495, faks: +7.812.186.0669. Newa Aýlagynyň günorta kenarýakasynda, Petrodworesden 1,4 deňiz mili aralygynda ýerleşýän Transporty düzlemegiň radarlarynyň kenar awtomatik ulgamyny (BARS UDS), tel: +7.812.427.9804. “Vhod” (60°02’Demirgazyk 029°26’Gündogar) duýduryş diňiniň ýanynda ýerleşýän losmanyň “Sankt-Peterburg” korablyny. Çäklendirmeler: Içerki reýdlerde we Sankt-Peterburgyň Deňiz Kanalynda iň uly tizlik 6 km.

Süýrege alýan gämiler: elýeterli. 170 metre çenli uzynlykdaky we deňiz düýbüne çenli aralygy 8,5 metre çenli ýa-da uly bolan gämiler Tokaý Molundan (Lesnaýa Mol) Newa Aýlagyna tarap ugranynda Sankt-Peterburgyň Deňiz kanalynda süýrege alynmaly.

GÄMI DURALGALARY WE ÝÜKLER

Atlary: port 4 sany ýük bölegine bölünendir. Duralganyň umumy uzynlygy 8,4 km (7,2 kilometri ýükleri daşamak işleri üçin ulanylýar we 1,2 kilometri tehniki niýetler ýa-da işlemeýän gämileriň duralgasy hökmünde ulanylýar). Port 270 gektar meýdany eýeleýär. Uly göwrümler üçin esasy duralgalar: kynlyk bilen galdyrylýan ýükler adatça portuň üçünji meýdançasynda düşürilýär. Eger-de, gerek bolsa, birnäçe ýüzýän kranlary ulanyp bolar, olaryň biriniň kuwwatlylygy – 300 tonna, ikinjisiniňki – 90, galanlary – 15 tonnadan. Kynlyk bilen galdyrylýan ýükleriň ýüklenilişi meýdançalaryň birinjisinde-de, ikinjisinde-de geçirilip bilner. Agaçlary ýüklemek üçünji meýdançada “Tokaý materiallary bilen stidwor işleri boýunça kompaniýanyň” kömegi bilen amala aşyrylýar. Metallar: Metallar – portdaky iň möhüm ýükleriň biridir, ony düşürmek 1, 2 we 3 ýük meýdançalarynda geçirilýär. Üçünji meýdançada “Newa Metall Trans” kompaniýasy gara metallaryň ýüklenişini ýerine ýetirýär. Kompaniýanyň esasy maksady – gämileriň ýük düşüriş işini çaltlandyrmakdyr we gara metallara esasy ünsi jemlemekdir. Kompaniýanyň ygtyýarynda umumy meýdany 17000m2 bolan öz hususy ýapyk ammary bar. Tokaý materiallary bolan ýükler: sellýulozany we kagyzy saklamak we ýüklemek birinji we ikinji ýük meýdançalarynda geçirilýär. Agaç materiallaryny ýüklemek üçünji meýdançada “Tokaý materiallary bilen stidwor işleri boýunça kompaniýa” tarapyndan geçirilýär. Gury ýük: däne gös-göni wagonlara ýörite enjamlar bilen ýüklenilýär. Umman gämileri labyr duralgasynda durup bilerler, ol ýerde bolsa däne ýörite çalt hereket ediji enjamlar bilen derrew derýa gämilerine ýüklenilýär. Şeker birinji ýa-da ikinji ýük meýdançalarynda düşürilýär we gös-göni wagonlara ýüklenilýär. Dökünler birinji we ikinji meýdançalarda uly göwrümli konteýnerlerden ýa-da demirýol wagonlaryndan düşürilýär. Kömürturşy kaliý wagonlardan ýa-da gös-göni derýa gämilerinden düşürilýär. Kömüri ýüklemek üçin ýörite terminal bar. Ol 4-nji ýük meýdançasynyň çäginde ýerleşip, iki sany duralga bilen enjamlaşdyrylandyr. Örän uly açyk meýdança kömüriň dürli görnüşlerini biri-birinden aýrylykda saklamaga mümkinçilik berýär. Kömüri ýüklemek üçin transportýor ulanylýar. Onuň sygymy – 7000 tonna. Konteýnerler üçin duralgalar: konteýnerler bilen operasiýalar portuň ähli diýen ýaly meýdançalarynda geçirilip bilnerler, emma, bu maksat üçin ýöriteleşdirilen konteýner terminaly bolan 3-nji meýdança has ýerliklidir. Konteýner terminalynyň sygymy 20000 konteýner we ol her günde 300 konteýnere niýetlenilendir. Tankerler üçin duralgalar: suwuklyklar bilen: nebitiň suwuk önümleri 2-3 we 3-4 meýdançalaryň arasyndaky basseýndäki içerki labyr duralgalarynda (gös-göni ýa-da şalandanyň kömegi bilen) derýa tankerlerine öňe/yza (olara we olardan) geçirilip bilner. Saklamaklyk: Saklamaklyk öz içine mehanizirlenen haryt ammarlaryny, sowuk ammarlary (doňduryjylary) we açyk beton saraýlary alýar. Ýapyk ammarlaryň meýdany 105000m2 we açyklaryňky bolsa 940000 m2. Ýük: doňdurylan önümli ýükler birinji we ikinji meýdançalarda durýarlar we derrew demirýol wagonlaryna ýa-da guryýer ulaglaryna ýüklenilýärler. Haltalardaky ýa-da gaplanylan ýükleriň ahyrky ýerine ýeten ýüklerden başgalary beýleki ýük meýdançalarynda ýerleşýärler (treýler gämilerinde gelýän ýükleri hem hasapdan aýyrmak bilen). Leňňeri(Ballasty)/nejasatlary düşürmek: mümkindir. Howpsuzlyk: portuň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan howpsuzlyk gije-gündiziň dowamynda üpjün edilýär.

ESASYLAR

Bejergi: mümkindir.

Gämini doka goýmaklygyň mümkinçiligi: Korabllaryň remontynyň Kanoner Howlusynda (Kanonerskiý Dwor) mümkindir, ýöne olar porta degişli däldir. Bunkerler/arsenallar/suw: arassa suw elýeterli. Ýangyç guýmak: bunkerler elýeterli we baržalar ýa-da şalandalar tarapyndan kadaly getirilýär. Saglyk hyzmatlary: esasysy portda, birnäçe keselhanalar şäherde. Ulag: iň ýakyn aeroport portdan 30 kilometrde. Halkara uçuşlary Sankt-Peterburgdan. Iň ýakyn demir ýoly: Sankt-Peterburgda. Ekipažyň düzüminde üýtgeşmeler: mümkindir. Konsullar: Awstriýa, Bolgariýa, Kanada, Kuba, Çehiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Wengriýa, Hindistan, Eýran, Italiýa, Ýaponiýa, Niderlandlar, Norwegiýa, Polşa, Şwesiýa we ABŞ.

Kenarlar: döwlet we telekeçilik serhetleri elýeterlidir. Jemgyýetçilik baýramçylyklary: Täze ýyl, Halkara Aýallar güni (8-nji Nowruz), Halkara Zähmet güni (1-nji we 2-nji Magtymguly), Ýeňiş güni (9-njy Magtymguly), Konstitusiýa güni (7-nji Garaşsyzlyk), Oktýabr Rewolýusiýasy güni (7-nji we 8-nji Sanjar).

Iş sagatlary: gije-gündiziň dowamynda, 24 sagat.

Wakalar: 2001-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Newa derýasynyň ustünden ýük terminalyny täzeden gurnamaklygyň meýilleşdirilýändigi sebäpli täze köprüniň gurluşygy başlandy. Gurluşyk Fin aýlagynyň Günorta bölegindäki hyzmatlary gowulandyrmak we täzelemek maksatlary bilen başlandy. Häzirki taslamalar Bert 101-i döwrebaplaşdyrmak, Bert 106/7-de daş-töwerek gurşawyny goramak boýunça, şeýle-de hem kömürturşy kalini gaýtadan işlemek boýunça toplumyň gurluşlaryny gurmaklygy öz içine alýar. 2001-nji ýylyň Magtymguly aýynda “Birinji konteýner” (“Perwyý konteýner”) terminalynyň giňeldilmegi hem tamamlanyldy. Başga-da, Baltika Ýük Terminalynyň işläp başlaýandygyny hem habar berýärler.

Gämi bilermenleri: elýeterli. Zir-zibil: çykarmaga taýýarlanmaly. Dezinfeksiýa: mümkindir. Hapalamaklyk: kes-kelläm gadagandyr.