Mazmuna geçiň

Türkmenistanyň ''Prezidentbank'' täjirçilik banky

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Prezidentbank sahypasyndan gönükdirildi)

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň ýanwar aýynyň 31-däki №4549 belgili kararyna laýyklykda karz guramasy hasaplanýan Prezidentbank täjirçilik banky dýredildi. Bu bank özüniň täze döredilendigine garamazdan bazar gatnaşyklary şertlerinde müşderilere hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny tapmak we marketing ulgamyny ösdürmek boýunça köptaraply işleri alyp barýar. Türkmenistanyň raýatlaryna ipoteka karzlaryny bermeklik bankyň esasy ugry bolup durýar.

Ipoteka karz ulgamy döwletiň ýaşaýyş-durmuş syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysyna oňaýlylygy ýokarlandyrylan ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin zerur şertleri we mümkinçilikleri döretmek maksady bilen gozgalmaýan emläk üçin karzyň uzak möhletli (30 ýyl), pes göterimli (1% ýyllyk) bilen karz bermeklik ýola goýuldy.

Bank diňe ýaşaýyş maksatly ipoteka karz bermek bilen çäklenmän, telekeçilere Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynda we aýratyn duran guramalarynda ýerleşen iş otaglaryny, dükanlary, ammar jaýlaryny satyn almak, dünýä ülňülerine gabat gelýän we dünýä bazarynda bäsleşip biljek önümçiligi ösdürmek, ony giňeltmeklige gerek bolan ösen tehnologiýa enjamlaryny, çig mallary satyn almak, önümçilik we ilata hyzmat ediş binalaryny gurmak üçin gönükdirilýän karzlary berýär. Berlen karzlaryň esasy bölegini gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlar tutup, bu görkeziji jemi karz bukjasynda berilen karz serişdeleriň 89,4%-ne barabar boldy.

Nagt pul serişdelerini çekmeklik işjeňliginde bank howpsuzlyk şertlerini berk talap edijilik düzgüninde üpjin edýär. Ondan başga-da ilata daşary ýurt pulundaky pul geçirimlerini ugratmak we kabul etmek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Western Union ulgamynyň işi ýola goýuldy. Türkmenistanyň Prezidentbank täjirçilik banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň martyndaky N7824 belgili Türkmenistanda bir bitewi bank programma serişdelerini ornaşdyrmak we milli kartly töleg ulgamyny döretmek hakyndaky kararyny esasynda Altyn asyr töleg kartlary ulanylmaga girizildi. Tölegiň kart görnüşi pul dolanyşygyny gowulandyrmak we nagt serişdeşiniň çykdajysyny azaltmak maksady bilen bank tarapyndan bank kartlary arkaly diňe zähmet haklaryny tölemek bilen çäklenmän, olaryň kömegi bilen söwda ulgamynda, halka hyzmat edýän edaralarda geçirip boljak nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleri öwrenilýär.

Düýpli gurluşyk üçin bank häzirki wagtda maýa goýumlary goşmaça maliýeleşdirmegiň hasabyna däl-de, öz hususy we çekilen serişdeleriniň hasabyna amala aşyrýar. Bankyň maýagoýumlar maksatnamasy, bank işgärlerini ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmeklige, şeýle-de döwletimizde giň göwrümli alynyp barylýan gurluşyk maksatnamasyna esaslanyp gönükdirilendir. Bankyň öz öňünde goýan maksady: milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmak; bank önümlerini giňeltmek we hil taýdan has ýokary derejä götermek; dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak; pul serideleriniň kadaly dolanşygyny üpjün etmek; ilatyň peýdalanmaýan pul serişdelerini önümçilikde karzlaşdrma we maýa goýum hökmünde ulanmak we ilatyň banklara bolan ynamyny artyrmak. Bank tarapyndan, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýerine ýetirilen işleriniň esasy bölegi bank işjeňligini ýokarlandyrmak we täze müşderileri çekmek bilen baglanyşyklydyr.

Geljekde Ewropanyň yökary derejeli banklary bilen aragatnaşyklary ýola goýmaklygy öz öňünde tutýar. Meselem korrespondent hasaplaryny açmaklygy, SWIFT ulgamyny ornaşdyrmaklygy we şol önüm boýunça hünärmenleri taýýarlamaklygy. Mundan başgada lizing amallaryny ýola goýmaklygy meýilleşdirýär.