Pergamen

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Pergam patyşasy Ewmen II özi üçin möçberi meşhur Alleksandriýa bibliotekasyndan hiç bolmadyk biblioteka düzmegi isläpdir. Emma müsürliler öžleri üçin şeýle konkurenti ýüze çykmazlyga galşypdirler. Munuň üçin bolsa olar Müsürden Pergama papiruslaryň ekidilmegini gadagan edipdirler.

Şol sebäpli Pergamlylar patyşa Ýewmeniň pikirini durmuşa geçirmek üçin nähili-de bolsa bir hili ýazuw materialyny oýlap tapmaly bolupdyrlar. Şunda olar derini tehniki kämilleşidirmek ýoly arkaly ýazuw materialyny alypdyrlar. Bu işde täzilikçi hökmünde Krates çykyş edipdir.

Iň ýuka we nepis pergamen ýas guzynyň derisinden edilipdir. Keýigiň-jereniň derisinden edilen pergamen hem ýokary baha mymasyp bolupdyr. Ýöne pergamen ýasamaklykda köplenç goýuz, goýun göle derisi ulanylypayr. Bir deriden 2-3 pergament ýasasa bolýär.

Pergamen özüniň berkligi, çydamlylygy we amatlylygy sebäpli g.d-a we Wizantiýa ýäýradylyşy ýaly tiz g.b. Ýewropa hem aralaşypdyr. Papirus belen ýäryşda pergamen tiz üstün çykypdyr. Biziň eramyzyň IV asyrynda papyrus örän aýrek ulanylypdyr.

Rus ýazuw ýadygärlikleri üçin ilki daşary görändan geçirilen pergament ulanupdyr. Soňra ýerli pergamen ýüže çykypdyr. XI-XII asyryň elýazmalyrynyň hemmesi diýen ýaly daşardan getirilen pergamene ýazylypdyr. Ol ilki Wizantiýadan soňra Nowgorodyň üsti bilen g.b. Ýewropa ýurtlaryndan getirilipdir. Diňe XIII-XIV asyrlarda köplenç halatlarda ýerli pergamentlere duş gelýäris. Pergamendäki hatlar ilkiwagtlar “deri”, “telýatini” diýilip atlandyryplypdyr. Kagyzyň ýüžüne ýazylan iň irki dokumentler 1341-daky Semen Gordynyň doganynyň doganlar Iwan we Andreý bilen baglaşan şertnamasy, 1345-nji ýylyň töwereginde Nižegorod knýazy Wasiliý Dawydowiçiň spasek monastyryna ýazan haty görkezme bolar.

“Pergamen” ternibi Rusiýada diňe XVII asyrdan başlap ulanyrypdyr. Palimy sestler (pergamentiň ýüzündäki öňki hatlary, aýrylyp täze hatlaryň ýzaylmagy), (palin – täzeden, psao – agüräýärin).

XIV asyr Russiýada perdamen bilen kagyz arasyndaky ýaryş (göreş) bilen häsiýetlendirilipdir. Ýazuwyň şu mäçbere eýe bolmagy, skoropisiň ýüže çykmagy pergamenden kagyza geçilmegine şert döredipdir. Sebäbi pergamen örän gymmat we çalt ýazmaklygy tehniki babatda oňaýsyz bolupdyr. XVI-XVIII asyrda ýazylan elýazmalara Troise-Sergiýewe manostyryna degişli kitaby (Isaak Siriniň nesihaty, 1381 ý.).

Kagyzy ilki Hytaýda ýasapdyrlar (b.e I asyry). Biziň eramyzyň VIII asyryndan başlap Samarkanda ondan soňra Bagdada, Siriýa, Müsürde, Eýrana we beýleki ýerlere ýaýrapdyr.

XII asyrda kagyz Wizantiýa, Italiýa, Ispaniýa ýäýraýär. XIII asyrda bolsa g.b. Ýewropanyň ähli döwletlerinde öndürilipdir. XIV asyrda bolsa Russiýa aralaşýar, tä XVII asyra ahyryna, çenli daşary ýurtda ýasalan kagyz ulanylypdyr. Hususy kagyz önümçiligi XVIII asyrdan başlanypdyr.

Moskwa döwletine kagyzyň esasy bölegi g.b. Ýewropa döwletlerinden geçirilipdir. Kagyzyň beýleki bölegi g.d-dan gelipdir. (Samarkandan we Eýrandan). G.d. kagyzy Arhangelsiniň üsti bilen aralaşypdyr.

Russiýa g.b. Ýewropa kagyzlarynyň içinden ilkinji wagtlarda italýan kagyzy Nowgorod üsti bilen (XIV asyr), XV asyrda – fransuz kagyzy, XV asyryň ahyrynda names kagyzy, XVI asyrynda Polşa kagyzy, XVII asyr fransuz kasyzy bilen Gollandiýa kagyzynyň göreş asyry bolýar. Netijede Gollandiýa kagyzy fra. Kagyzy çyk we XVIII asyryň I çäreginde agalyk ediji ýagdaýa eýe bolýär.

Emma şy döwürde Pýotr I hususy kagyz önümçiligini ýola goýar we kem-kemden dolanşyga giriýär. Ýazuw materially hökmünde pergamenden we kagyzdan başgada şäherlerde Rusda we Moskwa döwletinde daş, agaç we berest (bereza gabygy) ulanylypdyr. Daşa XI-daky gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň biri-de Taman ýarym agasyndan tapylan ýazgydyr (Kerç aýlawynyň ölçegi hakynda). Agaja ýazylan hatlardan Nowgorod elmaýzlaryny görkezmek bolar. Bereza gabygyna ýazylan hatlar esasan hem d.g. rusda we Sibirde duş gelýär (XI-XV asyr). Bereza gabygy örän gydamsyz materialdyr. Ýöne yzgar ýerde köp wagtlap saklanýär. Şonuň üçin biziň günlerimize çenli berýoza gabygyna ýazylan hatlaryň 500 golaý gelip ýetipdir.

Pergamente we kagyza elýazmalar syýa bilen ýazylypdyr. Rus we g.o. slawýan rukopislerindäki syýa goňur “öwüşgin beripdir”. Ol özüniň berkligi bilen tapawutlanypdyr. Şol bilen ýazylan ýazgylar häzir hem eger örän howanyň çytlylygyň çogek täsiri ýetmedik bolsa açyk we anyk okaýar. Syýa güýşeleri ilki-ilkiler agaçdan, pylçykdan, soňra bolsa esasan hem XVI-XVII asyrda metaldan edilidpdir.

Ýazuw syýadan başga-da reňk (ylaýtada gyzyl reňk) ulanylypdyr. Kraska bilen eseriň atlary, başangyç harplar ýazylypdyr.

Tekstiň käbir ýerlerini gyzyl krasra bilen ýazmaklyk ýlaýtada g.b-da we g.d-da giň ýaýrapdyr. Owadan elýazmalary döretmek üçin käwagtlar eseriň ady we käbir harplar ýazylanda altyn we kümüş ulanylypdyr.

Eýýäm rus ýazuwynyň XI-XII asyrlarda ýadygärlikleri (1056-1057-ň, Ostromirow Ýewangeliýesi we XII asyryň başyndaky Miroslaw ýewangiliýesi) altyn harplar bilen bezelipdir.

Eger-de ýazuw materially soňky asyrlarda az üýtgän bolsa, onuň tersine ýazuw guraly şu döwürde uly ewolýusiýaly başdan geçirdi. Rus rukoposleriniň ählisi diýen ýaly elen bilen ýazylypdyr.

Gaz elegi bilen ýazmyklak tä XIX asyryň dowam etdi. Ondan soňra bolsa polat pero ulanylyp başlaýar. Polat pero Angliýada XVIII asyryň ahyryndan taýýarlanylýär eken. Ýöne ýaramaz hiliň bolanlygy sebäpli üstünlik eýe bolmadyr.

XIX asyryň 30-bji ýyllaryndan başlap metal peronyň ýasalyşy has kämilleşiriýadi we gaz elegi gyzylyp çykaryldy.

Metal perosynyň taryhy doly gözülmeri. Iňlis we names edebiýaty hersi öz peýdasyna metal perosynyň gelip çykyşyna analiz berýär.

Eýýäm gadymy Rimde bronzadan, kümüşden edilen perolar meşhur ekeni. Olar häzirki aýraty tapawutlanmaýardyrlar. Şol perolaryň aýratynlygy olar çüýpemeklige (korroziýa) dugar bolmandyrlar we ýlelikde elmydama berkliginde galypdyrlar. 1798 ýylda names alymlarynyň (Oýle) pikirçe Zenedelderi işi bilen iňlis fabrikalary tanyş bolupdyrlar.

XIX asyryň 30 ýyllarynda bolsa iňlis Mezon, Peri, Waýze peronyň oýlap tapyşy peýdalanypdyr we bu mesele nemeslerden öňe saýlanypdyrlar. 1818-nji ýylda Aahenni ýaşaýjysy Ýasen polaty, pero ýasandyr. Ol tapan täzeligini öž şaherinde geçirilýän kongrese parahatçylyk edil şol peronyň materially ýaly pyçka bolsun diýen arzuw bilen beripdir. 1856 ýylda Germaniýada her günde 700 pero we 300 puçka ýasylypdyr.

Iňlis edebiýaty bolsa metal pero 1789 ýylda birmeňzeşli Samýuel Garrison t-n oýlanyp tapylypdyr. 1803 ýylda bolsa ol perolar eýýäm Londonda 5 işleýşden başlanypdyr (2.30 köpük) diýip tassyklaýärlar. Metal perolar gaty has galam ýazmaça mümkinçilik beripdir.

XIX asyryň 30-dan başlap Russiýa daşary yurt metal perolary aralaşýär. Rus perolary bolsa has soňrak ýüze çykýär.

Gaz eleginden metal (polat) pero geçmeklik örän doamly we kem-kemden bolupdyr. Mysal üçin 1852 ýylyň, 8 Magtymguly aýynda Nikolaý Bestužew ýazan hatynda denir pero bilen hiç wagt ýäzmandygyny we ýazyp-da bilmeýändigini aýdýar.

Diňe 1880 ýyllardan metal pero okuw işinde giň ulanyp başlaýar. 1912 ýylda Britan Muzeýinda her okyja 2 pero goýulypdyr (polat pero we gaz elegi). Ikinji “geçmeşi hormalamagyň nyşany” hökmünde goýlanda bolsa elýazmalaryň käbiri ondan peýdalanypdyr.