Paraw, Balkan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Faýl:Paraw.jpg

PARAW - Balkan welaýatynyň Serdar (öňki Gyzylarbat) etrabynda oba.

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Serdar şäherinden 25 kilometr günbatarda, dagyň eteginde ýerleşýän bu oba bilen dag aralykda gadymy Paraw (käbir çeşmelerde Ferawa) diýen şäheriň galyndylary bar. Bu ýerde iki sany gümmezli gubur şu wagta çenli saklanyp galypdyr. Olardan bir kilometr çemesi uzaklykda, dagyň belent gaýasynda XI asyra degişli hasap edilýän ýer bar.

Obanyň üstüne abanyp duran daga Partaw (“par dagy”) diýilýär. Şu ýerdäki Paraw, Parawata, Parawbibi, Partaw diýen ýerleriň, şeýle-de, obanyň deňesindäki gumda gazylan Par atly gadymy guýynyň we obanyň atlaryna esas bolan “par” sözi Iranileriň par (parn) taýpasynyň adyndandyr diýlip hasap edilýär. Gadymy Iranli Parfiýa döwletiniň adynda-da parlaryň etnik ady duş gelýär.

Paraw öz döwründe adybir welaýatyň merkezi bolupdyr