Paleolit döwri

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Paleolit. Urugçylyga çenli döwür. Urugçylyk gurluşynyň döremegi.


1. Aşaky paleolitiň düşelgeleri.

2. Ortaky paleolitiň düşelgeleri.

3. Ýokarky paleolit.

4. Paleolit jemgyýetine häsiýetnama.




Orta Aziýanyň çäklerinde ilkinji adamlaryň haçan ýüze çykandygyny aýtmak kyn. Alymlaryň bir topary Orta Aziýa ýerlerinden ilkinji adamlaryň kemala gelen, ýerleriniň biri diýip netije çykarýarlar.

Ilkinji adamlar tarapyndan ulanylan daş gurallara daýanyp, alymlar adamzadyň kemala gelip başlan döwründen bäri 3-2,5 mln. ýyl töweregi wagt geçipdir diýipkesgitleýarler. Adamzadyň taryhynyň ilkinji döwürlerini esasan arheologiýa ylmynyň maglumatlaryna daýanyp öwrenýäris. Gadymyýeti öwrenýän alymlar gadym eýýamda ýaşan adamlaryň peýdalanan zähmet gurallaryny nazarda tutup, adamzadyň iň gadymy taryhyny üç döwre daş asyry, mis-daş asyry we bürünç asyry diýen böleklere bölýärler. Daş asyrynyň iň irki döwri paleolit (grekçe palaýos gadymy, latynça Litos- daş), Ýagny, gadymy daş asyry diýip atlandyrylýar. Paleolit öz gezeginde iki döwre aşaky paleolit 3-2,5 mln ýyl mundan öňden b.e.öňki 40 müň ýyllyga çenli ýokary paleolit – 40-14 müň ýýl mundan ozalky döwri öz içine alýar.

Türki paleolite degişli arheologiki tapyndylaryň ilkinjisi 1953-nji ýylda A.P. Okladnikow tarapyndan Gyrgyzystanda Naryn derýasynyň golaýynda oňa Arça derýajygynyň kenaryndan tapyldy. Ol adam tarapyndan timarlanyp ýylmanak edilen çagyl daş guralydyr. Şondan soň şeýle tipli tapyndylar Orta Aziýanyň territoriýasyndan 10-a golaý ýerden tapyldy. Şeýle çagyl daşdan bejerilen ýaraglar Günbatar Ýewropanyň çäklerinden hem tapyldy. Şol çagyl daş gurallary tipologiki taýdan analizlenende olaryň Hindistandan tapylan Soan Paleolit medeniýetine meňzeşligiň bardygy anyklanyldy. Geologiki maglumatlaryň tassyklamagyna görä çagyldaş gurallar mundan 200 müň ýyl öň peýdalanylypdyr. Maglumatlara görä şol wagtlar pilleriň gadymy görnüşi, gadymy atlar, momontlar, uzyn şahly bizonlar, nasoroglaryň dürli görnüşleri ýaşapdyrlar. Şol döwre degişli daşdan bejerilen el çapgyzlary Türkmenistanyň günbatar böleklerinden ýagny Sumbar jülgesinden (Garrygala etrabyndan) tapyldy.

Orta Aziýanyň çäklerinden ortaky Paleolit zamanasynyň degişli maddy ýadygärlikler has köp tapyldy. Bu döwür mustýer medeniýetiniň gülläp ösen döwri, ýagny, neandertallaryň ýaşan zamanasydyr. Olardan bolsa ortaky we ýokarky paleolitde adamlaryň häzirki zaman görnüşleri kemala gelipdir.

Ilki durmuş gatnaşyklarynyň taryhyndan belli boluşy ýaly adamyň ewolýusion ösüşinde birinji basgançak awstralopitenlere ikinji basgançak pitekanitroplara degişlidir neandertallar bolsa ikinji basgançagyň iň soňky wekilleridir. Olaryň süňkleri Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň köp ýerlerinden tapyldy. Pitenkantroplar maýmynyň köp alamatlaryny özünde saklapdyrlar. Pitenekatroplaryň soňraky nesli sinantroplardyr. Pitekantroplaryň beýnisiniň möçberi – 900 sm3-a , sinantronlaryňky – 1050 sm3-a, Neandertallaryňky bolsa – 1350 sm3-a barabardyr. Şeýlelikde neandertallar häzirki zaman adamlaryna has ýakyndyr.

Adamzadyň ösüşiniň üçünji basgançagy adamlaryň häzirki zaman görnüşiniň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Eýýäm giçki paleolitde ol adamlar ýeke-täk bolup olar irki we giçki paleolitiň çatyrygynda ýüze çykypdyrlar. Olaryň beýnisiniň möçberi 1400-1500 cm3 bolupdyr.

Orta paleolit zamanynda jemgyýetiň öndüriji gurallardaky özgerişlikler aşaky paleolit bilen deňeşdirende çalt ýöne gidipdir. Zähmet gurallaryny ýasamaklygyň tehnikasy kämilleşipdir, formasy üýtgäpdir, funksiýasy dürlileşipdir.

Adamlar ody diňe bir öçürmän saklamagy başarmak bilen çäklenmän, eýsem ony çakmak bilen almanyda başarypdyrlar.

Täze statistik usullar dürli regionlarda şol sanda Orta Aziýada-da ortaky daş asyryna degişli ýerli medeniýetiň bolandygyny ýüze çykardy. Hut şol eýýamda iri jemgyýetçilik birleşmeleri bolupdyr diýmeklige hem esas bar.

Mustýer zamanyna degişli ilatly punktlaryň Orta Aziýanyň düzlük we daglyk raýonlaryndan-da üsti açyldy.

Mustýer medeniýetine degişli ýadygärlikler Türkmenistanda Krasnowodskiý ýarym adasynda, Merkezi Köpetdagda, Özbegistanda- Taşkentiň we Samarkandyň golaýyndaky gowaklarda üsti açyldy. Täjigistanda günbatar darganata, Ura-Týube raýonynda, Gissar we Wahş jülgelerinde hem-de Dangary raýonynda köp sanly medeni gatlaklaryň üsti açyldy.

Dünýä ylmynda Deşik-daş gowagy ilkidurmuşyň taryhynda görnükli orun tutdy. Ol Termez şäheriniň golaýynda Baýsundagda Turgandarýa jülgesinde ýerleşýär gowakda bäş sany medeni gatlak bar. Bu ýerde neandertallar ýaşap, olar bu gowagy birnäçe gezek taşlap gidip soňra ýene-de yzyna dolanypdyrlar. Bu ýerden 3 müň golaý daşdan bejerilen ýaraglar tapylyp, olaryň 339-sy kämil derejesine ýetirilipdir. Olaryň içinde has giň ýaýranlary ýiti uçly daşdan bejerilen pyçagyň iki görnüşi hem-de Süýrugilt gazawdyr. Ýiti uçly pyçak esasan agaç, deri işlemek üçin ulanylypdyr. Deşik daşlylaryň köplenç Orta Aziýanyň daglarynda örän köp bolan Sibir dag geçisini awlap iýmitlenipdirler. Ondan başgada olar sugun, aýy, gaplaň hem-de beýleki maýda ýabany haýwanlary awlapdyrlar.

Tapylan ýadygärlikleriň içinde iň ähmiýetlisi 8-9 ýaşly mustýer çagajygynyň süňkleridir. Öňki SSSR-iň territoriýasynyň köp ýerlerinden neandertal adamlarynyň ýaşan ýerleriniň ýazylyp alynandygyna seretmezden, olaryň hiç birinden hem şeýle gymmatly tapyndy tapylmady. Deşikdaş gowagyndan tapylan tapyndylaryň toplymynyň, beýleki gowaklardan tapylan tapyndylar hem üstüni doldurýar. Şeýle tapyndylaryň biri Daşkentden 100 km-de Obirahmat diýen ýerde gowakdan tapyldy. Bu ýerden mustýer zamanynyň 30 müňe golaý önümleri tapyldy.

  Köp sanly tapyndylar Gaýrakgumda Hojent bilen Naukatyň aralygynda syrderýanyň  jülgesinden tapyldy. 

Bu tapyndylaryň ählisi mustýer zamanyna degişlidir. Günorta Täjigistandan tapylan käbir tapyndylarda Hindistandan hem-de täjigistandan günorta-gündogardaky ýurtlardan tapylan tapyndylara meňzeşlik bar. Şeýle tapyndylar jyllykal posýologynyň golaýynda Wahş jülgesinde Gara-Baradan tapyldy.

Has gadymy döwre degişli tapyndylar ilkinji gezek 1949-njy ýylda Krasnowodskiden gündogarda Aşgabatdan 39 kilometrlikde Ýaňyşa we Garataňňur stansiýalarynyň aralygynda ýüze çykaryldy. Daşdan nepis edilip ýokulan el kerçewajy alymlaryň çaklamalaryna görä mundan 300 müň ýyl öň adamlar tarapyndan bejerilipdir we peýdalanylypdyr.

1962-nji ýylda Merkezi Köpetdagda, Aşgabadyň golaýynda, Çüli çaýynyň ýokary akymynda ýerleşýän Danjasuw diýen ýerden iň gadymy adamlaryň peýdalanan zähmet gurallarynyň köp sanlysy ( kykleuslar, çopperler, gazowlar, plastinka görnüşli daş gurallary) tapyldy.

1980-1981-nji ýyllarda günorta gündogar Köpetdagda, ýagny Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgelerinde geçirilen barlaglar netijesinde b.e.öňki 300 müň ýyl oňki döwre degişli daşy iki taraplaýyn ýarylyp ýasalan uly nukleuslaryň, pyşbaga şekilli togalak gurallaryň, gazawlaryň, ujy ýiti enjamlaryň üsti açyldy. Garabogaz kölüniň günorta-gündogar kenarlarynda ýerleşýän janagyň golaýynda iň gadymy adamlaryň ussahanasynyň üsti açyldy. Ol ýerden hem dürli görnüşli nukleuslar, gazawlar, ujy ýiti, iki tarapy ýiteldilen gurallar tapyldy. Monjuklynyň golaýyndan, Uzboýyň kenarlaryndan tapylan pil süňküniň bölekleri, aýak süňkleri, syrgaly azy dişleri, Çelekenden tapylan sugunyň şahy adamzadyň iň irki durmuşy barada köp maglumatlar berdi.

Irki we ortaky paleolit zamanlarynda ilkidurmuş adamlara Türkmenistanyň köp ýerlerinde, ýagny Krasnowdsk ýarym adasynda, Jananda, Uzboý ýakalarynda, Sumbar-Çendir derýalarynda, Merkezi Köpetdagda Aşgabadyň günbatar demirgazyk tarapynda, Bathyz baýyrlyklarynda, Çarşaňnyda Bulanderýa jülgesinde, Gowurdakda Balahana dagynda ýaşapdyrlar. Şu ýerlerde iň gadymy adamlaryň peýdalanan zähmet gurallary tapyldy.

Giçki paleolit döwründe ýagny mundan 40-35 müň ýyl öň ilkidurmuş adamlarynyň durmuşynda düýpli özgerişler, ýagny adamlaryň häzirki zaman görnüşiniň kemala gelmek prosessi bolup geçipdir.

Daşdan bejerilen gurallar kämilleşipdir. Mustýer zamanyndaky 3-4 görnüşli daş gurallarynyň ornyna, köp dürli daş gurallary peýda bolupdyr. Leuka subut edilýän maglumatlar Türkmenbaşy-Aşgabat demirýolunyň 39-40-njy kilometrliginden tapyldy. Şol ýerden tapylan tapyndylar gadymy ussalar daşdan uly bolmadyk gysgyç daşlary, nepis, ýuka hem ýiti uçly deşewaçlary taýýarlapdyr. Ol gurallar agaç, öýňi kesmek, ýa-da örän inçe zergärçilik işini ýerine ýetirmek üçin amatly bolupdyrlar. Deşewaçlaryň kömegi bilen adamlar awlan haýwanlarynyň derisinden gödegräk hem bolsa ýönekeýje egin-eşik, azyk önümlerini salar ýaly hasta, meşik tikipdirler.

Ýokarky paleolitde taýpalar kemala gelip bu döwürde kämil enelik urugçylyk obşinasy dowam edip, onda enelik ugry boýunça garyndaşlyk gatnaşyklary saklanyp adamlaryň ekzogam (içki) nika toparlarynyň öňünde jemläpdir.

Giçki paleolitde adamlar daş gurallary bilen bir hatarda süňkden, haýwanlaryň şahyndan naýza meňzeş enjamlaryň uglyna geýdirilýän ýiti uçly ýaraglary, çukur gazmak üçin niýetlenen gurallary asandyrlar. Adamlaryň arasyndaky ilkinji zähmet bölünşigide giçki paleolitde ýüze çykypdyr. Erkek adamlar aw awlamak, balyk tutmak, dürli zähmet gurallaryny öndürmek bilen meşgullansa, aýallar we çagalar bolsa ýabany ösümlikleriň miwelerini toplamak, çagalary terbiýelemek bilen meşgullanypdyrlar. Jemgyýetiň ösüşiniň etabynda toparlaýyn nika gatnaşyklary dowam edip, nesil ugry boýunça kesgitlenipdir. Aýallaryň we erkekleriň arasyndaky zähmet bölünşigi jemgyýetiň öňe tarap ösmegine oňaýly täsir edipdir, zähmet öndürijiliginiň aýtmagyna, aýallaryň jemgyýetdäki rolunyň ýokarlanmagyna, umuman enelik urugynyň has-da rowaçlanmagyna getiripdir.

Oduň peýdalanylyp başlanmagy adamyň tebigatyň janly güýçlerinden ilkinji iň uly geňeşi hasaplanyp adamzadyň haýwanat dünýäsinden gutarnykly saýlanmagyna getiripdir. Ot adamlary sowukdan, wagşy haýwanlardan gorapdyr. Zähmet gurallary we ýaraglary ep-esli kämilleşdirmeklige mümkinçilik beripdir. Adamlar indi nahary aýratyn-da eti bişirip iýip başlapdyrlar. Munuň özi ilki bilen etiň organizmde oňat siňmegine mümkinçilik bermegi bilen bir wagtda adamyň kämilleşmeginde hem uly rol oýnapdyr.

Edebiýatlar


1. A. Gubaýew. Первобытные пмятники южного Туркменистана- Ашгабат.1983

2. Первобытный Туркменистан Ашг-1976

3. История древного мира М. «Прывешения» 1985

4. Б.Т. Гапуров. Таджики I книга Душенбе «Ирфон» 1989

5. Туркменистан ССР-нин тарыхы. Т.1. Ашг.1959

6. Туркменистанын тарыхы I болум. Ашгабат 1994

7. История Узбекских ССР т.1 кн 1-я Ташкент 1955