Operatiw huş

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Operatiw huş

Operatiw ýat (rus. Оперативная память). Kompýuteriň işläp durýan wagtynda maglumatlary maşynyň ýadynda saklamak üçin ulanylýan ýada operatiw ýat diýilýär. Operasiýa ýady, kompýuteriň tizligini ýokarlandyrmak, göçürilen maglumatlary tygşytlamak üçin programmalar we oýunlar bilen işlemek üçin ulanylýar. Operatiw ýadyň resmi däl halkara belgisi hökmünde käwagt iňlis sözleriniň gysgaltmasy bolan RAM (Random-access memory) aňlatmasy ulanylýar. RAM gysgaltmasy bu kompýuteriň islendik wagty öz ýadyndaky islendik maglumaty ýadyň islendik ýerinden alyp bilýändigini aňladýar. Operatiw ýat mikroshema görnüşinde ýasalyp, biri-birinden özüniň çalasynlygy, daşky görnüşi, içki gurluşy we gymmaty boýunça tapawutlanýarlar. Operatiw ýadyň mikroshemalarynyň daşky gurluşy iki dürli bolýar: DIMM we SIMM. Olar içki gurluşy boýunça DRAM we SRAM diýilýän topara bölünýärler. Bu iki toparyň tapawudy ýat mikroshemalarynyň çalasynlygynda we gymmatlygynda bildirýär. Kämilleşen we atly-abraýly personal kompýuterleriň içinde DRAM, FPM DRAM, EDO DRAM, SDRAM, DDR SDRAM, SLDRAM we birnäçe beýleki dinamiki ýadyň görnüşleri has meşhurdyr.

Daşarky çykgytlar[düzet | çeşmäni düzet]