Mazmuna geçiň

Nury Baýramow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Baýramow Nury (1933 – 1993)

Nury Baýramow 1933-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Wekilbazar etrabyndaky Mülkbükri obasynda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Oba mekdebini, Mary şäherindäki 6-njy mekdep-internatyny tamamlanyndan soňra, iki ýyl obalaryndaky mekdepde mugallymçylyk edýär. Nury Baýramowyň ilkinji goşgusy 1948-nji ýylyň tomsunda „Ýaş kommunist“ gazetinde çap edilýär. „Bagt hakynda rowaýat“ ady bilen ilkinji goşgular kitaby bolsa, 1958-nji ýylda çap bolup çykýar. 1952-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. 1957-nji ýylda talyplyk okuwynyň daşyndan „Mydam taýýar“ çagalar gazetiniň redaksiýasynda işläp başlaýar, „Pioner“ žurnalyny hem redaktirleýär. Nury Baýramow türkmen çagalar edebiýaty meýdanynda iň öndümli we yzygider işleýän awtor boldy. 1964-nji ýylda „Dänejigiň aýdymy“, 1972-nji ýylda „Meret bilen Gün“, 1979-njy ýylda „Çeşme“, 1981-nji ýylda „Adam nämeden başlanýar“, 1984-nji ýylda „Sähradaky sallançak“, 1991-nji ýylda bolsa, „Dostluk älemgoşary“ atly goşgular we poemalar kitaplary okyjylara gowuşdy. Mundan başga-da, „Maňa garaşyň“, „Meniň hazynam“, „Ýönekeý goşgular“, Ýyldan-ýyllara“ ýaly ençeme goşgular we poemalar ýygyndylarynyň hem awtorydyr. Nury Baýramowyň kyssa eserleriniň hem çagalar edebiýatymyzda mynasyp orny bar. Onuň ilkinji ýazan „Döwli guýy“ (1962) powesti türkmen çagalar prozasyna romantik öwüşgini alyp geldi. Bu hatara „Örän uzaga çeken günler“, „Durnalar“, „Sähra güli“ atly powestler hem hekaýalar kitaplaryny, türkmen zenanlarynyň durmuşyna bagyşlap döreden „Sähra ýollary“ powestler romanyny hem goşmalydyr. Ençeme ýyl „Magaryf“ neşirýatynda işlemek we oňa ýolbaşçylyk etmek bilen okuw kitaplarynyň manysynyň çuňlaşmagyna, çeperçilik derejesiniň artmagyna goşandyny goşýar. Türkmen çagalar edebiýatynyň kämilleşmegine itergi berýär. Türkmenistanyň tebigaty hakynda söýgi bilen gürrüň berýän „Mähriban tebigat“ atly okuw kitabyny ýazýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi.