Ngugi Wa Thiongo

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ngugi Wa Thiongo

Keniýaly dünýä belli ýazyjy Ngugi Wa Thiongo 1938-nji ýylda, Naýrobi şäheriniň golaýyndaky Kamiriithu obasynda dünýä indi. Geljekki ýazyjy Uganda döwletindäki Makerere Uniwersitetinde okapdyr.

1962-nji ýylda Ngugi özüniň ilkinji eserini – «Aglama, bala!» romanyny çap etdirýär. Bu eser dessine ýazyja bütindünýä şöhratlygyny getirdi. 1967-nji ýylda çykarylan «Bugdaý dänesi» romany bolsa onuň şöhratyny has berkitdi. 1977-nji ýylda «Ganly ýaprak» romanyny tamamlanyndan soň, Ngugi ABŞ göçmeli bolýar. Ýazyjy bu ýerde Ýell Uniwersitetinde, Nýu-Ýork Uniwersitetinde hem-de Irwaýnyň Kaliforniýa Uniwersitetinde mugallymçylyk edýär, emma edebi döredijilik işini hem togtatmaýar. Keniýa taryhyndan söz açýan birnäçe şygyrlar ýygyndylarynda, hekaýalarynda, pýesalarynda, «Tussaglanan. Zyndan gündeligi»(1981) atly awtobiografik powestinde Ngugi Wa Thiongo özüniň ussat, şahyrana hem realist ýazyjydygyny ýene bir gezek subut etdi. 1983-nji ýylda çap edilen «Haçlanan şeýtan» romany ýazyjynyň iň ajaýyp eserleriniň biri hasaplanylýar. Öz Watanyna küýsäp giden ýazyjy 2004-nji ýylda Keniýa dolanýar we şu wagt hem şol ýerde ýaşaýar.

Ngugi Wa Thiongonyň ady birnäçe ýyl bäri Nobel baýragyna dalaş edýän ýazyjylaryň arasyndan galman gelýär. Ony Günbatar hem Merkezi Afrikanyň iň ussat ýazyjysy hasaplaýarlar. Nguginiň eserleri köp ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda öwrenilýär. Ýazyjynyň ogly Mukoma Wa Ngugi hem ýazyjy-şahyr bolup ýetişdi.