Nemes edebiýaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Nemes edebiýaty Merkezi Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan we nemes dilinde gürleýän halklaryň edebiýatydyr. Germaniýada, Awstriýada, Şweýsariýada we bu ýurtlaryň goňşy serhetleri: Fransiýa döwletiniň Elzas-Lotaringiýa, Çehiýa Respublikasynyň Bogemiýa hem-de Polşanyň Silziýa welaýatlary ýaly sebitlerde dörän çeper eserler bu edebiýata degişli hasaplanýar.

Nemes edebiýatynyň gurluşy we häsiýeti[üýtget]

Nemes edebiýatynyň kemala gelen örüsi Ýewropanyň beýleki edebiýatlary bilen deňeşdireniňde has giňdir. Munuň sebäpleriniň biri hem, XIX asyryň başlarynda Berlin şäheriniň düýbi tutulýança nemes dilinde gürleýän halklaryň belli bir paýtagtynyň bolmandygydyr. Has dogrusy, nemes halky köp asyrlap agzalalygyň we bölünişikleriň pidasy bolupdyr. Şular ýaly agzalalyklar XVII asyrda dini uruşlarda-da, XX asyryň ortalarynda başlan Sowuk uruşda-da ýowuzlyk bilen gaýtalanypdyr. Germaniýa döwleti «Reform» atly dini hereketiň merkezi bolany üçin, 1500-nji ýyllarda protestantlyk hem şu ýurtda döräpdir. «Reform» adamyň ruhunyň azatdygyny nygtapdyr. Nemes edebiýatynyň özenini emele getirýän pelsepede ýa-da bu edebiýatyň hakykata akyl ýetirmäge ymtylyşlarynda «Reform» hereketiniň täsirleri saklanyp galypdyr.

Irki nemes edebiýaty[üýtget]

X asyrda german taýpalary demirgazyk Ýewropanyň üsti bilen häzirki Germaniýa aralaşypdyrlar. Bu taýpalar öz rowaýatlaryny we tymsallaryny nesilden-nesle geçirip gelipdirler. O döwürlerde kiliseler bilimiň hem edebiýatyň merkezi bolupdyr. Ruhanylar Injilden we hristian rowaýatlaryndan täsirlenip ýazan goşgularyny il arasynda ýaýradýardylar. «Halasgär» (820-840-njy ýyllaryň arasynda döräpdir diýip çaklanylýar) atly eposda hezreti Isa sakslaryň (gadymy nemes taýpalarynyň biri) baştutany bolup çykyş edýär. Otfrid fon Waýsenburg atly ruhany ilkinji nemes ýazyjysy hasaplanýar. Ol şygyr görnüşinde «Dört Injiliň biri» (863-871-nji ýyllar) atly uly göwrümli eser ýazypdyr. Galyberse-de, ruhanylar köne gahrymançylykly eposlary dikeltmäge we wagtyň geçmegi bilen feodal lordlaryny wasp edýän täze-täze eposlary ýazmaga girişipdirler. «Hildebrande hakda aýdym» nemes dilinde ýazylan şular ýaly gahrymançylykly eposlaryň ilkinjisi hem-de häzirki günümize gelip ýetenidir. Bu eposda ata bilen ogluň arasyndaky oňşuksyzlyk beýan edilýär. IX asyrda «Gaýduwsyz Elli Water» atly nemes eposy latyn rowaýaty bolan «Walteriuse» öwrülipdir. Sankt-Gallenli (Şweýsariýanyň kentony) ruhany Notker Labeo rimli pelsepeçi Boesiniň we gadymy grek pelsepeçisi Aristoteliň käbir eserlerini nemes diline terjime edipdir.


Birinji altyn döwür (1150-1250 ý.)[üýtget]

Eposlar nemes edebiýatynyň Birinji altyn döwrüniň esasy edebi eserleridir. Olaryň iň bir meşhury Passau şäherinde (Awstriýanyň serhet ýakasynda ýerleşýän Bawariýanyň bir şäheri) ýazylypdyr diýlip çaklanylýan 12000 setirlik, «Nibelunglar hakda aýdymlar» atly epiki poemadyr.

Rysarlar edebiýaty we Minnezang[üýtget]

Irki nemes edebiýatynda yz galdyran akymlaryň biri hem rysarlar edebiýatydyr. Rysar diýlende, ilki bilen jeňparaz keşp göz öňüne gelýär. Emma rysarlar hem döredijilik bilen meşgullanyp bilýärdiler, edebiýata we sungata düşünýärdiler. Nemes edebiýatyny öwrenijiler orta asyrlarda rysarlaryň söýgüsini, gaýduwsyzlygyny, pähim-parsatlylygyny beýan edýän nemes lirik şahyrlaryna «Minnezengler» diýip at berýärler. Olaryň aglabasy söýgini hem-de mertligiň wasp edýän fransuz trubadurlara (ozanlara) öýkünipdirler. Minnezengleriň eserlerinde, esasan, köşk zenanlaryna aşyk bolýan rysarlaryň hekaýatlary gürrüň berilýär. Iň meşhur trubadur Walter fon der Fogelwiýdedir. Bu şahyr adaty trubadurlaryň harsal goşgularynyň tersine, söýgini sada hem ýokary duýguçyllyk tewsirleýän goşgulary ýazypdyr. Walter şol döwürde Papa hökümeti bilen uzak wagtlap söweş eden Merkezi Ýewropadaky asly nemes bolan Rim imperatoryny taryplap hem goşgy ýazypdyr.

Altyn döwürleriň aralygy (1250-1750 ý.)[üýtget]

Bagban Werneriniň «Täze göçüp gelen Gelmbreht» (takmynan 1250-1280-nji ýyllarda ýazylan) eposy rysarlyk döwrüniň yzda galandygyny tassyklaýar. Şondan soň, esasan-da, öwüt-ündew, terbiýeçilik ähmiýetli basnýalar uly ähmiýete eýe bolýar. Muňa mysal hökmünde «Reýnard tilki» (1487ý.) atly satiriki eposy, Sebastýan Brantyň «Akmaklaryň gämisi» (1494ý.) atly ahlaky hem satiriki poemasyny we Till Ulenşpigeliň (1500 ý.) gülküli hekaýalaryny görkezip bolar. Nýürnbergli köwüş ussasy Gans Saks antik aýdymçylara öýkünip, ýüzlerçe aýdym hem sahna oýunlaryny ýazypdyr. «Redentiniň pashasynyň aýdymy» (1464 ý.) we «Oberammergau şäheriniň joşgunly aýdymy» (1634 ý.) ýaly dini aýdymlarda dini düşünjeler degişmeleriň üsti bilen halka ýetirilýär. Renessans (Täzeden döreýiş) bilen nemes ýazyjylary daşky gurşawy we adamyň tebigatyny öwrenmäge ymtyldylar. Şu intellektual akymy «Gumanizm» diýip atlandyrýarlar. Nemes Renessansynyň gumanizmi Ýewropanyň taryhyndaky iň wajyp täzeçillik hereketleriniň biri bolan «Reformyň» örç almagyna getirdi.

Nemes gumanizmi[üýtget]

1350-nji ýyllarda uniwersitetleriň döredilmegi bilen Bogemiýada nemes gumanizminiň düýbi tutulýar. Iogann fon Tepl (Iogan fon Salz ady bilen hem tanalýar) ilkinji nemes gumanisti hasaplanýar. Onuň «Bogemiýaly bagban» (1400 ý.) atly romany ajal bilen söhbetdeş bolýan bir bagban baradadyr. 1480-nji ýyldan 1530-njy ýyl aralygy nemes gumanizminiň pajarlan döwrüdir. Adamzat üçin täze maksatlaryň gözleginde bolmak bilen gumanistler gadymy grek taryhynyň hem pelsepesini özgertmäge girişdiler. Şonuň üçinem olar eserleriniň ählisini nemes dilinde däl-de, latyn dilinde ýazdylar. Iň meşhur nemes gumanistleri: iwrit diliniň ussady hasaplanýan Iogann Reýlin we Reformy amala aşyrmakda Martin Lýuteriň esasy kömekçileriniň biri bolan Filipp Melanhtondyr.

Reformator[üýtget]

1517-nji ýylda düýbi tutulan Reform hereketi nemes medeniýetine we durmuşyna düýpli täsir etdi. Hatda häzirki zaman nemes edebiýatynda hem onuň täsirleri azda-kände duýulýar. Reform, esasan, dini edebiýatyň ösmegine uly goşant goşdy. Reformyň öňbaşçysy Martin Lýuter Injili saksoniýa nemesçesine terjime edipdir. Lýuter 1534-nji ýylda Injili doly terjime edip tamamlaýar. Onuň bu terjimesi hem nemes edebiýatynda uly edebi çekeleşme turuzýar. Injiliň patyşa Jeýms nusgasy iňlis ýazyjylaryna nähili täsir eden bolsa, Lýuteriň nemes diline terjime eden Injili hem nemes ýazylaryna uly täsir etdi. Şu terjimesinden başga-da Lýuter birnäçe dini hem syýasy makalalar ýazypdyr.

Barokko döwründe nemes edebiýaty[üýtget]

Barokko Ýewropada XVI-XVIII asyrlar aralygynda ýaýran sungatyň bir görnüşidir. XVII asyrda nemes edebiýaty mowzuk hem galyp babatda öz ýoluny tapman kösenýär. Bu babatda Barokko döwrüniň nemes edebiýatçylary uly işler bitirýärler. Olar hakyky çeper eseriň döremegi, nemes diliniň edebi diliň ölçeglerine gabat gelmegi, beýleki halklaryň edebiýatyna öýkünmezden hakyky milli ruhly eserleriň ýüze çykmagy üçin uly zähmet çekýärler. Barokko döwrüniň goşgulary ynanjyň we çäresizligiň, materializmiň we ylahylygyň, ýagşylygyň we ýamanlygyň arasynda mäki ýasaýar. Andreas Grifius Barokko döwrüniň iň beýik lirik şahyry hasaplanýar. Nemes edebiýatynda çeperçilik hem mazmun taýdan iň kämil dini goşgular hem şol döwürde ýazylypdyr. Gans Ýakob Kristoffel fon Grimmelsgauzeniň «Simplisissimus» (1668 ý.) atly eseri janly we juda ynandyryjy dilde ýazylan romandyr. Bu roman nemes ilatynyň üçden biriniň ömür tanapyny kesen «Otuz ýyllyk uruş» (1618-1648 ý.) baradadyr. Romanyň gahrymany Simplisissimus ilki başda gögeledir, ýöne gowgaly durmuş onuň ruhuny taplaýar. Soňunda bolsa, baş gahryman dünýäniň eşretlerinden el üzýär-de, ruhany bolup ýaşaberýär.

Ikinji altyn döwür (1750-1830 ý.)[üýtget]

XVIII asyryň ahyry bilen XIX asyryň başlaryny öz içine alýan döwür nemeslerde «Alymlaryň zamanasy» hasaplanýar. Bolfgang Amadeý Mosart we Lýudwig wan Bethowen ýaly kompozitorlar, Immanuel Kant we Georg Wilgelm Fridrih Gegel ýaly pelsepeçiler nemes sungatyna bimöçber goşant goşýarlar. Ýewropaly beýleki ýazyjylardan tapawutlylykda, nemes ýazyjylary sungaty bilime eltýän ýol saýýardylar. Beýik dramaturg Fridrih Şiller «Adamyň estetikasynyň okuwy» (1795 ý.) atly hatlarynda sungatyň adamy we jemgyýeti özgerdýändigini nygtady. Immanuel Kant hem özüniň «Derňewiň seljerilmesi» (1790 ý.) atly eserinde bu pikiri doly goldaýar.

Täzeden ösüş döwri[üýtget]

Bu döwürde nemes ýazyjylary «Hakykata barmagyň iň ygtybarly ýoly sebäpleri çuňňur öwrenmekdir» diýen garaýşa gulluk edipdirler. Bu garaýşyň ömri Germaniýada, Fransiýa bilen Anlgliýa garanyňda, has gysga boldy (XVIII ortalaryna çenli). Sowatly reformaçylaryň emele getiren edebi ruhy nemes edebiýatynyň milli öwüşginini ýiteldip, ony fransuzlaryň täsirinden hem doly saplady. Germaniýanyň ady belli edebiýat tankytçylarynyň ilkinjisi Gothold Efraim Lessing XVIII asyryň ahyrlarynda çalt depginde ösüp başlan nemes milli edebiýatynyň düýbüni tutujylaryň biridir. Lessing owal-başdan antik grek hem rim nusgawy edebiýatlaryna öýkünýän fransuz neoklasizm akymyny inkär etdi. Ol bu akyma yňdarylmagyň ýerine, iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň sahna oýunlaryny nusga edinip, mill sahna oýunlaryny ýazdy. «Paýhasly Natan» (1779 ý.) onuň iň belli sahna eseridir.

Nemes romantizminiň öňüsyrasy[üýtget]

Fridrih Şiller we Iogann Wolfgang Gýote şu akymyň esasy iki dramaturgydyr. Şilleriň ilkinji romany «Talaňçy» (1781 ý.) iki doganyň başdan geçiren wakalaryny gürrüň berýär. Şilleriň özüniň ähli romanlarynda jemgyýeti ezýän kanunlary, zulumlary we syýasy göýdükligi ýazgarýar. «Söýgi we höwes» (1784 ý.), «Don Karlos» (1787 ý.) ýaly romanlary hem şu mowzukda ýazylandyr. Gýotanyň ilkinji gussaly romany «Aşyk Werteriň hasratlary» bütin Ýewropany lerzana getirdi. Roman, esasan, Werteriň bir aýala ýazan gussaly söýgi hatlaryndan durýar. Şu akymyň pelsepewi ylham çeşmesi, Gýotanyň halypasy meşhur pelsepeçi hem taryhçy Iogann Gotfrid Gerderdir. Gerder nemes ýazyjylaryny gadymy grek tragediýalaryna öýkünýän fransuz neoklasistleriniň täsirinden çykarmaga çalyşdy. Şekspir onuň üçin tebigatyň kanunlaryna düşünýän alymdy. Gerder dünýäniň dürli halklarynyň şygyrlaryny jemläp, nemes diline terjime edipdir we her halkyň öz milli gözelliginiň bardygyny subut edipdir.

Nemes klassisizmi[üýtget]

Gýote, Şiller we Germaniýanyň iň beýik lirik şahyry Iogann Hristian Fridrih Gýolderlin nemes klassisizminiň kerwenbaşylarydyr. Gýotäniň «Wilgelm Meýsteriň şägirtleri» (1795-1796 ý.) romanynda Wilgelm atly bir artistiň dünýä akyl ýetirmek ugrundaky çeken mähnetleri gürrüň berilýär. Wilgelm özüni tanajak bolýar, adamyň bütin adamzadyň öňünde nähili borçlarynyň bardygyny anyklajak bolýar. Şiller nemes edebiýatynyň «Şekspiri» hasaplanýar. Ol özüniň sahna eserleri bilen nemes klassisizimine uly goşant goşdy. Şilleriň sahna eserlerinden pelsepe, taryh we edebiýat eriş-argaç bolup geçýär. Onuň iň meşhur taryhy sahna eserleri şulardyr: şotland patyşasy Meri bilen şotland şa gyzy barada «Meri Sýuart» (1800 ý.) we fransuz gahrymany Žanna Darkyň ajy ykbalyny gürrüň berýän «Orleanly gyz» (1801 ý.). Gýolderliniň goşgularynyň inçeligi pelsepäniň çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýar. «Çörek we şerap» (1800 ý.) we «Patmos» (1802 ý.) ýaly elegiýalarynda we mynajatlarynda ol gadymy grek edebi tärlerini ulanypdyr.

Romantizm[üýtget]

Romantizm nemes edebiýatyna 1790-njy ýyllaryň ahyrlarynda aralaşyp başlaýar. Romantikler hyýalbentligi hem-de güýçli duýgulary ulanyp, edebi beýan edişiň has erkin görnüşlerine çemeleşdiler. Fridrih fon Gardenbergi (edebi lakamy «Nowalis») nemes romantikleriniň iň bellisi hasaplasa bolar. Nowalis öz şägirdi Fridrih Şlegel bilen birlikde ynsana mahsus bolan hyýaly dünýäniň çägini kesgitlemäge çalyşdy. «Gijä bagyşlanan namalar» (1800 ý.) atly goşgular çemeninde şahyr garaňky gijäni bakylyk gapysynyň bosagasy bolan ölüme meňzedýär. Şu döwrüň nemes ýazyjylarynyň köpüsi romantiki, liriki goşgular ýazdylar. Nowalisden soň, romantik şahyrlaryň iň bir adygany Iozef Karl Benedikt baron fon Eýhendorfdyr. Onuň goşgulary göräýmäge juda sada ýaly, emma üns bilen okanyňda, olar giden ummandyr. Nemes romantizminiň esasy aýratynlygy hem ýazyjylaryň ählisinde-de juda köp gabat gelýän milletçilikdir. XIX asyryň başlarynda Ýakob Grimm bilen Wilgelm Grimm tarapyndan ýazga geçirilen nemes rowaýatlary diňe bir nemes milletçiligini däl-de, şol bir wagtyň özünde, romantikleriň rowaýatlardyr halk döredijilikleri bilen hem gyzyklanýandyklaryny görkezdi. Bu iki doganlar nemes edebiýatynyň taryhynda ilkinji lingwist alymlar hökmünde galýar. XIX asyryň başlarynda nemes ýazarlary döredijilige şeýle bir erkin çemeleşipdirler welin, olary belli bir toparlara bölmegem hyllalladyr. Şu zeýilli ýazyjylaryň arasynda Gýote, Genrih fon Kleýst we Georg Býuhner dagy bar. 1808-nji ýylda Gýote özüniň dünýä belli «Faust» eseriniň birinji bölümini, ikinji bölümini bolsa, 1832-nji ýylda tamamlaýar. «Faustyň» özeninde XVI asyrda il arasynda ýoň bolan, jadygöýlikde şeýtany halypa tutunyp, oňa öz erkine aldyran bir dindar hakdaky rowaýat ýatýar. Gýotede nemes milletçiligi ýokary derejede ösdirilen hem bolsa, ömrüniň soňky ýyllarynda ol Aziýa edebiýatyna ýüzüni öwrüpdir. Hytaý romanlaryny gowy görüp okapdyr, pars şahyry Hafyzyň goşgularyna öýkünip, ençeme şygyrlar ýazypdyr.

Realizm[üýtget]

Ýewropanyň beýleki ýerlerinde realizm, esasanam, şäher halkynyň durmuşyna gönükdirilendi. Nemes realizmi bolsa, öz çägini giňden tutup, öri meýdanlarda, çetki obalarda ýaşaýan adamlaryň durmuşyna çenli syrygypdyr. Belli realist ýazyjy Adalbert Ştifter «Gadymy golýazma» (1857 ý.) atly romanynda alym bolmagy arzuw edýän ýigidiň başdan geçirmelerini gürrüň berýär.

1890-1945-nji ýyllar aralygyndaky nemes edebiýaty[üýtget]

Naturalizm[üýtget]

1890-njy ýyllardan soň, realizm akymy sosial adalatsyzlygy, emeldarlaryň urdumşalygyny, şäher merkezleriniň daşynda ýaşaýanlaryň agyr durmuşyny we nesil yzarlaýan käbir zatlaryň adamyň kämilligine ýetirýän oňyn täsirlerini mowzuk edinýän naturalizme öz ornuny berýär. Gerhart Gauptmanyň «Dokmaçylar» (1893 ý.) romany şu döwürde ýazylan iň beýik, naturalist sahna eseridir.

Impressionizm, neoromantizm, simwolizm[üýtget]

Impressionizm, neoromantizm (täze romantizm) we simwolizm, esasan, suratkeşlik sungatynda has ýaýbaňlanan adalgalar bolsa-da, olar çeper eserlere dürli öwüşgin bermekde hem ulanylypdyr. Impressionistler bir zady bolşy ýaly suratlandyrmagyň ýerine, onuň ynsanda oýarýan duýgularyny öwrenýärler. Neoromantikler adamyň duýgularyny hem-de hyjuwlaryny wasp eden romantiki akymy täzeden oýardylar. Simwolistler bolsa, realizmi ret edip, hakykaty logiki pikirlenme esasynda ýüze çykaryp bolmajakdygyny, onuň diňe nyşanlar arkaly halka ýetirilýändigini nygtadylar. Bu döwürde akymlar baş-başdyklyk edeni üçin, ýazyjylaryň pikirlerini biri-birinden tapawutlandyrmak juda kyndyr. Gugo fon Gofmanstal we Raýner Mariýa Rilke, şygyrlarynyň ruhy howasy zerarly, impressionist hasaplanýar. Üstesine, Gofmanstal neoromantikdir. Sebäbi ol naturalizme garşy çykýar. Gofmanstal, esasanam, dünýä belli nemes kompozitory Rihard Ştrausyň «Bägülleriň kawalerasy» (1911 ý.) atly operasy üçin ýazan librettolary bilen meşhurlyk gazanýar. Tomas Mannyň romanlary giň möçberli tärlere hem mowzuklara baýdyr. Jemgyýetçilik mowzukdaky ilkinji romany «Buddenbroklar» (1901 ý.) söwdagär maşgalanyň durmuşyny gürrüň berýäni üçin, başdan-aýak realistik eserdir. Mannyň «Jadyly dag» (1924 ý.) romany hasam pelsepewidir. Bu romanyny ol impressionist hem-de simwolist ýazyjy hökmünde ýazypdyr. Romanda inçekesellileri sagaldyş merkezindäki hassalar, XX asyryň başlaryndaky Ýewropa halklarynyň syýasy «bolsadylary» bilen olaryň özlerini alyp baryşlarynyň çapraz gelýändiginiň simwoliki meňzetmeleridir. Artur Şnisler Wenada ýazan impressionist sahna eserlerinde we «Düýş hekaýaty» (1926 ý.) ýaly romanlarynda jynsy gabanjaňlygyny öňe sürýär. Ol adama mahsus bolan duýgularyň tebigatyny açmaga synanyşýar.

Ekspressionizm[üýtget]

Ekspressionizm sungatyň ähli ugurlarynyň gözbaşy hasaplanýar. Ekspressionist ýazyjy öz içki dünýäsini sözüň üsti bilen adamzada açyp görkezýär. Ol öz duýgularyny has aýdyň beýan etmek üçin, adaty edebi tärleri inkär edýär we hakykaty öz görşi ýaly düşündirýär. Ekspressionizm Birinji Jahan urşuna (1914-1918 ý.) garşy çykmak netijesinde ýüze çykan akymdyr. Bu akymyň wekilleri ählumumy jemgyýetçilik we syýasy gurluşlaryň dagamagy netijesinde möwç alan bulaşyklyga (haosa) garşy göreşipdir. Frans Kafkany ekspressionist ýazyjylaryň iň beýigi hasaplasa bolar. Onuň gahrymanlary hyýalbent, ruhy taýdan jebir çekýän adamlar. Manysyz, absurd dünýäsi hem geň-taň gahrymanlary bilen Kafka edebiýat taryhynda uly yz goýdy. Onuň ady-sory eşidilmedik bir kazyýet tarapyndan tussag edilýän adam hakynda gürrüň berýän «Proses» (1925 ý.) romany dünýä edebiýatynyň taryhyna ägirt uly täsir ýetirdi. Bertolt Breht ekspressionist dramaturglarynyň iň beýigidir. Otuz ýyllyk uruşlaryň taryhy wakalary esasynda ýazan «Gaýduwsyz ene we onuň çagalary» atly pýesasy onuň iň meşhur eseridir.

Nasizm döwrüniň edebiýaty[üýtget]

1933-nji ýylda Germaniýada Adolf Gitleriň Nasizm (nasional-sosializm) partiýasy häkimiýeti ele alýar. Nasistler uzak eglemän, «ahlaksyz hem syýasata garşy» diýen günäler ýöňkäp, ekspressionistleri gözenegiň aňyrsyna taşlap başlaýarlar. Olar Berliniň kitaphanasynyň agzynda ekspressionistleriň kitaplaryny halka göz edip ýakýarlar. Gitleriň «Üçünji reýhliginde» (1933-1945 ý; nasistler Germaniýany şeýle diýip atlandyrýardylar) diňe nasist düşünjesini wagyz edýän kitaplar neşir edilýärdi. Şonuň üçinem bu döwürde edebi eserler juda az ýazyldy. Leo Waýsgerber nasistleriň arşa göteren ýazyjysydyr. Tomas Mann, Genrih Mann, Bertold Breht we Stefan Zwaýg ýaly beýik ýazyjylar göçüp gidýärler. Olar göçen ýerlerinde-de öz eserlerini nemes dilinde ýazýarlar. Ýurtda galan ýazyjylar bolsa, ele düşüp, jeza beriş lagerlerine sürgün edilýär.

Uruşdan soňky nemes edebiýaty (1945-1990 ý.)[üýtget]

Ikinji Jahan urşundan soň (1939-1945 ý.), nemes edebiýaty uruş zerarly ýer bilen ýegsan bolan Germaniýanyň sussupes, ruhy taýdan şikesli halkynyň durmuşy bilen gyzyklanyp başlady. Uruşdan soň, Germaniýa ikä – SSSR tarapyndan gözegçilik edilýän Gündogar Germaniýa we Amerikanyň ýoluny tutýan Günbatar Germaniýa bölünýär. Bu döwrüň iň meşhur nemes ýazyjylary Henrih Teodor Böll bilen Günter Grassdyr. Böllüň «Suratda aýal hem bardy» (1971ý.) we «Katerina Blumyň basgylanan mertebesi» (1974 ý.) ýaly romanlarynda halkyň arasynda abraýdan gaçan aýallaryň ykballary dogrusynda gürrüň açylýar. Uruşdan soňky nemes edebiýaty nasizmiň eden-etdiligini ýazgardy. Tomas Mann «Faust» baradaky rowaýat esasynda «Faustus Hekim» (1947 ý.) romanyny ýazdy. Romanda bir kompozitor sungatyň hatyrasyna söýgi hem ahlak ýörelgelerini büs-bütin inkär edilýär. Mann özüniň eserlerinde nasistleriň ýüze çykmagynda nemes edebiýatynyň taryhynyň günäkärdigini düşündirmäge çalyşdy. Karl Sukmaýeriň «Şeýtanyň serkerdesi» (1946ý.) atly pýesasynda nasist häkimiýeti tarapyndan jezalandyrylan nemes serkerdesi Ernes Udetiň durmuşy sahnalaşdyrylýar. Gündogar Germaniýanyň edebiýaty Günbatar Germaniýanyňkydan bütinleý tapawutlanýardy. Gündogar Germaniýanyň ýazyjylary sosialist garaýşa eýediler we olar Günbatar Germaniýanyň edebiýatyny tankytlaýardylar. Krista Wolfuň «Kassandra» romany (1983 ý.) uruşdan halys ýadan bir şäheri Gündogar Germaniýa meňzedip, Troýanyň basylyp alnyşyny täzeden gürrüň berýär.

Häzirki zaman nemes edebiýaty[üýtget]

1990-njy ýylda Gündogar bilen Günbatar Germaniýa gaýtadan birleşdi. Bir bitewi döwlet bolanlaryndan soň, Wolfgang Hilbig, Erih Lýost, Monika Maron we Krista Wolf ýaly Gündogar nemes ýazyjylary terjimehallar, romanlar we oçerkler ýazmaga girişdiler. Olaryň eserlerinde, esasan geçmişiň gowgaly günleri ýatlanylýar. Rumyniýanyň nemes dilinde gürleýän azlyk halkynyň wekili bolan Gerta Mýuller «Ýaşyl erikleriň ýurdy» (1994 ý.) we «Bellenen wagt» (1997 ý.) ýaly romanlarynda kommunist häkimiýetiň gol astynda ýaşaýanlaryň durmuşyny gürrüň berýär. «Tango tansçysy» (1989 ý.) we «Willenbrok» (2000 ý.) romanlarynda Kristof Heýn gorky bilen ýaşaýan adaty adamlaryň durmuşyny açyp görkezýär.

Çeşme[üýtget]

"Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy. Awtor - Eziz Akaýew