Muhammet al-Idrisi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Abu Abdyllah Muhammet ibn Muhammet aş-Şerif al-Idrisi (1100-65) - arap geografy we syýahatçysy.

Ömri[üýtget]

Ol Seutda (Ispaniýada) doglyp, Kordowada okapdyr. Portugaliýa, Fransiýa, Angliýa, Kiçi Aziýa syýahat edip gelensoň, 1138 ýylynda Palermo göçüp, Sisiliýa koroly Rožer II-niň (1130-54) köşgünde bolupdyr. Onyň tabşyrygy bilen geografiýa boýunça iş ýazypdyr. Ol ömrüniň ahyrynda Seuta gaýdyp gelip, şol ýerde aradan çykypdyr.

Eden işleri we Eserleri[üýtget]

Awtor taryhy geografiýa we taryh boýunça gymmatly çeşme bolan "Welaýatlara syýahat edip ireniň güýmenjesi" ("Nuzhat al-muştak fi-htirak al-afak") diýen eser ýazypdyr. Ol eser Ýewropanyň, Afrikanyň we Aziýanyň käbir halklary barada gyzykly maglumatlar berýär. Awtor ýer ýüzüni 7 yklyma, her bir yklymy 10 bölege bölüp, her bir bölegiň kartasyny taýýarlapdyr. Onuň işiniň Afrika, Pireneý ýarym adasyna, Sisiliýa, Italiýa, Fransiýa, Şotlandiýa, Irlandiýa, Germaniýanyň welaýatlaryna, Balkan ýarym adasyna bagyşlap ýazylan bölegi has gymmatlydyr. Ol Aziýa baradaky materiallaryny ýazanda, özünden öňki alymlaryň işlerinden peýdalanypdyr. Onuň II ýygyndysy "Seýil-sapa bagy" ("Raud al-üns ba nuzhat an-nafs") bolup, ondan diňe käbir bölekler saklanyp galypdyr.