Muhammet Hatemi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Muhammet Hatemi.

Hüjet-ül-yslam Seýit Muhammet Hatemi Eýranyň ylamalar guramasynyň özgerdişleriň tarapdarlary ganaty we prezident Rafsanjanynyň öňe süren kandidatydy. Hatemi Yspyhan uniwersitetiniň filosofiýa bölüminiň diplomyny alyp, Yspyhan medresesinde ýokary dini okuwyny dowam etdirdi. Ol Tähran uniwersitetinde filosofiýa ugrundan aspiranturada hem okady. 1978-nji ýylda Germaniýanyň Gamburg şäherine gidip, ol ýerdäki yslam merkeziniň başyna geçdi.

1979-njy ýylda Eýran Yslam ynkylabyndan soň halk wekilligine saýlanan Hatemi 1980-nji ýylda Homeýni tarapyndan “Keýhan” metbugat torapynyň başlyklygyna bellenildi. 1982-nji ýylda Yslam wagyz-nesihat we medeniýet ministrligine bellenen Hatemi 1983-nji ýylda köneçilleriň medeniýet meselesi babatda “biçak aramçyl” hökmünde zor salmaklary netijesinde ol wezipesinden yza çekilmäge mejbur boldy.

Hatemi Rafsanjany tarapyndan geňeşçilige we Milli kitaphananyň başlygyna çekildi. Bulardan daşary Homeýini tarapyndan 1996-njy ýylda Medeni ynkylabyň ýokary guramasynyň agzalygyna geçirildi.

Hateminiň daşary ýurtlara ilkinji resmi sapary goňşy Türkmenistana boldy. Ol 1997-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bilen bilelikde Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisiniň açylmagyna gatnaşdy.

90-njy ýyllaryň ilkinji ýarymynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygy has-da pugtalandy. Eýranyň gatnaşmagynda Maryda agyz suwy zawody guruldy. Balkanabatdan Eýranyň Alyabat şäherine çenli ýokary kuwwatly elektrik geçirijiniň gurluşygy alnyp baryldy. Eýran Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň durkyny täzelemäge ýakyndan kömek berdi. 2000-nji ýylyň dekabrynda Artykdan Eýranyň Lýutfabat obasyna çenli täze gaz geçiriji açyldy.

Iki goňşy ýurduň hoşniýetli gatnaşyklarynyň dikeldilmeginde Merhemetli Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hem-de Eýranyň prezidentleri Haşemi Rafsanjanynyň we Muhammet Hataminiň şahsy goşantlary uludyr.

Eýran sebitde parahatçylygy pugtalandyrmagyň tarapdarydyr. Ol EKO we Hazarýaka döwletlerine işjeň hyzmatdaşlygy teklip edýär. Ol Owganystandaky dawanyň gepleşikler arkaly çözülmelidigine ynanýar. Hateminiň 2000-nji ýylyň dekabrynda Ýaponiýa iş sapary onuň daşary dünýä bilen işjeň gatnaşyklarynyň giňelýändiginiň şaýadydyr.

M.Hateminiň prezident saýlanmagy.

1997-nji ýylyň maýynda EYR-da 7-nji gezek prezident saýlawlary geçirildi. Onda 4 sany adam bäsleşdi. 33 mln. saýlawçynyň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda aram kandidat Hatemi sesleriň 70% prosentine golaýyny alyp, ýeňiş gazandy.