Milli Goşun Türkmenistan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

«Milli goşun» web-saýty Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan ýöredilýär. Ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň amala aşyrýan gündelik işleriniň internet torundaky elektron şöhlelenmesidir.

Bu saýty peýdalanyjylaryň Türkmenistanyň ykbalyndaky gündelik möhüm täzelikler, jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly maglumatlar bilen gyzgyny bilen tanyşmaklaryna mümkinçilik döredýän maglumat çeşmesidir.

Web-saýt türkmen halkynyň taryhda gahrymançylykly ömür we söweş ýollary, häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeler baradaky maglumatlaryň ençemesi bilen ýakyndan tanyşdyrmak mümkinçiligine hem eýedir.

«Milli goşun» žurnalynyň internet torunda adybir web-saýty türkmen we rus dillerinde berilýän harby-taryhy, jemgyýetçilik-syýasy makalalar peýdalanyjylaryň döredijilik isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. «Milli goşun» web-saýty birnäçe bölümlerden ybarat bolup, her bir bölümiň öz göz öňüne tutýan wezipeleri bardyr.

«Habarlar», «Harby hukuk», «Harby sport», «Harby bilim», «Harby taryh», «Harby durmuş», «Kitaphana», «Merdana nesiller», «Sorag – jogap», «Giriş synaglary» bölümleriň her biriniň atlandyrylyşyna laýyklykda ugurlar boýunça ýazmaça we wideo maglumat gory bardyr.

«Milli goşun» web-saýtynyň «Harby hukuk» bölüminde Türkmenistanda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň kanuny esaslaryna salgylanýan harby hukuk maglumatlary bilen tanyşmaga-da giň mümkinçilik bar.

Aziada — 2017-ä barylýan günleriniň her sekundynyň hasabaty ýöredilýän döwründe «Milli goşun» web-saýtynda iň täze sport täzelikleri bilen «Harby sport» bölüminde tanyşyp bolar.

«Merdana nesiller» bölüminde harby gullukçylar tarapyndan taýýarlanylýan we Türkmenistanyň teleýaýlymlarynda goýberilýän harby telegepleşikleri teleýaýlymda görüp ýetişmedik ýa-da gaýtadan göresiň gelýän telegepleşiklerine tomaşa etmek mümkinçiligi bar.

«Sorag – jogap» bölümi web-saýtyň ulanyjylaryna harby gulluk bilen bagly we harby durmuşa degişli yzygiderli ýüze çykýan soraglaryna kanunalaýyk jogap berýär. Bu bölümde hem dürli ýaşdaky raýatlar we harby gulluga çagyryşa degişli ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan harby gulluk bilen bagly soraglara kanagatlanarly jogap taparlar.

«Kitaphana» bölüminde türkmen taryhynyň harby maglumatlarynyň çeşmeleri bolan türkmençe eserleri okap bolýar.

«Giriş synaglary» bölümi Türkmenistanyň metbugat we tele-radioýaýlymlarynyň resmi bildirişlerine garaşmazdan, ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde orta bilim almaga isleg bildirýän, harby hünär ugry boýunça bilim alasy gelýän ýaşlaryň ýokary harby okuw mekdepleriniň giriş synaglary baradaky gyzyklanmalaryna jogap tapyp bilýändikleri üçin has hem ähmiýetlidir.

Şeýle mümkinçiliklere eýe bolmagy bilen «Milli goşun» web-saýty dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan, işleýän, bilim alýan ýaşlaryň, şonuň ýaly-da daşary ýurt döwletlerinde ýaşaýan we işleýän türkmenistanlylaryň gyzyklanmalaryny kanagatlandyryp biler.

Links[düzet | çeşmäni düzet]

web-saýty