Mihail Zoşenko

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Mikhail zoschenko.gif

Mihail Zoşenko

(1895-1958)

Russiýanyň meşhur satirik ýazyjysy Mihail Mihaýlowiç Zoşenko 1895-nji ýylda, suratkeşiň maşgalasynda dünýä inipdir. 1913-nji ýylda Mihail gimnaziýany tamamlapdyr, soňra Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersitetiniň hukuk hünärinde bir ýyl okapdyr. Birinji Jahan urşuna, 1917-nji ýylyň raýatlyk urşuna gatnaşypdyr. 1919-njy ýylda harby gullukdan boşap, 1920-1922-nji ýyllar aralygynda dürli kärleri çalyşýar, hatda milisiýa işgäri we aýakgap ussasy bolup hem işleýär, üstesine-de Korneý Çukowskiýniň alyp barýan edebi sapaklaryna gatnaşýar. 1922-nji ýylda Zoşenko ilkinji eserini çap etdirýär. Ýazyjy W.Kawerin, W.Şklowskiý, K.Fedin, N.Tihonow, Wsewolod Iwanow ýaly ýaş kyssaçylar bilen bilelikde «Serapionyň doganlary» atly edebi birleşigi esaslandyrýar.

Bu döwür ýazyjy özüniň gülküli hem satiriki hekaýalaryny döredýär. Zoşenko hekaýalarynyň özeninde adatdan daşary üýtgeşik waka goýup, ony halky dilde, dürli şiwe sözleri ulanyp, eseriň ýeňil okalmagyny hem-de gülkünç bolmagyny, şol bir wagtda-da çuňňur oýlandyrmagyny gazanýar. Onuň «Asylzada gyz», «Söýgi», «Adamyň göwnüne degdiler», «Jenap Sinebrýuhow Nazar Ilýiçiň hekaýalary», «Limonad», «Elhenç tümlük» ýaly onlarça hekaýalary bu žanryň nusgawy eserleri hasaplanylýar. 1930-nji ýyllarda Zoşenko aglaba iri eserleriň üstünde işleýär. «Mişel Sinýagin» (1930), «Yzyna gaýtarylan ýaşlyk» (1933), «Taras Şewçenko» (1939) powestleri, «Gök kitap» (1934—1935) nowellalar ýygyndysy kämil ýazyjynyň döredijiliginde täze tapgyryň başlanandygyny mälim etdi. Bu eserlerinde Zoşenko has dünýewi, pelsepewi meselelere ýüzlenipdir. 1943-nji ýylda, adynyň has arşa göterilen döwri Zoşenko «Günüň dogmagyndan ozal» atly esse-powestini çap etdirip başlaýar. Ýazyjynyň bu eserleri ol döwrüň ideologik talabyna gulluk edýän eserleriniň arasynda diýseň tapawutlanýardy. 1946-njy ýylda Zoşenkonyň döredijiligini zabun tankytlaýan karar kabul edilýär. Onuň eserlerini çap edýän «Leningrad» žurnaly ýapylýar, «Zwezda» žurnalyna bolsa Zoşenkonyň eserlerini çap etmek gadagan edilýär. Ýazyjyny ajy tankytlaýan birnäçe makalalar çap edileninden soň, ony Ýazyjylar birleşiginden çykarýarlar.

Ýazyjynyň durmuş ýagdaýy agyrlaşýar. Ol esasan hem terjimeçilik bilen, käwagtlar hem köwüş ussasy bolup gazanç edýär. Terjime eden eserlerinde hem terjimeçiniň ady görkezilmeýär.

Mihail Zoşenko 1958-nji ýylda, Leningradda dünýeden ötdi. Onuň 1943-nji ýylda çap edilip başlanan «Günüň dogmagyndan ozal» powesti ilkinji gezek diňe 30 ýyl öteninden soň, 1973-nji ýylda ABŞ-da dolulygyna çap edildi.