Mgingo

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Afrika materiginde ýerleşýän Wiktoria kölünde bolan bir ada.

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Adanyň tutýan meýdany bir futbol meýdançasynyň ýarysyna barabar bolup bu taýda 131 sany adam ýaşaýandyr. Bu ada resmi taýdan yglan edilmedik kiçijik döwlet hasaplanýar. Olaryň öz senaty, kanun çykaryjy organ we yglan ediji organy, öz kada-kanunlaryna eýedirler. Adada- halk tarapyndan 5 ýyldan saýlanýan 2 baş senat tarapyndan iş ýöredilýär. Ol ýere iki sany balykçy Dalmas Tembo we Djore Kibebe 1991-ýylda ada ýaşamaga göçüp gelýäler. Olaryň hataryna tiz wagtda Uganda, Tanzaniya hemde Keniyadan 60 sany balykçy gelip goşulýar. Şu ýagdaýda adanyň ilat sany köpelip 2009-njy ýylda adam sany 131e ýetende, başgalar bu ada döwlet diýlip yglan edilmezligi barada kanun kabul edýäler.

Keniýa we Uganda arasyndaky jenjel[düzet | çeşmäni düzet]

Keniýa we Uganda arasyndaky adanyň üstündäki jenjeller zäherledi. Bul iki döwlet adanyň içine ýaragly uruşlary, uryş gamileri bolsa balyk torlaryny weýran edipdi we hatda 6 sany balykçyny öldürýäler. Ahyry, adanyň ilaty Uganda hökümetine 25%, Keniýe hökümetine bolsa 50% haryt salgydyny tölemäge mejbur edilýär. Mgingo ilaty muňa razy bolmaly bolýalar.

Ykdysadyýeti[düzet | çeşmäni düzet]

Adada 5 sany Bar, dermanhana, gözellik salony we hatda myhmanhanalar hem bardyr. Mundan başga-da adada ýaşamaýan balykçylar üçinem 4 sany ýörite jaýlar aýraynlaşdyrylan bolup, olar birnäçe gün balyk awlanlaryndan soň, adany terk etýäler. Bu ýerde berk tertip düzgünler bar bolup, örän kem jenaýatlar amala aşyrylýandyr. Kada-kanunlar girizilenden bäri bary ýogy 6 sany adam ogurlykda tutylyp adadan hemişelik sürgün edilen.