Metrologiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Metrologiýa – ölçegler hakyndaky ylym kömekçi taryh dersi bolup, ol dürli ölçegleri – uzynlygy, meýdany göwrümi we agramy, olaryñ taryhy ösüşini öwrenýär.

Metrologiýa sözi iki sany grek sözünden düzülip, ol grek “metron” – ölçeg we “logos” - ylym sözleriñ añlatmasyny berýär.

Metrologiýanyñ wezipesi ölçegleriñ atlaryny, dürli ölçeg ulgamynyñ düzüliş we ösüş taryhyny öwrenmek, gadymyýetde dürli halklarda bar bolan ölçeg birlikleri häzirki zaman metr ölçegine deñ getirmegi öwrenýär.

Beýleki bir tarapdan metrologiýanyñ wezipesi takyk ölçeg birliklerini düzmek we olaryñ has inçemin nusgalaryny etalonlaryny düzmek emma ony çözmek taryhçylaryñ işi däldir.

Metrologiýanyñ kömegi bilen çeşmäniñ düzlen wagtyny we ýerini kesgitläp bolýar, eger-de onda ölçeg alamaty görkezilen bolsa, şol görkezilen ölçegiñ düzülen wagty we ýeri deñ gelmedik halatynda bar bolan resminamanyñ galpdygyny ýüze çykaryp bolýar.

Metrologiýanyñ beýleki ylmy dersler ýaly öz çeşmeleri bardyr we olary derñemegiñ öz usulyny işläp düzýändir.

Metrologiýanyñ çeşmeleri örän dürlidir – ölçegler hakda maglumat berýän ýa-da olar hakda agzap geçýän ýazuw ýädygärlikleri, şeýle hem şaýlyk, terezi daslary, lineýka belli bir kesgitli (ululykdaky) deñlikdäki binaçylyk gurluşyklary, ikonalar, kesgitli göwrümli gaplar we ş.m. zat ýädygärlikleridir.

Metrologiýa çuñ gadymylykda döräpdir, çüñki ölçegsiz jaýlar gurmak, zähmet gurallaryny we ýaraglary taýýarlamak, egin – eşik tikinmek, mümkin bolmandyr. Taýpalar arasyndaky alyş – galyşyñ ýüze çykmagy we ösmegi ölçeg mätäçligini has artdyrdy. Şunuñ bilen baglylykda bar bolan takmyn, köplenç şertli ölçegleri biri-biri bilen kesgitli deñlige getirýär, ölçegleriñ deñ derejesi işlenip düzülýär.