Matematiki logika barada düşünje

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Kompyuter

Dushunje[düzet | çeşmäni düzet]

Matematiki logika umumy ýa-da formal logika diýlip atlandyrylýan ylmyň bir bölegidir. Umumy logika gadymy döwürde yüze çykyp, oýlanmagyň, pikirlenmegiň, dünýä akyl yetirmegiň kanunlaryny we görnüşlerini öwrenýän ylymdyr. Matematiki logikanyň aňyýetleri we usullary diňe bir informatika, matematika, fizika, biologiýa ýaly ylymlarda däl-de, eýsem, tehnikada, pedagogika, psihologiya, hukuk we dil ylymlarynda, ykdysadyýetde hem peýdalanylýar. Matematiki logikanyň esasy düşünjeleriniň biri pikir aýtma düşünjesidir. Ýa çyn, ýa-da ýalan bolan sözleme (tassyklama) pikir aýtma diýilýär. Meselem, “3 - ýönekeý san”, “Aşgabat –Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenisitanyň paýtagty” pikir aýtmalardyr. Her bir pikir aýtma çyn ýa-da ýalan bahany alyp bilýär. Hiç bir pikir aýtma şol bir wagtda hem çуn, hem ýalan bolup bilmeýär. Käbir pikir aýtmalaryň çyndygy ýa-da ýalandygy häzirlikçe bize belli bolman bilýär. Emma oňa garamazdan, olary biz pikir aytma hasaplaýarys. Sebäbi barlag netijesinde tassyklamanyň çyndygyny ýa-da ýalandygyny anyklap bolýar.

Mysallar[düzet | çeşmäni düzet]

a) 3=7 (ýalan pikir aýtma);(<)br /> b) Şu gün Magtymguly aýynyň 12-si (çyndygy ýa-da ýalandygy anyklanmaly pikir aýtma);
ýok ç) 13 - ýönekeý san (çyn pikir aýtma).
d) Ýel öwüsdi (haçan we nirede öwüsdi?)
e) Ýoluň ini 14 m. (haýsy ýol?)

Bellik[düzet | çeşmäni düzet]

Her bir sözleme pikir aýtma diýip bolmaýar. Mysal üçin, sorag ýa-da ýüzlenme sözlemleri pikir aýtma däldir, sebäbi olaryň çyndygy ýa-da ýalandygy barada kesgitli bir pikir aýdyp bolmaýar. Meselem, “Sen haýsy klasda okaýarsyň?”, “Ýaşasyn parahatçylyk!” diýen sözlemler pikir aýtmalar bolup bilmeýärler.
Çyndygy ýa-da ýalandygy barada goşmaça maglumat talap edýän sözlemlere hem pikir aýtma diýip bolmaýar. Matematiki logikada “pikir aýtmanyň çynlyk bahasy” diýen düşünje girizilýär. Pikir аýtmanyň çynlyk bahasy “çyn” we “ýalan” sözler bilen ýa-da “1” we “0” sifrler bilen bellenilýär.