Mazmuna geçiň

Medeniýet Şahberdiýewa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Maýa Şahberdiýewa sahypasyndan gönükdirildi)

Medeniyet "Maýa" Şahberdiýewa (1930-njy ýylyň 23 fewraly - 2018-nji ýylyň 3-nji ýanwary) Sowet döwrüniň türkmen opera aýdymçysy, "Watanyñ altyn sesi" we "Türkmen Bülbüli" atlary bilen tanalýar". Şahberdiýewa Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde dünýä indi. Ol 7 ýaşynda ýetim galdy, we Merýemdäki ýetimler öýünde önüp-ösdi. Şahberdiýewa çagalygynda ýetimligi sebäpli mekdep okuwçylary tarapyndan azar berildi.

Şahberdiýewa Türkmen aýdym-saz internatyna kabul edildi we internatda skripka öwrenip başlady. Şahberdiýewa ýaşlygynda gyjak çalmagy-da öwrenipdi! Şeýle-de bolsa, Pedagogika Institutyna kabul edilenden soňra, skripka programmasyna kabul edilmedi we Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika bölüminde matematika almalydygyny aýdyldy. Şahberdiýewa mugallymlara wokal zehinini görkezendiginden soñra aýdym-saz bölümine ses talyby hökmünde kabul edildi. Bir ýyldan soň, Moskwa döwlet Çaýkowskiý konserwatoriýasynda okamak üçin Moskwa geçirildi. Şahberdiýewa - Koloratura Soprano - 1956-njy ýylda konserwatoriýany gutardy we 1962-nji ýyldan başlap Kiýewde goşmaça ses sapaklaryny aldy. Şahberdiýewa Aýdym-saz meniñ durmuşymy üýtgetdi - diýdi.

Şahberdiýewa 1956-njy ýyldan bäri Türkmen Opera we Balet Teatrynyň sanawynda meşhur solistdi. Onuň repertuarynda Nikolaý Rimskiý-Korsakowyň Gar gyzy we 'Patyşanyň gelni' filmindäki baş rollary bar. Şeýlede, Gioacchino Rossini tarapyndan ýazaylan Il barbiere di Siwiglia, Juzeppe Verdiniň La traviata, Leo Delibesiň Lakme-de baş rollary oýnady. Weli Mukatowyň Ganly suw akabasynyň soňundaky Aýlar; Aman Agadjikowyň duýduryş gijesinde Aknabat; şasenemdäki Şasenem we Adrian Şapoşnikowyň Garib rollarynda oýnady. Şahberdiýewa şeýle-de konsertde çykyş etdi. Şahberdiýewa karýerasynda içerde çykyş etmek bilen daşary ýurda gitdi. Şeýle hem, Türkmen SSR-iň Sovietokary Sowetiniň altynjy we ýedinji çagyryşlarynyň wekili wezipesine bellendi. 1975-nji ýylda Aşgabat sungat institutynda mugallym boldy, şol ýyl-da SSSR-iň Halk Artisti diýlip yglan edildi; we şol ýylda Şahberdiýewa Türkmen SSR-iň Halk Artisti hökmünde hem sylaglandy.

1991-nji ýylda Türkmenistan garaşsyz bolansoň, Şahberdiýewa Türkmenistanyň hökümetinden ykrar edilmegini dowam etdirdi. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmurat Niýazow opera we baleti gadagan etdi, we şol sebäpli 2006-njy ýyla çenli Şahberdiýewa hususy ýygnaklarda we wakalrda çykyş etdi.

2008-nji ýylda Şahberdiýewa Aşgabatda görkezilen dokumental filmiň temasy boldy. 2010-njy ýylda, 80 ýaşynyň doglan güni mynasybetli, Şahberdiýewa Türkmen hökümetinden 3-nji derejeli "Altyn asyr" baýragyna mynasyp boldy.

Daşarky çykgytlar

[düzet | çeşmäni düzet]