MTS Türkmenistan
Appearance
Barash Communication Technologies, Inc. (BCTI, türkm. Baraş Kommýunikeýşn Tehnolojis, Ink., рус. Бараш Коммюникейшн Технолоджис, Инк.) — Türkmenistanyň birinji we iri öýjük operatory bolup, "MTS Türkmenistan" brendinde hyzmatlary üpjün edýän aragatnaşyk operatorydyr. Tehasda (ABŞ) bellige alynan. 100 % degişli ОАО «Мобильные ТелеСистемы» (Russiýa). MTS Türkmenistan 1 million 600 müňden gowrak abonentlere hyzmat edýär. "MTS Türkmenistan"-yň baş ofisi Aşgabatda ýerleşýär.
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]1994 ýyl:
- Mihail we Alla Baraş Tehasda (ABŞ) Barash Communication Technologies, Inc. şereketi registrirleýärler, onuň şahamçasy Türkmenistanda işläp başlaýar.
- Türkmenistanda BCTI şereketiniň şahamçasy 1994-nji ýylda öz işini alyp başlaýar.
- Aragatnaşyk çägine diňe Aşgabat degişli
1999 ýyl:
- GSM standarty girizilýär.
- Aragatnaşyk çägine ähli welaýat merkezleri degişli.
2004 ýyl:
- Ýylyň ahyryna abonentleriň sany 50 müňe golaýa ýetdi.
2005 ýyl:
- 27-nji iýunda ОАО «Мобильные ТелеСистемы» (Russiýa) Barash Communication Technologies 51% aksiýany satyn alýar.
- 28-nji iýunda BCTI Turkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan aragatnasykdaky ygtyýarnamanyň hereketini togtamak barada MTS-e mälim edýär, hem-de BCTI we döwlet fiksirlenen operatory bolan "Türkmentelekom"-yň arasyndaky bolan şertnamanyň bes edilmegine sezewar bolýar. Şoňa görä-de, öýjükli aragatnaşygynyň fiksirlenen aragatnaşykdan öçürilmegi şähere barýan we şäherden gelýän jaňlary mümkin däl bolmagy sebäp bolýar. Formal taýdan lisenziýanyň 10-njy punkty bahana bolýar: şol lisenziýa görä, BCTI-iň lisenziýasyny üçünji şahsyýetlere berilmegini gadaganlygy.
- 5-nji iýulda setiň doly möçberde öz işini dowam edýär.
- 1 noýabrda ОАО «Мобильные ТелеСистемы» Barash Communication Technologies öz aksiýa paýyny 100 % çenli doldurýar.
2006 ýyl:
- 28-nji sentýabrdan başlap, "MTS Türkmenistan" brenda çalşmaklygy.
2007 ýyl:
- Ýylyň ahyryna abonentleriň sany 360 müňe ýetýär
2008 ýyl:
- Martda "MTS Türkmenistan" GPRS tehnologiýasynyň esasynda korporatiw bazar üçin Internede çykmak üçin hyzmady berip başlady.
- Maýda abonentleriň sany 500 müňe golaýa ýetdi.
- 9-njy iýundan başlap, "MTS Türkmenistan" ähli nyrh meýilnamalar üçin GPRS tehnologiýasynyň esasynda internet ulgamyna birikdirilmegine üpjün edip başlaýar.
2009 ýyl:
- "MTS Türkmenistan" Türkmenistanyň 139 ilatly punktlary öýjükli aragatnaşygy bilen üpjün edýär, olaryň arasynda Tahtabazar, Etrek, Bekdaş, Kerkiçi, Hojambaz, Derbent, Bahardok hem bar. Lebap welaýatynda ýaňy döredilen Döwletli etrabynda hem esas stansiýalar gurnalýar.
- Setiň möçberi 30%-e ulalýar. Ulgamyň ähli ýerinde EDGE tehnologiýasy (2.75G) bilen üpjün edilýär, ol tehnologiýa GPRS tehnologiýa garanyňda internet ulgama ýokary hilli işlemegini üpjün edýär.
- Fewralda abonentleriň sany 1 milliona ýetýär.
- Sentýabrda "MTS Türkmenistan" bolup geçen "Ýüpek ýoly-2009" ralli reýdine gatnaşan "Türkmenistanyň ulagsportunyň Milli merkezi" komandasyna howandarlyk edýär.
- Oktýabrda abonentleriň sany 1 million 500 müňe ýetýär.
2010 ýyl:
- Ýylyň birinji çärýeginde 75 sany esas stansiýany girizilmegini üpjün edip, Türkmenistanyň 30 sany ilatly punktlary öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün edýär. Türkmenistanyň Ahal, Mary, Daşoguz we Balkan welaýatlaryň çetki raýonlarda esas stansiýalar hem ornaşdyrylýar.
- 9-njy maýda 1500 weteranlardan gowrak "MTS Türkmenistan" kompaniýadan МТС-236 telefon apparaty bilen üpjün edilýär.
- Maýda abonentleriň sany 2 milliondan geçýär.
- Sentýabrda Aşgabatda bolup geçýän IV Halkara tele we radio enjamlaryň sergisinde "Türkmentel-2010" "MTS Türkmenistan" kompaniýasy LTE (4G) tehnologiýasynyň esasynda ýokary tizlikli internedi we ondan gelip çykýan hyzmatlary (widojaň, mobil telewidiniýe, ýokary tizlikli interdet) görkezdi.
- 2010-njy ýylyň noýabrynda "MTS Türkmenistan" HSPA+ tehnologiýasynyň esasynda Aşgabatda 3G ulgamy girizilmegini meýilleşdirilýärdi.
- 15.12.2010 ý. "MTS Türkmenistan" Türkmenistanyň aragatnaşyk Ministrliginden 21.12.2010 ý. başlap aragatnaşyk hyzmatlaryň bes edilmegi barada haty alýar.
- 21.12.2010 ý. "MTS Türkmenistan" aragatnaşyk hyzmatlary bes edýär, ýagny 2 milliondan gowrak abonentler mobil aragatnaşykdan kesilýär.[1].
2011 ýyl:
- 21.01.2011 ýylda "MTS Türkmenistan" öz işini dowam edip başlamandyr. Şol günde "MTS" (Russiýa) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hat bilen ýüzlenipdir, şol hatda ähli närazyçylyklary çözmekligi çagyrypdyr.
- 17-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň press relizinde MTS Türkmenistanyň ähli çykdaýjylaryny öwezini dolmajakdygyny aýdypdyr.
2012 ýyl:
- 2012-nji ýylyň 2-nji maýynda Russiýa Federasiýanyň "Sistema" Aksioner Maliýe Kompaniýasynyň başlygy Wladimir Ýewtuşenkowyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň geçirilen gepleşigiň netijesinde MTS-iň Türkmenistanda täzeden lisenziýanyň dikeltmegini aýdypdyr.[2].
- 2012-nji ýylyň 26-njy iýulynda MTS kompaniýasy Türkmenistana gaýdyp barýanlygyny resmi derejede yglan etdi. Resmi maglumata görä, MTS aragatnaşyk kompaniýasy ”Türkmentelekom” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, türkmen tarapyna arassa girdejisiniň 30%-ni bermek barada ylalaşypdyr.[3].
- 2012-nji ýylyň 30-njy awgusta MTS-Türkmenistan doly möçberde öz işini dikeldipdir.
2017 ýyl:
- Bölüp berlen ragioýygylyk geriminiň we käbir beýleki zerur bolan serişdeleriň ulanylmagy üçin rugsatnamanyň hereket edýän möhletiniň uzaltmakdan ret etmegi sebäpli Türkmenistanda hereket edýän degişli kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda «MTS-TM» HJ-i tarapyndan müşderilerine aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün edilmegi 29.09.2017-nji ýyl senesinden togtadyldy.
Bellikler
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "Müşderiler üçin maglumat". Archived from the original on 2011-10-07. Retrieved 2011-10-08.
- ↑ MTS täzeden geler.
- ↑ "МТС возобновляет деятельность в Туркменистане.". Archived from the original on 2012-07-30. Retrieved 2012-07-29.
Bu şirket makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu kompýuter makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu telefonu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu telekomunikasion makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |