Mähri Pirgulyýewa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Mahri Pirgulyýewa

Mähri Pirgulyýewa 1988-nji ýylyň 11 martynda Aşgabat şäherinde dogyldy. 1995-2006 ýyllar aralygynda ATAL-da (Aşgabat Türk Anadoly liseyi) okady. Maşgalalarynda Mähri-den başga diňe Bahar atly gyz dogany bar. Aýdym aýtmaga mekdepde okaýan döwründe başlady. Ilkinji "gijeler" aýdymyny "Polyx" studiýasynda ýazga geçirtdi. Ilkinji "Seňki däl" atly albomyny Türkmenistanyň belli produseri Nikolaý Ýakimow bilen bilelikde işläp 2007-nji ýazga geçirdi. Ondan soňra ikinji "Söýgi wagty geldi" atly albomyny işläp başlady. Şol albomda Mähri Pirgulyýewanyň öz düzen aýdymlary hem ýer aldy. Şu albomdaky "Eziz Watanym" atly aýdymyny bolsa türkmen ýaşlarynyň adyndan Türkmenistana sowgat etdi!!! Häzir Mähri Pirgulyýewa özuniň 3-nji albomynyň hem-de täze klipleriniň üstünde işläp ýör... Mähri boş wagytlary täze aýdymlary üçin saz düzýä we kitap okaýa... Mähri Pirgulyýewanyň durmuşyndaky iň uly arzuwy ejesinin adyndaky çagalar bagyny açmak... 24 ýaşly Mähri Pirgulyýewa heniz orta mekdepde okaýan döwürleri aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanmaga başlaýar. Ol özüniň ilkinji albomyny “Seňki däl” ady bilen prodýuser Nikolaý Ýakimowyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylda ýazga geçirýär. Wideoşekilli estrada senagatyndaky döredijilik ýoluna 2007-nji ýylda, 15 ýaşyndaka paýtagt Aşgabatda ýerleşýän studioda başlan Şatlyk Sopyýew gysga döwrüň içinde operatorlyk we senaristlik hünärleri, şeýle hem wideo klipleriniň timary boýunça giň tejribe gazanýar. Prodýuser Sopyýew Mähriniň “Türkmenistanym” , “Tans etmeli” , meşhur aýdymçy Parahat Amandurdyýewiň “Söýenim saňa” , “Durnalar” , Söhbet Kasymowyň “Gelmediň” we Şamyrat Orazowyň birnäçe aýdymyny ekranlaşdyrandan soň hasam meşhurlyk gazandy.