Li­tiý – ion ak­ku­mul­ýa­tor­­

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Li­tiý – ion ba­ta­re­ýa

Li­tiý – ion ak­ku­mul­ýa­torla­ry ama­ly taý­dan äh­li smart­fon­lar­da, plan­şet­ler­de, no­ut­buk­lar­da we aw­tou­lag­lar­da otur­dyl­ýar.

Şu­nuň ýa­ly ak­ku­mul­ýa­tor­la­ryň kem­çi­li­gi zar­ýad be­ril­ýän wag­ty kem-kem­den toz­ýan­ly­gyn­dan yba­rat­dyr, şo­nuň ýa­ly hem zar­ýad ber­mä­ge wagt köp gi­dip bi­ler, esa­san hem gür­rüň uly aw­tou­lag­la­ryň ak­ku­mul­ýa­tor­la­ry hak­da bar­ýan bol­sa.

Gü­nor­ta Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň bar­lag ge­çi­ri­ji­ler to­pa­ry­na bu me­se­lä­niň çöz­gü­di­ni tap­mak ba­şart­dy. Ba­ta­re­ýa­lar­da öý­jük- öý­jük çe­ýe krem­niý na­not­rub­ka­lar bi­len bi­le­lik­de ada­ty anod gra­fit­le­ri­ni ula­nyp, ak­ku­mul­ýa­tor­la­ryň 200 sik­le çen­li gaý­ta­dan zar­ýad ber­mä­ge çen­li öm­rü­ni uzalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Şol bir wag­tyň özün­de ada­ty ak­ku­mul­ýa­tor­lar 500-1000 sik­le ni­ýet­le­nen­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de şeý­le ba­ta­re­ýa­lar ba­ry-ýo­gy 10 mi­nut­da zar­ýad al­ýar­lar.

Hä­zir­ki za­man ak­ku­mul­ýa­tor­la­ryn­da krem­ni­den we gra­fit­den edi­len ýu­ka plas­tin­ler ula­nyl­ýar. Olar bol­sa, wag­tyň geç­me­gi bi­len toz­ýa­r­lar we şol se­bäp­li ba­ta­re­ýa­nyň sy­gy­my pe­se düş­ýär. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler ak­ku­mul­ýa­to­ra zar­ýad ber­len­de we aý­ry­lan­da bo­zul­ma­ýan öý­jük-öý­jük gur­lu­şy­nyň sa­ýa­syn­da gy­sy­lyp we gi­ňäp bil­ýän krem­ni­li na­not­rub­ka­la­ry dö­ret­di­ler. Şo­nuň bi­len bir­lik­de hem üs­tü­niň hem meý­da­ny ep-es­li gi­ňäp, ne­ti­je­de ba­ta­re­ýa has tiz zar­ýad al­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bar­lag ge­çi­ri­ji­ler öz teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Ön­dü­ri­ji­ler üçin tä­ze tehnolo­gi­ýa­nyň ha­çan el­ýe­ter­li bol­jak­dy­gy he­niz nä­mä­lim. Äh­ti­mal, ýyl­lar we on­ýyl­lyk­lar ge­çer, ýö­ne we­lin, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da hem­me­le­re el­ýe­ter­li bo­lar.