Kazy Ahmet Burhaneddin Siwasly

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Kazy Ahmed Burhaneddin (Türkçe:Kadı Ahmet Burhanettin) Türkmenleriñ Sivas we Kayseri sebitlerinde 1381-1398-nji ýyllar aralygynda dowam eden begligini esaslandyryjy. Ol 1345-nji ýylda Kaýsaryda doglupdyr. Onuñ kakasy Şemsetdin Mämmet Kaýsarynyñ kazysy bolupdyr. Bu nebere oguzlaryñ Salyr boýundan gelip çykandyr. Burhaneddiniñ atasy Mämmet Horezmden göçüp, Anadolynyñ Kastamonu sebitine (Gara deñziniñ günorta kenarlary) gelipdir. Burhaneddin 4-5 ýaşlaryndan başlap bilim öwrenmäge başlapdyr. Gysga wagtda arapça, parsça ýazmagy we okamagy öwrenipdir. Ol Şamda we Müsürde beýik ylym adamlaryndan sapak alyp, özüniñ ylym derejesini artdyrypdyr. Burhaneddin Ahmet 1364-nji ýylda Kaýsarynyñ kazylygyna bellenipdir. Ol Kaýsaryny edara edýän Eretnaogullary begi Gyýaseddin Mämmediñ gyzyna öýlenipdir. Kazylygy bilen birlikde özüni syýasy sahnada hem görkezip başlapdyr. Eratna begliginiñ gowşamagyndan peýdalanyp goñşy Garamanogullary Kaýsaryny olaryñ elinden alypdyr. Emma Burhaneddin Ahmet Kaýsaryny Garamanogullarynyñ elinden yzyna alypdyr. Bu hyzmaty üçin Eratna begi Aly beg ony 1375-nji ýylda öz wezirligine belläpdir. Eratna begliginiñ ýykylmagy bilen 1381-nji ýylda Kazy Burhanneddin Ahmet Siwasda özüni hökümdar diýip yglan edipdir. Adyna hutba okadypdyr, teññe zikgeledipdir. Burhaneddin Ahmet Yrakdaky, Şamdaky we Anadoludaky musulman döwletlerine ilçi ýollap, öz hökümdarlygyny ykrar etmekleri barada namalar gönderipdir. Kazy Burhaneddin Ahmediñ Müsürdäki Memluk türkmenleriniñ soltanlygy bilen gatnaşyklary dostana ýagdaýda bolmandyr. Sebäbi ol memluklaryñ elinden Malatyýany alypdyr. Memluklaryñ şäheri yzyna gaýdyp almak synanyşygy şowsuz tamamlanypdyr (1389). Kazy Burhaneddin Ahmet Çorumuñ golaýyndaky Kyrkdilim diýen ýerde bolan söweşde Ýyldyrym Baýezidiñ ýolbaşçylygyndaky Osman türkmen goşunyny ýeñipdir (1391). Kyrkdilim söweşinde gazanan ajaýyp ýeñşi Kazy Burhaneddin Ahmediñ şöhratyny Anadola hasam ýaýypdyr. Ol Kastamonu saparynyñ netijesinde öñ osmanlara tabyn bolan käbir ýerleri özüniñ gol astyna alypdyr. Şu ýeñişleriñ yzysüre Kazy Burhaneddin Ahmediñ yzly-yzyna iki oglunyñ ölümüniñ bagyr awusyny çekendigini bellemegimiz gerek. Kazy Burhaneddin Ahmet Teýmirleñe garşy gazaply göreşen türkmen serkerdesidir. Ol Teýmirleñe garşy bileleşigi döretmek üçin Müsürdäki memluk türkmenleriniñ soltany Berkuk, Osman türkmenleriniñ soltany Ýyldyrym Baýezit, Altyn Ordanyñ hany Togtamyş han bilen gepleşikler geçiripdir. Teýmirleñ Hasangalanyñ Çopan köprüsi diýen ýerine gelende bu dörtler bileleşiginiñ garşysyna durup bilmejekdigine düşünipdir. Olary ýeke-ýekeden dargatmagyñ amatlydygyny bilip, ilki Togtamyşyñ üstüne gidipdir. Kazy Burhaneddin Ahmet Teýmirleñe boýun egen türkmen beglerini sylap goýmandyr. 1394-nji ýylyñ ýazynda şeýle beglikleriñ biri bolan Garamanogullarynyñ üstüne ýöriş edipdir. Akgoýunly türkmenleriñ hökümdary Gara Ýülük Osman öz doganlaryna garşy göreşde Kazy Burhaneddin Ahmediñ hyzmatyna giripdir. Ol Burhaneddiniñ iñ bir ynamdar emirleriniñ birine öwrülipdir. Emma Gara Ýülük Osman bilen Burhaneddiniñ aragatnaşyklary ýaramazlaşypdyr. Onuñ sebäpleri barada çeşmelerde gapma-garşy maglumatlar bar. Gepiñ gysgasy 1398-nji ýylda Siwasyñ golaýynda gije bolan söweşde Osman beg Burhaneddini öldüripdir. Kazy Burhaneddiniñ gubury Siwas şäherindedir. Ömrüniñ köp bölegi ýörişlerde geçendigi sebäpli Burhaneddine «Abul Fath» lakamy berlipdir. Çeşmelerde Kazy Burhaneddin alym, adyl soltan, sylag-hormatyñ eýesi hasaplanýan, çydamly, alymlary goldaýan adam hökmünde suratlandyrylýar: «Ulamalar bilen söhbetdeşlik etmekden lezzet alýardy. Hepdede üç gün — Başgün, Sogapgün, we Anna günleri ylmy söhbetleri gurardy». Kazy Burhaneddiniñ ölüm habary Hindistanda ýörişde bolan Teýmir Agsaga-da ýetipdir. Esasy duşmanynyñ biriniñ aradan aýrylandygyna begenen Agsak Teýmir derhal Anadola tarap ümzügini öwrüpdir. Teýmire Kazy Burhaneddiniñ näderejede kuwwatly bir hökümdardygyny şeýle habar beripdirler: «Burhaneddin hiç haçan öz duşmanlarynyñ özüne garşy birleşmegine mümkinçilik bermändir». Erzinjan häkiminiñ 5 müñ, Garamanogullarynyñ 10 müñ, Niksar begi Mahmyt Çelebiniñ 6 müñ, Bafra emiriniñ 2 müñ, mongollaryñ, Diýarbekir we Şam türkmenleriniñ 20 müñ adamly goşuny bilen garşysyna çykanda-da onuñ özüni nähili gorap bilendigi Teýmiri üýşendiripdir. Kazy Burhaneddin Ahmet ýogalansoñ onuñ guran begliginiñ möhüm ähmiýetli Tokat, Niksar, Siwas we Kaýsary şäherleri Osman türkmenleriniñ döwletiniñ golastyna geçipdir. Kazy Burhaneddin Ahmet merkezi häkimiýeti güýçlendiren türkmen hökümdarydyr. Özüne garşy çykanlaryñ gozgalañyny basyp ýatyrmak üçin ol merkezde güýçli goşun saklapdyr. Ömrüniñ köp böleginiñ söweşlerde geçendigine garamazdan, gurluşyk işlerini-de ünsden düşürmändir. Turhalda, Erzinjanda, Niksarda, Kyrşehirde galalar, metjit-medreseler saldyrypdyr. Kazy Burhaneddin hökümdar, serkerde bolmak bilen bilelikde «Siwasly» lakamy bilen goşgy ýazan meşhur türkmen şahyrydyr. Edebiýatçy alym Abdyrahman Mülkamanow «Burhaneddiniñ söz sungaty» /«Edebiýat we sungat», 2001ý. Nowruz aýynyñ 16-sy/ atly makalasynda bu barada şeýle ýazýar: «Ussat şahyr şygyrlar ýazanda, halkyñ dil baýlygyna, sözüñ gudratyna uly sarpa goýupdyr. Sözleriñ açyk-ýapyk bogunlarda gelişlerine, olaryñ sazlaşygyna, çekimsiz sesleriñ öz orunlaryny tapmagyna, gaýtalanýan sözleriñ-sesleriñ biri-birini güýçlendirişine uly üns beripdir. Şahyr şygra girýän sözleriñ ýakyp-ýandyryjy bolmalydygyny nygtapdyr. Her sözüñ, her jümläniñ hyjuw bilen gaýnap durmagyny gazanypdyr. Şahyryñ eserleriniñ ýene bir özboluşly tarapy tejnisler (omonimler) ýa-da söz oýnatmalary bilen bezelenligidir».