Informasiýa düşünjesi, informasiýanyň görnüşleri
Informasiýa informatikanyň ilkinji we düýpli düşünjeleriniň biridir. Şonuň üçin informasiýa düşünjesine gysgaça kesgitleme bermek ýa-da ony bir sözlem bilen beýan etmek mümkin däldir.
Informasiýa “informatio” diýen latyn sözünden gelip çykýar we türkmen dilinde “düşündirmek”, “aýdyň etmek”, “beýan etmek”, “aýdyp bermek”, “habarlylyk”, “maglumatlylyk” diýen ýaly manylary berýär.
Biziň ýerine ýetirýän islendik işimiz haýsydyr bir habary, maglumaty kabul etmek we peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Meselem, kitap, gazet okamak, surata, telewizora seretmek we ş. m. arkaly biz habarlary, maglumatlary kabul edýäris, ýatda saklaýarys, toplaýarys, özümizçe gaýtadan işleýäris hem-de başgalara ýaýradýarys. Hat ýazsak-da, telefonda gürleşsek-de söhbetdeşimize haýsydyr bir habary, maglumaty berýäris. Islendik meseläni çözmek üçin maglumatlar bilen işleýäris, meseläniň şertinde berlen düşünjeden başlap, оnuň çözgüdinde – täze bir düşünjä gelýäris.
Habar bermeler önümçilikde we durmuşda ýazgylar we çyzgylar, maglumatlar we hasabatlar, jedweller (tablisalar) ýaly görnüşlerde hem duş gelip bilýärler. Çyzgylar we saz eserleri, kitaplar we suratlar, spektakllar we kinofilmler - bularyň barysy-da informasiýalaryň beýan edilşiniň görnüşleridir. Maglumat anyklyk we dolulyk, gymmatlylyk we derwaýyslyk, aýdyňlyk we düşnüklilik ýaly birnäçe esasy häsiýetlere eýedir.
Işiň hakyky ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumat anyk maglumatdyr. Anyk däl maglumatyň nädogry düşünjelere ýa-da nädogry çözüwlere getirmegi mümkin. Eger habar çözgüdi kabul etmek üçin ýeterlik bolsa, onda оňа doly maglumat diýilýär. Doly däl maglumat çözgüdi kabul etmekde ýa-da оňа düşünmekde kynçylyk döredýär. maglumatyň gymmatlylygy onuň kömegi bilen nähili meseleleriň çözülişine baglydyr. Derwaýys maglumat şertleri üýtgäp durýan işlerde zerurdyr. Düşnüksiz sözler bilen aňladylan habar peýdasyz bolup biler. Berilýän maglumat, habar aýdyň we düşňükli bolmalydyr.