Ibn al-Fakih Hemedany

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

ABU BEKIR AHMET ibn Muhammet ibn Ishak al-Hemedany ibn al-Fakih - geograf. Ol Hemedanda önüp-ösýär. Takmynan 902/03 ýyllarda, halifler al-Mutadit (892-902) we al-Muktefi (902-908) döwründe "Ýurtlar hakynda hekaýatlar kitaby" (Kitab ahbar al-buldan") diýen uly goegrafiki ýygyndy ýazypdyr. Ol iş biziň döwrümize bölekleýin gelip ýetipdir. Kitap 1022 ýylynda Aly ibn Jafar ibn Ahmet aş-Şeýzary tarapyndan gysgaldylypdyr, 1885 ýylynda çap edilipdir. Awtoryň eserlerinde gündogar ýurtlary, Horasan, Orta Aziýa, türk welaýatlary barada oňat maglumatlar berilýär. Onda Bagdat, Hemedan, Ermenistan barada has jikme-jik ýazylypdyr. Awtoryň eseriniň Orta Aziýa bagyşlanyp ýazylan bölüminde Mary, Balh we guzlar (oguzlar) barada maglumatlar berilýär.