Ibn Hordadbeh

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

ABUL KASYM UBEÝDULLAH ibn Abdyllah ibn Hordatbeg ( takmynan 820- takmynan 912) - arap geografy. Gelip çykyşy boýunça eýranly. Ol Bagdatda okapdyr, halifleriň köşgi bilen aragatnaşylky bolupdyr. Awtor birnäçe eser ýazypdyr, olardan biziň döwrümize gelip ýeteni "Ýollar we döwletler kitaby" ("Kitāb al Masālik w’al Mamālik") diýen geografik ýygyndydyr. Awtor ol işi 846/847 ýyllarda gaýtadan işläpdir. Ýygyndyda halifatyň welaýatlarynyň, şäherleriniň atlary, ýol marşrutlary, her bir welaýatdan we ülkeden ýygnalýan salgydyň mukdary, şeýle-de halifatyň käbir goňşy ýurtlary, olaryň patyşalaryny´ň we hökümdarlarynyň atlary, titullary barada maglumat berilýär. Ýygyndyda Horasana we Orta Aziýa uly orun berilýär, sebäbi şol döwürde Horasan we Orta Aziýa halifatyň iň möhüm welaýaty bolupdyr.