Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitety.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(IUHD. sahypasyndan gönükdirildi)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde döredilen Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersiteti ýurdymyzyň we dünýäniň iň oňat tejribesine, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna daýanyp, şu günüň talaplaryna laýyklykda ylym-bilim we terbiýeçilik mümkinçiligini barha artdyrýar. Ýokary okuw jaýy 2014-nji ýylyñ 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyñ Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyñ Permany esasynda döredilip, türkmen milletine peşgeş berildi. Bu ýerde okuwlar tölegli esasda bolup, sapaklar diñe iñlis dilinde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak täze, ylyma degişli pudaklaryny yzygiderli ösdürmegi hem-de bilimlere esaslanan jemgyýeti kemala getirmegi talap edýär. Iň täze bilim ülňüleriniň ornaşdyrylmagy bu ýokary okuw mekdebiniň düýpgöter täzeden guralmagyna, soňky ýyllarda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlaryň ýüze çykmagyna getirdi. Bu ýokary okuw jaýy her ýylda dürli welaýatlardan täze talyplary 14 sany ugurlar boýunça kabul edip, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Uniwersitetde filosofiýa, žurnalistika, halkara jemagat hukugy, halkara hususy hukugy, halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty, halkara ykdysadyýeti, halkara täjirçiligi, halkara maliýe, ätiýaçlandyryş işi, halkara menejment, komputer tehnologiýasy, kompýuter ulgamynyň progranmma üpjünçiligi, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy ugurlar boýunça bilim berilýär. Ýokary okuw jaýynda ýurdumyzda ilkinji gezek bilim bermegiñ iki basgançakly ulgamy - bakalawriat hem-de magistratura girizildi. Munuň özi bütin dünýäde ykrar edilen ýeke-täk bilim beriş ülňülerini döretmegiň talaplaryna laýyk gelýär. Okuwyñ möhleti 5 ýyldan ybarat bolup, 1 ýyllyk dil öwreniş we 4 ýyllyk bakalawriat ulgamyndan durýar. Iñlis dilini ýokary derejede bilýänler üçin ýörite synaglar geçirilýär. Synagdan geçen talyplary okuwlaryny bakalawriat ulgamyndan başlap bilerler. [[1]] [[2]]

Ýokary okuw mekdebi talyplaryñ iki müñsüne niýetlenen baş okuw-binasyny, 800 talyp üçin 3 sany umumy ýaşaýyş jaýlary, naharhanany, sport toplumyny, woleýbol, basketbol we tennis we beýlekiler üçin açyk meýdançany özünde jemleýär. Täze okuw binasynyñ otaglary iñ döwrebap okuw tehnologiýalary - multimedia enjamlary, internediñ bilim serişdelerine elýeterliligi üpjün edýän bilim almagyñ aktiw serişdeleri peýdalanýar. Internet Wi-Fi tehnologiýasynyñ kömegi bilen elektron kitaphanasyny, Uniwersitetiñ portalyny, interneti ulanmak mümkinçilikleri göz öñünde tutulandyr. Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersiteti ilkinji günlerinden başlap, şu güne çenli özüniň bilim ulgamyna uly ünsüni berip gelýär. Beýleki Uniwersitetleriñ we Institutlaryñ arasynda bilim ulgamy boýunça geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli orunlary eýeläp gelýär. Şeýle hem 2016-njy ýylda geçirilen Matematika ugry boýunça halkara bäsleşiklerinde Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniñ talyplary bürünç we kümüş medallaryny gazandylar. Uniwersitetimiz bilim ugry boýunça mundan hem beýläk özüniñ at-abraýyny galdyrar. Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniñ halkara maliýe hünäriniñ