Iň gowy 5 sany Bulut Saklama Serwisi (Cloud Storage)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Internet ulanyjylaryna birnäçe aňsatlyk we tehniki ýetmezçilikleri ýeňip geçjek Bulut Saklama Serwisleri (Cloud Storage Services) 2011-nji ýylda durmuşymyza girdi. Bulut Saklama Serwisi (BSS) ýada Bulut Paýlaşma Serwisi (BPS) näme? Komýuter we tehnologiýa bilen meşgullanýanlar esasanam Windows ulanýanlar has gowy bilýändir, Operasiýon Sistema (Operating System – Mes: Windows) çöken wagty içinde birnäçe gerekli dokumentlerimiz hem ýitýär. Käbirlerini yzyna getirip bolsada köplenç begendiriji netije alyp bilemizok. Edil şu ýagdaý Gaty Diskde (Harddisk) näsazlyk dörän wagtynda hem ýüze çykyp bilýär. BSS Tehnologiýasy bu problemalara çözgüt tapmak üçin döredildi. Has takygy orta derejedäki kompýuter ulanyjylary üçin diňe şu problemaň çözgüdinde ulanyp bileris. Ýogsam başgada CDN, Cloud Music ýaly hyzmatlary hem bar. BSS-niň berýän saklama ýatlarynyň kömegi bilen ýitmesinden, pozulmasyndan gorkýan dokumentleriňizi ýada faýllaryňyzy internetde saklap gerek wagty kompýuteriňizden, telefonyňyzdan ýada planşediňizden açyp ulanyp, paýlaşyp bilersiňiz. Gepi köpeldip oturman ýuwaşlyk bilen temamyza geçibereli. Ilki bilen bu temany düşündiriş dilimde kemçilikler bar bolsa öňünden ötünç sorayaryn. Bugünki BSS ler üçin beriljek maglumatlar soňky ýyllarda üýtgäp biler, maksadymyz diňe umumy düşünjäni döretmek. Başlabereliň... :)

Google Drive

Internet diýilende ilki bilen agzap geçmeli kommpaniýamyz elbetde Google. GoogleDriveda mugt saklama ýady 5GB. Bu ýat az diýseňiz elbetde Googleda çözgüt gutaranok, 25GB ýat aýda 2.49$, 100GB ýat bolsa 4.99$. Bulardan başgada maksimum faýl ululygy 10GB bellenen. Ýagny mysal bilen aýdylanda 10GB ululygy bolan BlueRay kinosyny böleklemän saklap bolýar. Bularyn ýanynda Mac, Windows, Android, iPhone, iPad programmalary bilen giňiş meýdançada at oýnadyp bolýar. Bu serwisden peýdalanmak üçin Gmail hasabyňyz bolmaly.

Dropbox

Bulut Paýlaşma Serwisleri arasyda ady belli firma bolan Dropbox, Mugt 2GB ýat bermesi bilen beýlekilerden yzda ýaly görünsede 3.part programmalar bilen birleşmesi (Integration), dostlaryňyz bilen aňsat faýl paýlaşmalary we aňsat ulanylmasy bilen saýlanýar. Bu 2GB mugt ýady içinde berýän käbir kiçi düzetmeler bilen 50GB çenli çykaryp bolýar. Edil meniň hasabymda şuwagt 54GB mugt ýat bar :) Windows, Linux, Mac, iOS, Android, Blackberry ýaly Operasiýon Sistemalarda işleýär. Meniň özüm bu serwisi maslahat berýärin :) Bellik: Eger maňa bu ýat ýetenok has köp gerek diýseňiz 100GB ýady 19.99$ satyn alyp bilersiňiz.

Box

Şahsy ulanyjylaryň ýanynda biznes ulanyjylarynda tejribeli bolan bu serwis hem beýlekilerden tapawudy bolmaýan Mugt 5GB ýat berýär. Faýl ululygy mugt ulanyjylar üçin 25MB, satyn alynan serwisi üçin 100MB. Mac, Windows, Android, Blackberry, iOS programmalaryndan ulanyp bolýar. 25GB ýat almak üçin aýlyk 9.99$

SkyDrive

Microsoftyň BSS-i SkyDrive dünýäde köp ulanylýanlar arasynda. Office programmalary bilen aňsat senkronizasiýa bolýar. 7GB mugt ýady bilen üns çekýär. Aýda 4.99$ a 100GB ýat alyp bilersiňiz. Windows Phone ulanýan bolsaňyz bu serwisi ulanmakdan başga çäre ýok diýseňem bolýar. Her kim öz tanyşy bilen işleşýär geň görmeli däl :) Mac, Windows, iOS enjamlarynda ulanyp bolýar.

Yandex.Disk

Rus gözleg motory BSS-de öňde barýanlardan biri. 10GB mugt ýady bar. Ulanmasy aňsat we Yandex.Mail hyzmaty bilen bile işleýär. Yandex.Mail üçin aýratyn saklama ýeri berýär we 10GB mugt ýat üçin täsiri ýok. Ulanyjylar aňsatlyk bilen dokument, kino, surat, aýdymlary ýükläp bolýar. Aýdym ýükläniňizde öz içindäki pleýer kömegi bilen indirmän diňläp bolýar, bulary paýlaşyp bolýar. Windows, Mac, Android we iOS enjamlarynda ulanyp bolýar. Gowja serwis aý näme Ors oglanlar ýitidä ýene näme diýseňem :)

Netije

Ýokarda agzalyp geçilen serwisler iň köp ulanylýanlary, bulardan başgada maslahat berip biljegim birnäçe firmalar bar: iCloud, SugarSync, Amazon Cloud Drive, Open Drive, SpiderOak, Ubuntu One we şagal möjekler. Meniň maslahatym Dropbox we Yandex.Disk orta derjede ulanyjylar üçin ikisi ýeterlik bolýar.

Çeşme: [1][permanent dead link]