Hristofor Kolumb

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hristofor Kolumb 1451 ỳylyň oktỳabr aỳynda Genuỳada dogulỳar. Onuň kakasy Dominika Kolombo, ejesi Susanna Intanazora bolupdyr. Kolumbyň kakasy örän garyp ỳaşapdyr. Hatda onuň hususy ỳaşaỳyş jaỳyda bolmandyr. Ol ỳüň ussahanasynda işläpdir. Kolumb hem şol erde işleỳän ekeni. Kolumb mekdepde okamandyr emma ditalỳan, ispan, portugal dillerinde gürläp bilipdir. Ol 1472-1485 ỳyllarda Ispaniỳada ỳaşapdyr we uly kynçylyk çekipdir. Şol wagtda Genuỳa söwda ekspedisiỳasynda egeỳ, Arhipelaga ỳüzüpdir. Şu ỳyllarda Hios adasynda Paolo hegro gulluk edỳär. 1476 ỳylda Portugaliỳa gelỳär we 9 ỳylyň dowamynda P.Nesronyň dellaly bolupdyr. Kolumbyň dogany Bartolomeỳ deňiz kartasyny çyzmak bilen meşgullanypdyr.

1479-1480-nji ỳyllarda Madeỳra adasyna göçỳär. Şu döwürde syỳahat barada köp pikirleri ỳüregine düwỳär. Kolumbyň plany we ekspedisiỳasyny taỳỳarlaỳyşy

Portugal tagtyna kord Loan II (1481) geçenden soň Portugal deňizde ỳüzüjileriniň Hindistana işjeň (aktiw) ỳörişleri taỳỳarlanyp başlanypdyr. 1483 ỳylda Kolumb Portugallar bilen uly deňiz ekspedisiỳasyny gurmak barada gepleşikler geçiripdir.

Emma onuň düzen (proỳektini) taslamasyny golda alyp Katiliỳa ugraỳar – Kolumb ruhany Antonio Morasso bilen duşuşỳar (asly astrolog.) Ol Kolumba kömek bermäge söz berỳär. Onuň teklibi bilen Kolumb Korola onuň ỳanynda düşündirmekçi bolỳar, emma Ispan alymlarynyň gahary gelỳär. 1487-1488 ỳylarda Kolumb Kord tarapyndan kabul edilỳär, emma netijesinde garaşmaly bolỳär. Sebäbi şol wagyt Granada bilen Kastiliỳanyň arasynda söweş gidỳardi. Şonuň üçin Kolumb dogany Bortolomeỳi Angliỳa we Fransiỳa iberỳar. Fransiỳa koroly Karl VIII onuň taslamasy (proekti) bilen gyzyklanypdyr. Kolumb Fransiỳa gitjek bolup durka, 1489-njy ỳylda ol ispan korolyň köşgüne çagyrylỳar. Korol Ferdinand, korolewa Isabella Kolumba “admiral we ähli deňiz ỳerleriniň wise-kordy” diỳen at bilen hormatlap akdygyny duỳdurỳar. Kolumbyň I-nji syỳahaty (ekspedisiỳasy) barada örän köp maglumatlar bar. 1492 ỳylyň 6/IX üç gämiden ybarat eskadra ispan portyndan çykyp Kanar adalaryna ugraỳar. Ol eliň ugruna hereket edỳär. Kolumb kim ilki ỳeri görşe ispan hökümetiniň sylaglajakdygyny duỳdurỳar.

Onuň ilkinji baran adasynda bugdaỳ reňkli adamlar bolup, hiç hili demire duş gelmändir. Bu adany “San-salwador” diỳip atlandyrypdyr (Halas ediji). Soňky açylan adalaryna Santa Mariỳa Komsepsion, Fernandina atlar beripdir. Bu adalarda altyn çykỳan ỳerler bolmandyr, ỳöne altyndan ỳasalan şaỳ-sepler (zynjyrlyk) bilen bezelen indeỳlere duşupdyrlar.

Soňra Kolumb Ispanỳola adasyny açỳar we onuň gämiçileri köp gyzyl tapỳarlar. Howidad diỳen adada 39 ispan gämiçisi galỳar. Iň kiçi gämi bilen Ispaniỳa dolanyp gelỳar. Bu günbatar ỳarym şarlarda Ýewropalylaryň ilkinji koloniỳasy bolupdyr. 1493 ỳylyň ahyrynda Kolumb Ispaniỳa gaỳdyp gelỳar. Kolumba admiral we wise-Korol atlary berilỳar. Kolumbyň 2-nji ỳörişine ỳüzlerçe daỳhanlar, ruhanylar we beỳlekiler gatnaşỳar. 1493-njy ỳylyň 25/IX Kadişden çykyp 1493 3/XI Dominoko adsyny açỳar. Birnäçe adalary açandan soň Kolumb Guwadelupa adasynyň üsti bilen Howidad adsyna gelỳar, bu ỳerde öňki galan adamlarynyň ỳekejesinide tapmandyr (olary öldürüpdirler).

Espanỳola adsynyň kenarynda guran şäherine Isabella adyny dakỳar. Ol ỳerde Ohega tarapyndan ỳolbaşçylyk edilỳän topar gyzylyň bardygyny bilipdir. Kolumb bu ỳerde 5 gämi bilen 500 adam goỳup galanyny alyp Espanỳola ugraỳar.

Espanỳoladan getiren gyzyly örän az ekeni, şonuň üçin Korol Kolumb bilen şertnamany bozupdyr we 1495-nji ỳylda täze karar boỳunça Kastiliỳanyň borçly adamlary täze ỳerelere göçmegi we ol ỳerlerden korolyň hazynasyna gzyl getirmegi buỳurỳar.

Hakyna tutmalar razylaşỳar. 1496-njy ỳylda Kolumb Ispanya gelip täze ỳerleri açmak üçin özüne hususy berginiň berilmegini sorapdyr. Bu ỳerleri erkin adamlary alyp gitse gymmat düşjekdi, şonuň üçin Kolumb ol ỳerlere jenaỳatkärleri ibermegini Koroldan soraỳar. Kolumb uly kynçylyk bilen 3-nji ekspedisiỳasyna başlaỳar. 6 sany gämiden 300 adamdan ybarat 1498 ỳylda floty bilen San-Zukar portundan çykypdyr. Ol ỳolda gämileri (flotiliỳasyny) bölüpdir. Üç gämini Espanda ugradỳar, beỳlekilerini bolsa ỳaşyl burun adalaryna tarap ugradỳar. Üç hepdeden soň Frinidad adsyny açypdyr. Emma onuň Günorta Amerika materidigini Kolumb bilmändir. Frinidatdan demirgazyk-günbatarda Kolumb howply bogazy açyp. Oňa (Pasti Drakona) “Ajdarnanyň agzy” diỳip at berỳär. Kolumb şu 3-nji ỳörişinde Günorta Amerika kontingentine gelỳär, ol açylmadyk materige açdymmyka diỳip hem oỳlanỳar, emma oňa ynanman korola beren hasabatlarynda olar barada ỳatlamaỳar. Kolumb ömrüniň ahyryna çenli täze materigi Amerikany açandygyny bilmeỳär. Ol açan ỳerlerine “Hindistan”, ilatyna (“hindiler”) “indeỳler” diỳip gelipdir. . Amerikadaky ỳerli ilata indeỳler diỳmek hem şondan galypdyr.

Italỳan syỳahatçysy Amerigo wezipesi Kolumb açan ỳerleriniň täze materikdigini subut edỳar we onuň ady dakylỳar.

1502 ỳylda Kolumb merkezi Amerikanyň halkyna duşỳar.ol ỳerde örän köp gyzyla baỳ ỳerleri tapỳar. Oňa “Altyn” diỳip at berỳär. Kosta-Rikada Ispanlar indeỳleri gorkuzyp, bu ỳerde özara agzalalyklar başalnỳar. Howada ỳaramazlaşyp başlaỳar. 1502-nji ỳylyň bitaraplyk aỳynyň 5-de Kolumb yzyna gadỳar. Ol göni Ispaniỳa gaỳtman deňizsilerden karta alyp Ýamaỳka ugraỳar. Ol ỳerden 1504 ỳylda keselläp gaỳdỳar, Isabellanyň ölümi onuň ynamyny has hem gaçyrỳar.

1506-njy ỳylyň Magtymguly aỳynyň 20-sinde beỳik deňizde ỳüzüji aradan çykỳar.

Kolumb 4 ekspedisiỳasynyň netijesinde köp ỳerledi açỳar. San-Salwadow, Santa Mariỳa, Konsepsion, Espanỳola, Kiçi Antil adalary,Domenika, Ýamaỳka, Trinidad, Gonduras, Kosto-Riko, Panama, Nikaragua we ş.m. ỳerleri açỳar. Amerikanyň açylmagy bilen Günorta we merkezi Amerika ỳol açylỳar.