Hanbali mezhebi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Ymam Ahmet ibn Hanbalyň dini-hukuk mekdebine eyerijiler. Halyfatda agalyk süren Mutazililer taglymaty inkär edilensoň aralaşan ideya reaksiyasy Hanbalylar mezhebiniň yayramagyna yardam etdi. Tä 14-nji asyra çenli hanbalylar tutuş musulman dünyäsine giňden ýaýrady we jemgiyetçilik durmuşda uly rol oynadylar. 10-njy asyrda hanbalylar Eyranda köpdi. 10-njy asyrdan 15-nji asyra çenli Sibirde we Palestinada hanbalylar mezhebiniň tarapdarlary agdyklyk edipdir. Osmanlylaryň häkimiyete gelmegi bilen hanbalylar mezhebi pese düşyär. Häzirki wagtda olar diňe hyjaz we nejd towereklerde yayrapdyrlar. Bu yerde 18-nji asyrda bu mezheb esasynda we meşhur hanbaly fakihi ibn Taýmynyň eserleriniň esasynda Wahhabiler sektasy emele geldi. Hanbalylar dini meselelerde erkin pikirlenmäni inkär edyärler.