Halkara ýolagçy awtomenzili
Aşgabat şäherindäki halkara ýolagçy awtomenzili — halkara awtoulag menzili Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 7-nji kilometrinde ýerleşýär. Aşgabat şäherinde ýolagçylara hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilen döwrebap halkara ýolagçy awtomenzili gurlup 2014 ýylda işe girizildi[1]. Awtomenziliň çäginde naharhanalar, dükanlar, aragatnaşyk nokatlary, daşary ýurt puluny alyş-çalyş nokady, hem-de 50 orunluk myhmanhana ýerleşýär. Iki gatdan ybarat bolan Halkara awtomenzili 4 perronly, häzirki zaman awtomobiliniň dest (rul) halkasynyň şekilinde bina edildi.
Awtomenzil hakynda
[düzet | çeşmäni düzet]Awtomenziliň umumy meýdany 7,5 gektar bolup, ondaky ähli inženerçilik we binagärlik desgalarynyň umumy peýdalanylýan meýdany 9020 inedördül metr bolup, şol sanda:
- awtomenziliň meýdany – 7174 inedördül metr
- edara binasynyň meýdany – 1182 inedördül metr
- myhmanhananyň meýdany – 724 inedördül metr
Iki gatdan ybarat bolan Halkara awtomenzili 4 perronly, häzirki zaman awtomobiliniň dest (rul) halkasynyň şekilinde bina edildi. Bu perronlar halkara, şäherara we şäherýaka ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlary ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Halkara awtoulag menzili bir wagtda 48 ýolagçy awtobusyna, gije-gündiziň dowamynda bolsa 2000-e çenli ýolagça hyzmat etmäge doly mümkinçilik berýär. Bu häzirki zaman awtomenziliniň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, onuň gündogar böleginde döredilen bagy-bossan seýilgähi, günbatar böleginde bolsa 100 orunlyk awtoduralga hem raýatlarymyzyň hyzmatyna berildi. Olardan başga-da, ol ýerde awtobuslara tehniki hyzmatlar edilýän we awtoýuwalgalar toplumy ýerleşendir.
Awtomenziliň çäginde awtobuslaryň hereketi sagat diliniň tersine aýlaw ýoly boýunça amala aşyrylýar. Bu bolsa, awtomenziliň çäginden Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoluna çykylanda awtobuslaryň hereketiniň üznüksiz we bökdençsiz amala aşyrmagyna ýardam eder. Halkara awtomenziliň iki gatly binasy kümüşsow reňkli metaldan we nepis aerodinamiki görnüşli aýnadan edilendir. Binanyň üçeginde ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýan haly gölleriniň şekilleri ýerleşdirilip, olar gije dürli reňklerde yşyklandyrylýar.
Awtomenziliň baş binasynda 260 ýolagça niýetlenen garaşylýan zaly ýerleşdirilen. Ellips görnüşinde bina edilen bu zalyň merkezinde bezegli iki sany aýmança awtobuslaryň hereketiniň tertibi barada habar berýän 4 sany LED monitorlary bilen üpjün edilendir. Binanyň gatlaryna iki sany asma basgançak, eskalatorlar we iki sany lift arkaly münüp-düşmek bolar. Bulardan başga-da, awtomenziliň merkezi binasy galareýalar arkaly 50 orunlyk myhmanhana we edara binasy bilen birleşdirilendir. Bu bolsa, ýolagçylara goşmaça amatlyklary döredýär.
Şäherara ugurlary
[düzet | çeşmäni düzet]Aşgabat şäherindäki halkara ýolagçy awtomenzilinden Aşgabat şäheri bilen ýurdymyzyň welaýat merkezileriniň we uly şäherleriniň arasynda 6 sany şäherara ugurlar, hem-de paýtagtymyzyň golaýyndaky şäherçelere we obalara çenli 30 sany şäherýaka ugurlar boýunça awtobus gatnawlary yzygiderli amala aşyrylýar. Ähli ugurlar boýunça ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan häzirkizaman ýokary derejeli awtobuslar hereket edýär.
- № 101 / Aşgabat - Türkmenbaşy
- № 201 / Aşgabat – Daşoguz
- № 301 / Aşgabat - Türkmenabat
- № 401 / Aşgabat – Arçman
- № 501 / Aşgabat – Ýerbent
- № 601 / Aşgabat – Bokurdak
Belet bronlamak
[düzet | çeşmäni düzet]Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabat şäherindäki şäherara ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçylar üçin şäherara gatnawlara orunlary bronlamagyň ýönekeý usulyny hödürleýär. Internet üsti bilen bron etmegiň häzirkizaman ulgamy ýolagçylara Aşgabat şäherindäki halkara ýolagçy awtomenzilinden ugraýan ähli şäherara ugurlar býunça islendik duralga çenli gidiş we yzyna geliş gatnawlara orunlary bron etmäge mümkinçilik berýär[2][3].
Aragatnaşyk
[düzet | çeşmäni düzet]- Dolandyryjy bölümi: +993(12) 76-97-41
- Sorag-jogap gullugy: +993(12) 76-97-41
- Dispetçer gullugy: +993(12) 76-97-41
- Myhmanhana: +993(12) 76-97-41
Goşgylarynyň ýygyndylary
[düzet | çeşmäni düzet]- ↑ "Президент Гурбангулы Бердымухамедов принял участие в открытии таможенного терминала, автовокзала и закладке автобана". Archived from the original on 2020-07-14. Retrieved 2014-12-25.
- ↑ "Internetiň üsti bilen orunlary bron etmegiň düzgünleri". Archived from the original on 2016-12-03. Retrieved 2014-12-25.
- ↑ "Internetden orunlary bron etmek boýunça gözükdirme". Archived from the original on 2014-12-31. Retrieved 2014-12-25.
Daşarky çykgytlar
[düzet | çeşmäni düzet]- Resmi web-sahypasy Archived 2014-12-31 at the Wayback Machine