Gurban Berdiýew

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Makala gutarylmadyk[üýtget]

Gurban Bediýew

Doly ady: Gurban Bekiýewiç Berdiýew.
Doglan ýeri we güni: TSSR, Aşgabat şäheri - 25.08.1952ý.
Boýy: 178 sm.
Agramy: 67 kg.
Milleti: Türkmen.
Wezipesi: Rubiniñ baş tälimçisi, Rubiniñ wisa prezidenti, SSSR-iñ sport ussady.


Gurban Bekiýewiç Berdiýew 1952-nji ýylyñ 25-nji Awgustynda Aşgabat şäherinde (TSSR) dogulýar. 1967-1971-nji ýyllarda Aşgabadyñ döwlet demir ýol aragatnaşygy tehnikumynda okaýar. Soñra 1971-1975-nji ýyllarda Maksim Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. 1989-1991-nji ýyllarda bolsa, Moskwanyñ ýokary tälimçilik mekdebinde okaýar. 1959-njy ýylda Aşgabadyñ futbol mekdebine gatnap ugran Gurban Berdiýew, 1966-njy ýylda Aşgabadyñ "Stroitel" ("Kolhozçy") ýetginjekler komandasynyñ düzüminde futbol oýnap başlaýar. Professional futbolçylyk kariýerasyna hem 1971-nji ýylda şol toparda başlaýar. 1976-nji ýyla çenli "Kolhozçyda" çykyş edenden soñ, 1977-nji ýylda Gazagystanyñ "FC Kairat" toparynda çykyş edýär. Soñ (1978-nji ýylda) ýene Aşgabadyñ "Kolhozçysyna" dolanan Gurban Berdiýew, 1979-1980-nji ýyllarda Russiýanyň "SKA Rostov-na-Donu" toparynda oýnaýar. 1980-nji ýylda "Rostelmaş" toparynda oýnan Gurban Berdiýew, 1981-1985-nji ýyllarda ýene-de "FC Kairat" toparynyñ düzüminde çykyş edýär.

Futbolçylyk kariýerasy
1971-1976ý - "Kolhozçy" 134 oýun (16 gol)
1977ý - "FC Kairat" 20 oýun (5 gol)
1978ý - "Kolhozçy" 38 oýun (3 gol)
1979-1980ý - "SKA Rostow-na-Donu" 35 oýun (3 gol)
1980ý - "Rostelmaş" 10 oýun (4 gol)
1981-1985ý - "FC Kairat" 139 oýun (28 gol)