Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiç
Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1980 Ahal welaýatynyň Bäherden etraby |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri |
Milleti | Türkmen |
Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1980-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda doguldy.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituny tamamlady. Hünäri boyunça tälimçi, hukukçy-menejer.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]Zähmet ýoluna 2005-nji ýylda «Olimp» orta sport mekdebinde usulyýetçi wezipesinde başlady. 2006-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde baş hünärmen wezipesinde işledi. 2009-2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet diwanynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlaýan okuwlaryň diňleýjisi (möhleti iki ýyl). 2011-2013-nji ýyllarda Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň sport bölüminiň baş hünärmeni, başlygyň orunbasary, halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy wezipelerinde işledi. 2013-2017-nji ýyllarda Ýapyk binalarda we soweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy. 12.2017-26.01.2018-ni ýyllar aralygynda Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesini dolandyryş müdirliginiň baş direktory. 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesine bellendi.
Döwlet sylaglary we atlary
[düzet | çeşmäni düzet]- «Magtymguly Pyragy» medaly,
- «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly,
- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly,
- «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly.
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden[permanent dead link] //www.turkmenistan.gov.tm
Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.4.