Garaja Burunow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Garaja Burunow
Garaja Burunow

Burunow Garaja (1896-1965 ýý.) — Türkmeniň talantly şahyry, dramaturg hem ökde terjimeçi – Garaja Burunow 1896-njy ýylda Tejende eneden dogulýar. Ol ilki mekdepde, soňra Kakadaky medresede, Tejende açylan ýerli rus mekdebinde okap bilim alýar. Garaja Burunow Tejen etrabynda ilki söwda organlarynda, soňra magaryf işlerinde zähmet çekýär. Ol 1924-nji ýylda Aşgabada gelip, metbugatda işleýär hem döredijilik işine başlaýar. G.Burunow ilki şahyrçylykdan başlap, „Tirýekkeş“, „On sekiz gark edilen türkmen“, „Maýsa“, „Pagta ýygymynda“, „Depgin“ ýaly poemalary ýazyp XX – asyr türkmen poeziýasyna uly goşant goşdy. G.Burunow çeper terjimeçilik işinde-de ilkinjileriň biri bolup, otuzynjy ýyllaryň türkmen edebiýatyny baýlaşdyrdy. Ol W.Şekspiriň „Otello“, „Korol Lir“, „W.Gogolyň „Derňewçi“ we Puşkiniň, Krylowyň we başgalaryň dünýä belli eserlerini türkmen diline terjime edýär. G.Burunowyň „Seýdi“, „Gül-Bilbil“, „Ýusup-Ahmet“, „Leýli-Mežnun“ we başga operalary, „Seýdi“, „Arslan“ (M.Atahanow bilen) pýesalary, „Aldarköse“ baleti, Keýmir kör“ (B.Amanow bilen) dramasy bar.