Gadymy Nusaý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Gadymy Nusaýdan tapylan şekil

Dünýä medeniýetiniň taryhynda Parfiýa siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Merkezi Aşgabadyň golaýyndaky Nusaýda ýerleşip, Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr.Ony döredijiler türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr.

B.E. öň IV asyrda grek-makedon goşunlarynyň zarbasy astynda Ahemenitleriň imperiýasy dargapdyr. Aleksandr Makedonskiniň (Isgender Zülkarneýn) oruntutarlary bolan selewkitleriň döwründe Baktriýa, Parfiýa we Horezm döwletleri döräpdir. B.e. öň III asyrdan b.e. III asyryna çenli 600 ýyla golaý dowam eden Parfiýa döwleti uly imperiýa öwrülip, B.E. I asyryndan başlap Rim imperiýasynyň bäsdeşine öwrülipdir. Özüniň gülläp ösen wagtynda Ortaýer deňzinden Demirgazyk-Günbatar Hindistana çenli ýerleri öz içine alan Parfiýa imperiýasynyň esasy özeni Partawa bolupdyr.

Gadymy Nusaý

Hut şu ýerde B.E. öň 247-nji ýylda Garagumda ýaşaýan aparn (ýa-da parn) taýpasynyň serdary Arsak Partawy eýeläpdir. Bu ýerdäki selewk satrapy Andragor öldürilipdir. Şondan soň Arsak özüni garaşsyz Parfiýanyň hökümdary diýip yglan edipdir. Parfawnisada Arsakidler neberesiniň mülkleriniň administratiw we ykdysady merkezi gurlupdyr. Köne Nusaýda geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda tapylan dokumentler bu galanyň adynyň Mitridatkert bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ol B.E. öň 171-138-nji ýyllarda patyşalyk eden Mitridat I tarapyndan gurdurylypdyr.

Köne Nusaýda demigazyk we günorta atlandyrylýan iki sany arhitektura toplumy bolupdyr. Weýran bolan demirgazyk toplumdan 1948-nji ýylda pil süňkünde (şirmaýydan) edilen meşhur ritonlar tapyldy. Günorta toplumda üç sany desgany - diň şekilli ymaraty, inedördül we tegelek zallary tapawutlandyrmak bolar.

Köne hem-de Täze Nusaý şäherjiklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende ajaýyp arhitektura, sungat ýadygärlikleri, keramiki gap-gaçlaryň böleklerine ýazylan hojalyk dokumentleriniň deň-taýy bolmadyk arhiwi ýüze çykaryldy.

Gadymy Nusaý

Parfiýa şalarynyň genji-hazynalary saklanylýan gaznalary köp sanly jaýlardan, eýwanlardan hem-de içerki howlujyklardan ybarat ägirt uly dörtgyraň desga bolupdyr. Gaznalaryň jaýlary gymmatbahaly zatlardan dolan badyna olar petiklenip, özboluşly seýflere öwrülipdirler.

Genji-hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparynyň ýüze çykarylmagy öz wagtynda asyryň tapyndysy diýlip atlandyryldy. Ritonlar bilen doldurylan tutuş bir otagyň üsti açyldy. Ritonlar şirmaýydan ýonulyp ýasalyp, olaryň käbirleriniň detallary altyn çaýylan bürünçden, sap altyndan we bürnçden taýýarlanypdyr. Ritonlarda dürli kompozisiýaly güberçek gazma nagyşlar ýerleşdirilipir. Ritonlar kentawrlaryň, ýolbarsa çalymdaş grifonlaryň, aýallaryň we ş.m. keşbi bilen bezelipdir.

Gadymy Nusaý

Bezeg-haşamlarynyň kompozisiýalarynyň sýužet äheňi esasan grek mifologiýasy bilen baglanyşykly bolup, ýöne grek mifleriniň personažlaryna ýerli, parfiýa häsiýeti berlipdir. Ritonlaryň birinde Parfiýa şalygyny esaslandyryjylaryň biriniň şaýylygyň ýüzündäki “skif” eşigine çalymdaş lybasly parfiýaly gabat gelýär. Beýlekileriniň käbirinde bolsa garamaýak parfiýalylary görýäris.

Gaznadan altyn çaylan gündogar tipli söweşjeň altyn paltajyk, ikiýüzli gysga gamalar, demir sowudyň bölekleri ýaly şa ýaraglarynyň görnüşleri hem tapyldy. Şanyň baýramçylyk galkany-da ussatlarça taýýarlanyp, kaşaň bezelipdir.