Gadymy Ürgenç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Tekeşiň mawzoleýi
Kutlug Temiriň minarasy.

Köneürgenç: Gadymy Horezm döwleti hakynda käbir maglumatlar Eýrandaky dag gaýalaryndaky ýazgylarda, Zaratuştra dininiň esasy kitaby bolan Awestada, pählewi edebiýatynda, grek--latyn, we Hytaý ýazuw çeşmelerinde duş gelýär. Emma diňe bu maglumatlar Horezmiň şöhratly ozalky keşbini dikeltmek üçin asla ýeterlik däldir. Orta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogaryň Gadymky halklarynyň döreden döwletleriniň ykbalynda uly rol oýnan Horezmiň wakalara baý taryhynyň ençeme sahypalary nämälim bolany üçin, baryp 1937-nji ýylda SSSR Ylymlar akadeiýasynyň «Horezm arheologik ekspedissiýasy» döredilipdi.


Horezmiň uly we gadymy şäherleriniň biri - Köneürgenç barada maglumat has hem az. Araplar ýurdy basyp almazdan öňkü Ürgenç (Gürgenç, Jurjaniýa) hakda hiç hili ýazgy ýok diýmek bolar. Dogry, Awesta kitabynda agzalýan Urwa şäherini käbir alymlar Ürgenç diýip düşündirýär.


Şahyň üstünden garan, öňki häkim Iýas ibn Abdyllany aýryp, onuň ýerine öz inisi Ubeýdylla ibn Muslim al Bahilini goýýar.


Seýlelikde Horezmde iki hökümetlilik peýda bolýar. Askajamuk Amyderýanyň sag kenarynda derýadan gündogarda, Kät şäherinde bolsa, häkim we emirler çepde , Ürgenje ýakyn bir ýerde ýa-da hut Ürgenjiň özünde bolýarlar. Arap dini hadymy Ibn Fadlan 992-nji ýylda bu ýerleriň üsti bilen Ýolgadaky Bulgarlara tarapa geçende, Horezmiň paýtagaty Kät eken. Emma Ürgenç weli günsaýyn güýçlenip ugrapdyr. 992-nji ýylda Kät säheriniň ýerleşen ýerini Amyderýa köwüp ýykypdyr. Bu wakadan bir ýyl geçenden soň, gadymy Horezmşalar nesliniň düýbini tutan Afrig patyşanyň iň soňky wekili Abu Abdylla Muhammet öldürilýär. Ürgenjiň emiri Mamun iki bölekden duran Horezmi bir döwlete birleşdirýär. 995-nji ýyldan başlap tä 17-nji asyra çenli «Horezmiň paýtagty» diýlende diňe Ürgenç göz öňünde tutulýar. Mamunyň ogullary Aly (997--1004-nji ýyllar) we Mamun II (1004--1017-nji ýyllar) döwründe Horezm doly özbaşdak bolýar.


Sol wagt Ürgenç bütün gündogaryň iň uly şäherine öwrülipdir. Şäherde söwda, senetçiliik, sungat we ylym ösüpdir. Emiriň köşgü köp sanly akyldarlaryň jemlenen merkezine öwrülipdir. Käbir awtorlar Mamun II köşgünde işlän alymlar toparyna «Akademiýa» hem atlandyrýar. Sebäbi döwrüň belli alymlarynyň köpüsi Horezmiň köşgünde jemlenipdirler. Horezmiň baýlygyna Gazna şäheriniň soltany Mahmudyň gözi gidip we güýç toplap, 1017-nji ýylda Ürgenji basyp alypdyr.


Seýdip Ürgenç ilki Gaznewilere, soň bolsa olary taryh meýdanyndan gysyp çykaran Seljuklylara tabynlykda bolupdyr. Seljuk Mälikşa (1072--1092) asly Garçistanly bir adamdan Anuştegin atly Türk gulamyny satyn alýar. Ol özüniň akyl-paýhasy bilen beýleki gulamlardan tiz saýlanýar. Soltan Sanjaryň (1118--1157) höküm süren döwründe Anuştegin Horezme häkim edip bellenýär. Anuşteginiň agtygy Atsyz (1097--1127) döwründe Horezmiň özbaşdaklygy üçin ýenede hereket başlanýar. Ýöne tiz wagtdan Atsyz bilen Sanjaryň arasyna tow düşýär. Bu iki soltanyň arasynda birnäçe uruşlar bolup geçýär. Sol uruşlar hakynda giňräk maglumat Ibn al Asiriň «Kämil» taryhynda we Sihabeddin an-Nesewiniň «Soltan Jelaleddin Mangburnynyň ömür beýany» kitabynda aýdylýar. Atsyzyň ogly Ilarslan 17 ýyl şalyk eden soň, 1172-nji ýylda aradan çykýar.

öne omuň uly ogly dälde kiçisi Soltanşa tagty eýeleýär. Iki doganyň arasynda dogan jeň 1200-nji ýylda Tekeş wepat bolýança dowam edýär, tagta bolsa Tekeşiň dogany Alaeddin lakamly Muhammed çykýar.


Köp ýerlerini basyp alyp uly imperiýa döreden Alaeddin Muhammet şa, ýurda mongollar çozanda aljyraňňylyga düsýär. Olardan gaçyp gutulmak isläp «beýik horezmşa» 1220-nji ýylda Kaspi deňiziniň Abeskun adasynda gözgyny ýaddaýda «amanadyny tabşyrýar», şonda hatta onuň jesedini dolamaga kepen hem tapylmansoň, nökerleriň biri köýnegini berýär. Muhammediň ogly Jelaleddiniň mongollar bilen eden merdana söweşleri Ürgenç bilen gös-göni dahyly hem ýok diýmek bolar.

Mongolar çozmazdan sähel öň Arap alymy Ýakut Ürgenje gelip görüpdir. «Men ony 1219-njy ýylda tatarlar (ýagny mongollar) almazdan öň görüpdim. Mundan baý we gowy şäheri öň görenim ýadyma düşenok. Ony tatarlar ýykandan soň bu sözlerimiň ýalan ýaly ýaňlanmagy mümkin, sebäbi meniň soň soňlar eşidişime görä, şäherden nam nyşan galmandyr. Şäherde ýaşan adamlaryň barysy öldürilipdir... Baýlykda, ulylykda, ilatyň köplüginde we mylakatlylygynda Horezmiň baş şäheri ýaly şäher älemde ýokmuka diýýärin» diýip, Ýakut ýazýar.

Sol ýyllarda Ürgenji suw basmak howpundan saklap duran bendiň bolandygyny Ýakut ýatlaýar. Şäheriň bir bölegi suwuň sag tarapynda, býlekisi çep tarapynda bolupdyr. Amyderýanyň suwyny belli bir derjede saklap duran bendi halk her ýylda abadanlaşdyryp durupdyr. Bendi mongolaryň ýykandygyny ýa-da gözegçiliksiz galansoň öz-özüniň ýykylandygyny kesgitlemek kyn. Taryhçy Ibn al-Asyr bendi mongollar weýran etdiler diýip tassyklaýar. Her halda Ürgeji suw basypdyr. Şäher sag, ýagny demirgazyk tarapy birazrak belendiräk bolany üçin, onda üç sany ymarat abat saklanyp galypdyr.


Ürgenjiň (Horezmiň) halykynyň käbir özboluşly aýratynlyklaryny taryhçylar belläpdirler. «Oturyşyp--turuşmany gowy görýän, çenden aşa myhmansöýer, batyr we söweşde edermen adamlar» diýip al Mukaddesi olary taryplaýar. «Şäheriň ilaty söweşjeňlikde we ýaýdan ok atmaklykda meşhurdyr» diýip, awtory näbelli «Hudud el-älem» kitabynda bellenýär.

Özüniň örän zähmetsöýerligi bilen tanalýan Ürgenç ilaty mongollaryň eden weýrançylygyny ýüz ýyl geçip-geçmänkä düzeldipdir. Altyn Ordanyň tabynlygyna düşende bolsa, häkim Kutlug Temiriň we onuň aýaly Törebeg hanymyň döwründe şäherde binäçe kaşaň ymaratlar peýda bolýar.


Gaydmy Ürgenje bagyşlanyp ýazylan ýörite kitap bolmasa-da aýry-aýry kitaplarda gysgajyk we üzňe habarlar duş gelýär. Kitap düzüji Fasih Hawari özüniň «Mujmali Fasihi» (Fasihiň ýygyndysy) atly eserinde her ýylda ýüze çykan hadysalary gysgajyk beläpdir. 707-nji hijri ýylynda (1307-1308-nji milady ýyly) Ürgençde bolup geçen wakalar hakda Fasih Hawari şeýle ýazýar¦ «Horezmiň Jurjaniýesinde emir Toluk ibn Kuç-Temir öldü. Soltan Muhammed Hudabende Uljaýtu han Nejmeddin Kutlug Temiri horezmşa edip belledi we ony Horezme ýollady.»

Bu maglumatdan Ürgençde birnäçe ymarat we Orta Aziýada iň beýik minarany bina etdiren Kutlug Temiriň şähere haýsy wagtda gelendigi mälim bolýar. Ilat kem-kemden özüni tutup, ýene-de şäher gurluşygyna giň gerim beripdir. Ürgençliler häkimi hem özleriniň ýokary medeniýetine çekipdirler. Her halda Kutlug Temir halkyň döredijilik başlangyçlaryny goldapdyr. Şäherde uly gurlyşyk gidipdir. Ürgenji 1333-nji ýylda gören Marokkoly syýahatçy Ibn Battuta seýle ýatlaýar¦ «Ol ilatyň gürlüginden ýaňa tolkun atýan deňzi ýada salýar. Bir gezek men bazaryň Sur atly merkezine atly girdim. Märekäniň şeýle gür ýerine ýetdim weli, yzyma dolanyp bilmän, köp eglendim. Birnäçe wagtdan soň yzyma öwrüldim. Şäheriň çetinden uçmahdan baş alyp gaýdýan dört derýanyň biri-Jeýhun derýasy akýar. Ol Itil (Wolga) ýaly doňýar. Adamlar buzuň üsti bilen bäş aýlap iki ýana geçýärler».


Özüniň ýatlamalarynda Ibn Battuta aýazly günleriň birinde Amyderýanyň orta akymlarynda ýerlesen bir döwleti dolandyryp ýören emirleriň birini görendigini we onuň bilen salamlaşmaga dodaklarynyň gowuşmandygyny ýazýar. «Meniň bu halymy görüp, emir güldi we soňra köp pul peşgeş berip, aw awlamaga barýan ýoluny dowam etdirdi». soň Ibn Battuta Horezme gelip, has demirgazykda ýerleşen ülkäniň erbet sowugyndan azar çekendigini ýazýar.

Fasih Hawariniň ýygyndysynda ýazylyşyna görä, 1336-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Kutlug Timur ölýär. Ol özüniň bina etdiren S'habiýa atly medresesinde jaýlanypdyr. Ibn Battutadan ýedi ýyl soň, ýagny 1340-njy ýylda bu ýere gelen Florebsiýa söwda firmasynyň wekili Balduççi Pegoletti şäheriň ähmiýetini şeýle kesgitleýär¦ «Aziýanyň çuň alyslyklaryna aralasyp ýörmegiň hiç hajaty ýok, sebäbi Horezmiň paýtagty Ürgençde Ýewropa bazarlary üçin zerur bolan ähli harydy satyn almak mümkin».

Soňky sözlerinde hamala Ürgenç tiz dikeldilen ýaly bolup görünýär. Ýöne hakykatda beýle bolmandyr. Iberilen wekil 15 ýyldan yzyna dolanan bolsa-da, weýran edilen säheriň diňe bir bölegi --Kagan mähellesi (kwartaly) täzeden dikeldilipdir.

Temiriň döwründe, esasan, söwda ýollary Ürgençden sowulyp geçipdir. Desti-Gypçakda çarwa özbek hanlarynyň öz aralaryndaky tire--taýpa uruşlary köpelip, Ürgenjiň öň gatnaşyk saklanan Altyn Ordanyň merkezlerinden hem arasy kesilipdir. Altyn Ordada başlanan uruş Temirleň ölenden soň onuň mirasdarlarynyň tagt üçin eden uruslaryna meňzeşdir. Altyn Ordadaky başagaýlykdan peýdalanyp, Temirleňiň ogly Sahruh Horezmi eýeläpdir. Emma 15-nji asyryň ikinji ýarymynda Horezm ýenede özbaşdaklyk gazanypdyr.

Temirleň we onuň ogullary, Seýbany han we onuň tiredeşleri, Eýran şasy Ysmaýyl I Ürgençde öz häkimlerini otudypdyrlar. Bu hanlar we soltanlar döwründe ne-hä bir uly ymarat salynypdyr, ne-de bir kanal gazylypdyr. Ykdysady we medeni taýdan pese düşen Ürgenjiň ýagdaýyny syýahatçy Jenkinson 1558-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda görüpdir. Ol şeýle ýazgy galdyrypdyr¦ «Ürgenç şäheri düzlük ýerde ýerleşipdir. Onuň töweregine 4 mile golaý palçykdan ýasalan haýat salynypdyr. Öýler hem palçykdan, olar tertipsiz we ýykyljak bolusyp durlar. Bir köçäniň üsti basyrygly, Ürgençliler ony bazar hökmünde ulanýarlar. Agzalalykly uruşlar döwründe şäher ýedi ýylyň içinde dört sapar bir hanyň elinden beýleki hanyň eline geçipdir. Şonuň üçin bu ýerde täjirler az, barjalary hem juda garyp. Tutuş şäherde men, barja ýogy dört top mata satyp bildim. bu ýerde satylýan esasy harytlar Buharadan we Eýrandan getirilýär. Olar hem şeýle bir az hatda ýazyp oturanyňada degenok. Kaspi deňzinden Ürgenç şäherine çenli ýaylyp ýatan sähra Türkmenleriň ýurdy diýilýär. Ol ýurt Hajymhana we onuň bäş sany inilerine tabyn. Olaryň biri «uly han» diýip atlandyrylýar. Emma oňa ýaşaýan ýerinde we soraýan welaýatynda gulak asylaýmasa, başga ýerde idili boýun egmeýärler. Munuň sebäbi onuň inileriniň her haýsynyň özbaşdak han boljak bolmagyndadyr...»

Umuman, 18-nji asyryň ahyrynda dörän taryhy şertleriň netijesinde Ürgenç hiç haçan öňki şan--şöhratyna ýetmändir. Şol şertleriň esaslary hökmünde uly taryhy wakalaryň Mawaranahra geçmegini, Horezmi özara uruşýan çarwa özbek hanlarynyň eýelemegini, Ýewropa, Hindistan we Hytaý arasyndaky söwdanyň deňiz ýollary bilan amala aşyrylmagyny, Amerikanyň açylmagy bilen bu şäheriň Ýewropa söwdasyndan çetde bolup galmagyny, Amyderýanyň ugrynyň üýtgemegi bilen şäheriň akar suwdan daşda galmagyny we ş.m.-leri görkezmek bolar.

Taryhçy hökmünde tanalýan Abulgazy hem tagta çykandan bir ýyl soň, Hywa şäheriniň demirgazygynda gala saldyryp, adyna Täzeürgenç dakýar. 1646-njy ýylda gadym Horezm döwletiniň paýtagty Ürgenjiň ilatyny ol ýere göçürip alyp gidýär. Şeýlelikde, Horezm döwletinde Ürgenç ady bilen iki döwlet emele gelýär.

Köneürgenç etrabyndaky gadymdan özleşdirilip gelen ýerleri suwlandyrmak üçin 1831-nji ýylda kanal çekilipdir. Halk gadymy paýtagtyň demirgazyk tarapynda orun tutup başlapdyr. Ürgenji täzeden dikeltmegiň iň soňky synanşygy Muhammet Emin (Mädemin) hanyň (1846-1855) ady bilen baglydyr. Ol Ürgenji paýtagt etmekçi bolupdyr we 13--14-nji asyrlarda Altyn Ordadan bellenen häkimleriň köşkleri ýerleşen jaýyň töweregine haýat hem saldyrypdyr. Han Türkmenlere garşy uruşda öldürilipdir we onuň arzuwy başa barman galypdyr.

Ülkäniň 17-nji asyra we ondan soňky döwüre degisli resmi hatlarynda «Horezm hanlygy» diýilen at diňe rus we günbatar Ýewropa adabiýatyna mahsusdyr. Öz resmi hatlarynda ülkäniň adynyň Horezm diýilip tutulandygy üçin 1920-nji ýylyň rewololýussiýasy netijesinde onuň territoriýasynda dörän respublika Horezm Halk Sowet Respublikasy ady dakylypdyr.

Parahat söwda ýollary bilen üpjün edilen haryt alyş--çalyşygy arap halifatyna tabyn halklaryň ösüşiniň ähli taraplaryny öz akymyna girizipdir. «Ägirt uly möçberde baglaşylan söwda şertnamalary Uzak Gündogarda hem, Alys Günbatarda hem alynyp barylardy we şol sertnamalardan gelýän pul tölegleri girdeji hökmünde düşýän salgytlardan we haraçlardan has çalt köpelerdi» diýip, 10-njy asyryň bir ýazyjysy belläp geçipdir.

Ol döwüriň Horezm döwleti halkara söwdasynyň iň uly merkezleriniň birine öwrülipdir. Gündogar Ýewropanyň, Orta Aziýanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň söwda satyk bähbitleri bu döwlet bilen ysnyşykly gatnaşyk etmek bilen bagly bolupdyr. Uly baýlyklaryň toplanmagyna getiren giň söwda ülkäniň şäherleriniň ulalmagyna, obalaryň giňelmegine, senetçiligiň we sungatyň ösmegine, feodal ahlagyň pugtalanmagyna getiripdir. Ürgenjiň bazarlary Güdogar Ýewropa bilen Gündogar Aziýada öndürülen harytlardan doldurylypdyr.

Şol wagtlarda üç sany halkara kerwen ýoly bolup, biri Mawaranahrdan gelse, ikinjisi Buharadan çykyp, Warahsa (Amyderýanyň sag tarap kenary bilen, Surahanyň üstünden geçip), Kät, Has, Nuzkat, Nukbag (Porsy), Mizdakhan aşyp Ürgenje gelipdir. Şu ýoluň Mary tarap gidýän sahaşy-da bolupdyr. Ol Tahiriýadan Günortarakda ýerleşen Nuskary (Gabakly) rabatynda ýoluň ikä bölünmeginden emele gelipdir. Şahalaryň biri gönü gönorta -- Amul şäherine gitse, beýlekisi gumuň jümmüşinden Mara çykypdyr. Hywanyň 19-njy asyra degişli ýazgylarynda bu ýol «Taht ýoly» diýlip atlandyrylýar.

Üçünji ýol -- Şähristan ýoly diýlip atlandyrylypdyr. Baryp Kusanlar döwründe dörän Zamahsardan kerwenler Şähristana we Nusaýa gelipdirler. Bu ýol günbatar Horasandan başlanyp, Gyzylarbatdan Garagumyň içinden geçip, Uzboýdaky guýularyň ugry bilen Çermenýaba (Çermenýap) tarap uzapdyr. Ol Çermenýabyň kenary bilen Zamahsara ýetipdir we ol ýerden Arda-Husmitan şäherine baryp, Ürgenç we Kät şahalaryna bölünipdir. Zamahsardan Ürgenje gidýän ýoluň has gysgaragy hem bolupdyr. Bu ýoluň Ýedi weli atly ýerden geçip, bir topar rabatlaryň -- kerwensaraýlaryň üsti bilen Zamahsara ýeten bolmagy mümkin. 10-njy asyrda al-Mukaddasy Kiçiürgenç atly säheriň bolandygyny ýazan bolsa , 13-nji asyryň başynda Ýakut Kiçiürgenjiň uly Ürgençden üç parsah (parsah--6-7 kilometre deňdir) aralykda ýerleşýändigini kesgitleýär. Merhum Ý. Gulamow Ýedi welili Kiçiürgenç bilen bir hasap ederdi.

Ürgençden günbatara gidýän söwda ýoly Üstýurtdan Emba we Itil (Wolga) derýalaryna ýetipdir. Sol ýerde ýol birnäçe şahalar bölünipdir. Ürgençden gaýdan bu ýollaryň Itil derýasynyň kenarlaryndan gadymy Hazar we Bulgar döwletlerine gidýän şahalary bolupdyr. «Taryh al-Masudi» atly kitapda Horezmlileriň suw ýollaryndan hem peýdalanandyklary bellenilýär. Wolga derýasynda Horezmiň dürli önümleri ýüklenen uly gämileri ýüzüpdir.

Uly kerwen ýollary bir görseň, çar tarapa dargaşyp, bir giden ulyly-kiçili gala we obalara degip geçip, ýene-de esasy şaýolda birigpdirler. Şeýle ýollaryň hut horezm wadisiniň (wadi--oazis) özünde birnäçesiniň bolandygyny al-Mukaddasi belläpdir. Ol üç sany ýerli ähmiýetli kerwen ýolunyň ugrunda ýerlesen şäherleriň, galalaryň özara näçeräk daşlykda ýerleşendiklerini ýazyp görkezipdir.

Ürgenjiň gös-göni gatnaşmagynda edilen söwdada haýsy harytlaryň ulanylandygyny bilmek hem gyzyklydyr. 10-njy asyryň başyna degişli seýle maglumaty al-Itahri ýazyp galdyrypdyr¦ «Horezm -- hasylly, iýmite we miwä baý şäher. Onda diňe hoz ýok. Bu ýerde uzak ýurtlarda satmak üçin pagtadan we ýüňden köp zatlar öndürilýär. Şäherde ýaşaýanlaryň aýratynlygynyň biri hem baýlygyny we edermenligini aýan etmeklilige höwesliligidir. Horasanyň beýleki ilatyna garanyňda, bular özge ülkelerde köp duşýar, olar köp syýahat edýärler. Köp sanly Horezmlileriň ýaşamaýan uly säheri Horasanda duşmaýar. Horezm ýurdynda altynyň, kümşüň, gymmatbaha daşlaryň magdany ýok. Olaryň baýlygynyň abraýly bölegi mal saklamak we türkler bilen söwda etmekden önýär. Slawýanlardan, hazarlardan we olaryň goňşy halklaryndan, şol sanda türklerden düşýän gullaryň aglabasy, şeýlede sähra tilkileriniň, senjabyň, gunduzyň derileri bularyň elinde jemlenýär».

Köneürgençden başlanyp Yzmyhsirde gutarýan gadymy kerwen ýoluny göz öňüne getirjek bolup synanşalyň. Şonda şeýle marşruty çak edip bolar¦ Köneürgrnç--Kiçiürgenç (Ýedi weli) 3 parsah, Kiçiürgenç--Sazakly öwliýä 3 parsah, Sazakly öwliýä-Tüýnükli öwliýä 1 parsah, Tüýnikli öwliýä-Ak depe 1 parsah, Ak depe--ikinji Sazakly öwliýä 2 parsah, Ikinji sazakly öwliýä--Yzmyhsir 1 menzil. Bu ýerde ikinji Sazaklydan Yzmyhsire çenli bolan bir menzillik, ýagny ýedi parsah aralyk, elbetde, «öwliýäsiz» bolan däldir. Su iki merkeziň arasyndaky gadymy gonamçylyklaryň astynda galapyn antik we orta asyra degişli arheologik ýadigärlikleriň ençemesi gömülip ýatyr.

Içeriki söwda degişli kerwen ýollarynyň başga ugurlarynyň hem bolan bolmagy mümkin. Mysal üçin, has soňraky asyrlarda Ürgençden gelýän ýol Ýedi welä barman geçen bolmagy mümkin, sebäbi Kiçiürgenç diýilen at köpçüligiň ýadyndan çykyp onuň ýerine gonamçylyk döränsoň kerwenler başga bir ýerde düşlemeli bolandyr. Şeýle ýerleriň biri hökmünde Mädeminhanyň galasyny görkezmek bolar. Hywadan ýörite Köneürgeji görmek üçin gaýdan Eýranly ilçi we alym Rizakulihan Hidaýatyň 1851-nji ýylda geçen ýoly gyzyklydyr. Ol Hywadan cykyp Daşhowuza gaýdypdyr. Soň Hilaleýinde, ýagny Ýylanlyda bolup, Ak depä gelipdir. Ak depeden soň Mädemingalada hem bir gije ýatyp, Köneürgenje gelip ýetipdir. Bu agzalan ýerlerde ilçiniň atly hemralary gijelerine düşlemeli bolupdyrlar. Ol ýurdyna dolanansoň «Safar nama-ýi-Horezm» atly kitap ýazypdyr. Hidaýat Köneürgenje eden sapary wagtynda bu gadymy şäherde gören gadymy ymaratlaryny we ýaşap geçen meşhur adamlary hakda ýatlamalar galdyrydyr.

Horezmiň paýtagty Hywa säherine göçürilenden soň hem Köneürgenje geler durar ekenler. Täze paýtagtyň gözel ymaratlary köp bolsada Köneürgençdäki gadymdan galan nusgalar köpçüligiň ünsünden düşmändir. Hywadan gaýdýan ýol Täzeürgenje, Şabada, Daşhowuza, Porsa degip geçip Köneürgenje gelipdir. Hywadan gaýdýan ýollaryň başga şahalary-da bolupdyr. Mysal üçin, Hywa, Gazawat, Tagtanyň üsti bilen ýene-de Daşhowuza ýa-da Ýylanla çykylýan ýollar bolupdyr. Biziň günlerimiziň asfalt ýollary hem gadymy kerwen ýollarynyň käte üstünden, käte golaýyndan geçip Köneürgenje ýetýär.

Daşarky çykgytlar[üýtget]

  • [1]Ylmy edebiýatlarda oňa Tekeşiň mawzoleýi, halk arasynda bolsa Gökgümmez hem-de din wekili Şyh Şeripbabanyň aramgähi diýilýär.