Mazmuna geçiň

Günota Afrika respulikasy 1918-1939 ýyllarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Günota Afrika respulikasy iň täze döwrüň başlarynda 1910 ýylda döredilen Günorta Afrika Soýuzyna (GAS) girýärdi. Jynsy we milli düdimi boýunça GAS örän dürlidi. Gottentotlar, buşmenler kýp mukdarda ýok edilýär, birnäçe müňi çöllük ýerlere gysylyp çykarylýar. Ýurduň ilatynyň 3/2 bölegini bant taýpalary tutýardy. Şeýlede burlar, iňlisler, hindiler ýuduň ilatyny düzýärdi. GAS ykdysady babatda ösen ýurtlaryň biridi. Х1Х asyryň 70-80 ýyllarynda almaz , altyn känleriniň açylmagy bilen senagatyň täze pudaklary döredi.

Senagat we oba hojalygy esasan Afrikalalaryň zähmeti esasynda saklanýardy. Bant taýpalaryň ýerleriň alynmagy, olaryň maldarçylyk bilen meşgulmagyna päsgel beripdir. Şonuň üçin olar maldarçylyk fermalaryna batrak bolupdyrlar. Afrikalalaryň ýaşaýan ýeri bütin ýurduň 12 %-i tutupdyr.

1913 ýylda kabul edilen “ýer hakyndaky” kanuna laýyklykda afrikalylaryň ýere eýeçilik etmäge hukugy bolmandyr. Bu kanun afrikalylara “ak” fermeriň erinde ýylda 90 gün işläp bermek şerti bilen ýaşamaga mümkinçilik beripdir.

Birinji jahan urşy döwründe ýurduň ykdysadyýeti mese –mälim ösýär. Antantanyň Gd we Go-Gb Afrikada we Ýewropada uruş hereketlerini alyp barmagy, ýurduň hojalygynyň ösmegine itergi berdi. Dünýä ykdysady gatnaşykjlarynyň kesilmegi ýurduň içki bazarynyň ösmegine şert döretdi.

Täzeden işleýän senagat kärhanalarynyň sany 1915-1920ýyllarda iki esse artýar. 1922 ýylda demir we polat eretýän kärhanalar döredilýär.

1920-1921 ýyllaryň dünýä ykdysady çögüliligi GAS-a hem agyr täsir edýär.

ХХ asyryň 20 ýyllary GAS-yň taryhynda synpy göreşiň ýitileşen döwri boldy. “ Afrikanyň senagat işçileri” guramasy 1912 ýylda döredilen Afrikanyň milli kongresi bilen işçileriň çykyşlaryna ýolbaşçylyk etdi. 1919 ýylda “Afrikanyň söwda we senagat işçileriň birleşigi” guramasy döreýär. Bu gurama GAS –yň afrikan ilatynyň iň iri milli guramasydy. Oňa ilatyň dürli gatlaklaryndan gireipdir. 1922 ýylyň Nowruz aýynda şahtaçylaryň uly gozgalaňy bolup, basyp ýatyrmak üçin 18 müň adamly, toply, pulumýotly, uçarly goşun iberilýär. Şahtaçylar 5 gün güçli garşylyk gökezýärler. Emma gozgalaň basylyp ýatyrylýar we gazaply öç alynýar.

1929-1933 ýyllaryň dünýä ykdysady çökgünliligi döwründe esasy kynçylyk halk köpçüliligiň gerdenine düşüpdir. Bu döwürde halkyň göreşi güçlenýär. 1929 ýylda “Afrikalalaryň hukuk ligasy” döredilýär. Liga her ýyl Bitaraplyk aýynyň 16 –y bitewi milli frontuň dörän güni höküminde bellemekligi karar edýär.

(1838 ý Bitaraplyk aýynyň 16–da Dingaanyň ýolbaşçylygynda zulum goşunlarynyň burlara garşy gahrymançylykly göreşi bolýar). “Dingaanyň güni soňky ýyllarda köçülikleýin demonstrasiýalar, ýygnaklar guralypdyr.