Entoni Jenkinson

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Entoni Jenkinson (doglan wagty belli däl – ölen wagty takmynan 1611 ý)iňlis täjiri we diplomat. Ýewropa, Aziýa we Afrika boýunça köp syýahat edýär. 1557-72-nji ýyllarda dört gezek Russiýa döwletinde bolýar. Iwan Groznyý IV rugsat bermegi bilen 1558-59-njy we 1562-64-nji ýyllar Rusiýanyň üstünden Eýrana we Orta Aziýa geçýär. Jenkinson Iwan IV iňlis söwdasynyň monopoliýasyna (1567-69)rugsatnama almagy başarýar,ýöne Angliýa bilen Russiýanyň arasynda bileleşik şeretnamasyny baglaşmak şerti bilen. Angliýanyň şertnamany bglaşmakdan boýun gaçyrmagy bilen Iwan IV monopoliýany ýatyrýar (1570). Jenkinson syýahatlaryň beýannamasyny ýazýar – Russiýanyň Angliýa, Buhara, Hywa we Eýran bilen özara gatnaşyklarynyň taryhy boýunça wajyp çeşme bolup durýar. Entoni Jenkinson: Gündogaryň Galkynyş döwrüniň iňlisi. XVI asyryň ortalaryna Angliýa bilen Moskwa döwletiniň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda esasy orun täjir we diplomat, Liwerpul lordlarynyň düýbüni tutujy Entoni Jenkinsona (?-1610/11) degişli. 1557-nji ýyldan 1571-nji ýyllar aralyk, iňlis hökümdarlarynyň ilçisi hökmünde we londonly täjirleriniň 1555-nji ýylda esaslandyran Moskwa kompaniýalarynyň wekili hökmünde Russiýada dört gezek bolýar. Jenkinson dogumlylygy bilen tapawutlanýardy. Onuň eden ýazgylaryna laýyklykda, 1546-1572-nji ýyllar aralyk Günbatar Ýewropa döwletlerinde, Ortaýer we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda, Laplandiýada, Russiýada, Orta Aziýa we Persiýada, şeýle hem Kawkaz we Krym döwletlerinde bolýar. Täze geografik usullarnda habarynyň bolmagy we syýahatçylykdan köp ýyllaryň tejribesi Jenkinsony gündogar söwdasynda we diplomatiýasynda tapylgysyz hünärmen hökmünde tanadýar. Jenkinson Angliýanyň 1556-njy ýylda Riçard Çensleriň ölüminden soň korolewa mariýa Týudor tarapyndan Moskwa ugradylan ikinji ilçisidi. 1557-nji ýylda hut Jenkinsonyň özi “Primrouz” gämisiniň bortunda Russiýa Britan adalarynda bolan ilkinji moskwaly ilçi Osip Grigorýäwiç Nepýuny elttýär. 1557 we 1561 ýyllar haçanda patyşa Iwan IVbilen bolan gepleşikler Ýelizaweta I adyndan alynyp barylýan wagty Jenkinsonyň essyy meselesi gorag hatlaryny almak we Wolga boýunça kaspi deňzine päsgelçiliksiz barmakdy. Diplomatik missiýa bilen bir hatarda oňa ýene-de Hindistana we Hytaýa barýan günorta-gündogar ýollaryny gözläp tapmak tabşyrylypdy. Bu ýagdaý Londonda arktik suw;larynyň üsti bilen Ýuwaş okeana barmagyň ýoly hökmünde garalýardy. Haçanda polýar buzar Hýu Uiloubiniň (1553) we Stiwen Borrounyň (1556) Demirgazykda ekspedisiýasyny togtadanda, esasy umyt orta Aziýanyň ýerlerine Wolga boýunça barmakdy. Jenkinson özüniň 1558-1560-njy ýyllarda Buhara tarap eden ekspedisiýa döwründe Kaspi deňziniň kenaryny we Orta Aziýany suratlandyran ilkinji günbatarýewropaly syýahatçy bolupdy. Bu öwrenmeleriniň netijesi bolsa diňe bir onuň beren hasabatlarynda bolman eýsem şol döwürde edilen we !562-nji ýylda Londonda çap edilen şeýle hem “Moskowiýany, Russiýany we Tatariýany suratlandyrma” diýilip atlandyrylan Russiýanyň, Kaspi deňizniň we Orta Aziýanyň iň bir takyk kartasy bolupdy. Feodallar tarapynda ezilen Orta Aziýany kommersiýa taýdan öwrenmekden boýun gaçyran Jenkinson Persiýa bilen gatnaşygy gurmagy talap edýärdi, çünki 1562-1564-nji ýyllarda gurnalan ekspedisiýanyň döwründe ol ýüpegi we beýleki üýtgeşik harytlary çykarmagyň ýollaryny tapypdy. Şeýlelik bilen ol Moskwaly täjirleriň Demirgazyk Deňzi, Wolgany we Ýüpek ýoluny birikdirmek arzuwlaryny tejribede amala aşyrmagy başarýar. Jenkinsonyň Moskwaly kompaniýasyna beren Gündogara bolan syýahatynyň hasabatlary 1598-nji ýylda Riýard hklýud tarapyndan “Iňlis milletiniň esasy ýüzüşleri, syýahatlary we açyşlary” diýilip atlandyrylyp çap edilýär. Jenkinson özüni synlaýjy we pikir edip bilýän syýahatçy hökmünde tanadýar we şonuň üçin hem onuň eden ýazgylary gelejekde Moskowiýanyň, Orta Aziýanyň, Persiýanyň, Zakawkaziýanyň XVI asyr taryhy we etnografiýasy boýunça gymmatly çeşme bolup durýar. Özüniň hasabatlarynda Jenknson öwrenýän ýerleriniň tebigatynyň aýratynlyklaryny, syýasy gurluşyny we gündelik durmuşyny jikme-jik suratlandyrman eýsem ýerli ýaşaýjylary uzakda ýerleşýän Angliýa bilen gatnaşyklara uýgunlaşdyrýar. Indiki gabat geljek kynçylyklary sanap geçip Jenkinson adamsyz taýgada ýa-da suwsuz çölde diri galmaklygyň kanunlary bilen oňat tanyşdygyny beýan edýär. Emma kynçylygyň hakyky çeşmesi bolup onuň hasap etmegine görä adamlaryň öz aralaryndaky gatnaşyklarynda görýär. Jenkinsonyň dünýäniň islendik künjeginde ýöreýän özüňi alyp baramagyň uniwersal ýörelgelerine we uýgunlaşmagyna köp üns bermegi ýöne ýere däldi. XV asyr we XVI asyryň başyndaky edilen açyşlar ýagny, Ýeriň togalak görnüşde bolmagynyň subut edilmegi orta asyr Ýewropadnyň ýer baradaky garaýşyny düýbünden üýtgedipdi. Syýahatçynyň XVI asyrda erkin ondan oňa geçmegi üçin göz öňüne getirmäniň ýokary derejede bolmagyny talap edýärdi. Jenkinson hem diňe asmana seredip Kaspi deňziniň gyrasynda takyk barmaly ýerine baryp bilmegi täjirleri geň galdyrýardy. Ekspedisiýa döwründe Jenkinsonyň geçiren hasaplarynyň netijesi birnäçe geograflaryň birnäçe nesillerine başlangyç çeşme bolup çykyş etdi. Onuň Moskowiýanyň we Orta Aziýanyň düzen kartasy ilkinji geografik atlasa girýär –1570-nji ýylda Abraham Orteliýa tarapyndan “ Ýer şarynyň görnüşi” diýilip atlandyrylýan iň abraýly kartalaryň ýygyndysyna. Jenkinsonyň karta getiren Goşmaçasynda onuň häsiýetli aýratynlyklary görmek bolýar. Ol islendik öň özüne mälim bolmadyk daşary ýurt medeniýetine uly gyzyklanma bildirýärdi. Özüňi alyp barmagyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan Jenkinsona diňe bir kompaniýa tarapyndan ýüklenilen meseleleri kynçylyksyz ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermän eýsem, bolan ýerleriniň ilaty tarapyndan sylag hormaty gazanmaga hem ýkömek etýärdi. Jenkinson özüçe Angliýanyň, Russiýanyň we Gündogar ýurtlarynyň halklarynyň arasynda ilçi hökmünde çykyş edýärdi. Şol sebäpli hem iň soňunda XVI asyryň ortalarynda Hindistanyň we Hytaýyň ýerlerine aralaşmaga mümkinçilik bolýar. Kaspi deňzi, kaspi ýakasynyň geografiýasy we Amy-derýaň kartasy. XV asyrda italýan kartografy tarapyndan Kaspi deňizniň kartasy takyk berilen hem bolsa ýewropaly kartograflary oňa ynanmazlyk bilen garaýardylar. Iňlisleriň berýän kartasynda Kaspiniň günorta tarapy keslin, uzyn aýlagly we Amyderýa akýan görnüşdedi. Jenkinsonyň eýýäm Orta Aziýa gidip geleninden soň Kaspiniň görnüşini bilýärdi diýen pikirlere kän bir ynanylmaýar. Emma hut şeýle çaklamalar hem deňziň şeýle takyklyk bilen suratlandyrylmagyny, kenar ýakada ýerleşen şäherleriň takyk geografik ýerleşişini beýan edilmegine esas berýär. Merkatoryň 1569-njy ýyldaky “Ptolemeýewa” kartasyndaky Kaspiniň görnüşi hakykata gabat gelmeýärdi.emma iňlis kartasyndaky Kaspiniň şeýle takyk görkezilmegi deňziň grafikasy eýýäm 1562-nji ýylda beýan edilendiginden habar berýär. Kartada ýerleşdirilen Kaspi deňziniň inçeden uzyn aýlagySarygamyş kölüni öwrenijiler tarapyndan eýýäm uzak wagtlap ykrar edilýär. Kartadaky Wazirden (Dew-Kesken, Sellizýur) gaýtýan aýlagynyňň gönükdirilen tarapy başga howdanlaryň Aýbugir ýa-da Barsa –Gelmez howdanlaryň barlygyny aradan aýyrýar. S.Tolstowyň pikiriçe Amyderýanyň günbatarda sarygamyşa guýup ol ýerde 90 metr çuňluga çenli ýetýän köli emele getirmegi XIV asyrda bolup geçýär. Sillizýur galasynyň ýerleşýän ýerindäki welaýat barada Jenkinson şeýle habar berýär: “bu ýurduň ulanýan suwlary Oksus derýasyndan geçirilen kanallardan alynýar we bu derýanyň suwunyň azalmagyna getirýär. Ine şonuň üçin hem öňki döwürlerdäki ýaly bu derýa Kaspi deňzine akmaýar.” P.Makeýew bolsa bu barada kanallar boýunça Dew-Kesken etraplaryna Oksusdan (Amy derýadan) getirip bolmaýar diýip belleýär, sebäbi bu etraplar Amy derýa birikýän düz ýerlerden üsti tekiz belentligiň burny Ustýurt (Ak gelin) bilen çäklendirilen Kunýa-derýanyň kenarynda ýerleşýär. Dew-kesken etraplaryna barýan kanallardaky suwlar Kunýa- derýadan gelip biler diýilip hasap edilýär. Şol bir wagtda Jenkinson tarapyndan Kunýa-derýanyň suwunyň azalýandygy barada aýdanlary, Günbatar Uzboýdan öz gözbaşyny alýan Sarygamyş kölüni iýmitlendirýän ýaplaryň azalmagy entäk Günbatar Uzboýdan suwuň akmagy bes edilmäkä bellidigini aňladýar. W.Bartold Jenkinsonyň bize gelip ýeten ýazgylaryndaky syýahatçynyň Amyderýanyň akymyny nähili derejede görýändigi baradaky ýazgysy aýdyň däl diýip hasap edýär. Ýazgynyň bir ýerinde derýa öňkisi ýaly Kaspi deňzine guýman Ardok derýasyna guýýar diýip berilýär; bu bolsaWeziriň töwereklerinde birnäçe suwaryş kanallaryň geçirilmegi netijesinde derýanyň deňze ýetip bilmeýändigini bilen düşündirilýär. Soňra hem Oksyň Ardoga guýman, Ardogyň Oksdan akyp gaýtýandygy barada aýdylýar. Kartada Ardock Ougus derýasyndan bölünip demirgazyga tarap gitýär, ondan has aşagrakda Ougus iki gola bölünýär: demirgazykdaky goly “Urgence” golaýyndan akyp geçýär we Kaspiniň uzyn aýlagyna ýagny, Sarygamyşa guýýar. Amy derýanyň kenarynyň şeýle görnüşi has hem Weziriň ýerleşişi Jenkinsonyň öz aýdanlarynada şeýle hem beýleki çeşmelere hem gabat gelmeýär. Iki gol diýip bolsa köne derýalar –Daudan bilen Köne-derýany göz öňüne getirmeli. Şeýlelik bilen kartalaryň awtorlary P.Iowiýanyň yzyny eýerip Oks Girkan deňzine guýýar diýip Amy derýanyň Kaspi deňze guýýandgynyň şekilini berýärler. Kaspi golaýynyň topografiýasyna analiz bermegi dowam edip Kura derýasynyň şekiliniň diňe Jenkinsonyň Buhara gidip geleninde Kaspi deňzine akýan derýalaryň hasabatyny bereninden soň çekilendigini aýtsa bolar. Araks – Kuranyň sag goşandy kartada görkezilmedik, emma Jenkinsonyň Persiýa eden syýahatynyň beýan edilşine görä haçanda ol Jewat şäheriniň üstünden geçen mahaly görüpdi. Bellemeli zat hem Kura derýasy diňe bir kartada ýalňyş görkezilmän eýsem kitapda hem ýalňyş beýan edilen- Jenkinsonyň aýtmagyna görä Kura derýasy Kaspi deňzine Şabran şäheri bilen Bakunyň arasynda guýýar, emma Kura derýasy Kaspi deňzine Bakudan günorta tarapda guýýar. Derbentiň ýazgy boýunça 41° giňligi kartadaky şekile gabat gelmeýär. Jenkinson Derbentden günorta-gündogara ýöräp Jenkinson Şabrana gelip ýetýär, ol ýerden hem gury ýer bilen deňziden 7 günlik uzaklykda ýerleşýän Şemaha gelýär. Jewatdan soň kerwen Ardebile gelýär. Ardebilden 4 günlük demirgazykda Töwriz ýerleşýärdi, Töwrizden günorta-gündogarda bolsa kazwin şäheri ýerleşýärdi. Şäherleriň kartada ýerleşdirilişi ne edilen ýazygalar ne-de hakykata gabat gelýärdi. Kaspiniň aýlagy bilen bile berilen şekili birinji syýahatdan soň çekildi diýen pikir bar, çünki Jenkinssonyň ýazgylarynda şeýle pikir etmäge esas bar. Ardebil, Töwriz we kazwin şäherleri diňe Persiýa bolan syýahatdan soň peýda bolýarlar. P.Zageriň aýtmagyna görä Jenkinsonyň kartasy onuň gatnaşmagynda düzülmän diňe onuň sözlerinden düzülen we şol sebäpli onda ýalňyşlyklara hem ýol berilendir diýilen pikir bar. Kartanyň asyl nusgasynda beýleki nusgalardan tapawutlylykda Kaspi deňzinde keramatly Georginiň şekili şekillendirilen baýdakly iňlis gämisi şekillendirilen. Orta Aziýa eden syýahatlaryny beýan edende Jenkinson Kaspi boýunça ýüzmek üçin olar Astrahanda “boate” – terjime edeniňde “gämi” satyn alýarlar. Gaýdyşyn ýoly beýan etmek bilen Jenkinson 600 ýükli düýeler bilen gaýdandyklaryny ýatlaýar. Olaryň gämisinde ýükden başgada Jenkinsonyň özi, Jonsan doganlar birnäçe tatarlar we parslar bardy.

1558-nji ýylyň 23-nji aprelinde Rus Patyşasyndan ýurtlarynyň üstünden geçip gitmeli dürli Patyşalara bermek üçin hatlary alyp Jenkinson suw üsti bilen Moskwa şäherinden çykyp gidýär. Ýany bilen Riçard we Robert Jonsonlary, tatar-terjimeçini we birnäçe ýük alýar. Aýyň 28-ne Moskwadan 20 lýe uzaklykda ýerleşýän Kolomna şäherine gelýärler. Ol ýerden hem bir lýe ýöräp Oka derýasyna ýetýärler. Oka boýunça aşaklygyna 8 lýe töweregi ýüzüp Perewitiska şäherçesine gelýärler, soňa sag tarapa ýöräp 2-nji Maýda Pereýaslawl şäherine gelip ýetýärler. Aýyň 3-ne kne Rýazan şäheriniň ýerleşen ýerine gelip ýetýärler. Maý aýynyň 6-na öňki Kazanyň patyşasy Şig-Aleý tatar knýazynyň dolandyrmagyna degişli Kasimow daglaryna gelip ýetýärler. Kasimow daglaryny yzda galdyryp olar aýyň 8-ne Murom şäherine we ol ýerden hem gaýdyp 11-ne Nižniz Nowgorod şäherine gelýärler. Rýazandan Nižniý Nowgoroda çenli Oka derýasynyň iki kenaryndan hem iň köp ary balynyň öndürilýän ýeri hasap edilýär. Olar Nižniý Nowgorotda aýyň 19-na çenli eglenýärler we 25-ne hem Wasil – şäherine gelip ýetýärler. Bu şäher häzirki Patyşanyň kakasynyň şanynaeýle atlandyrylypdyr. Häzirki Patyşa Iwan Wasiýwiç bolsa hristianlar, magometanlar we butparazlar bilen uruşlar alyp barýardywe olatyň netijesinde öz ýerlerini Kaspi deňzine çenli uzaltmagy başarýar. Jenkinson syýahatyny dowam etdirip 25-nji maýda Çeboksary şäherine gelýärler.Töweregindäki ýerler Mordwa diýilip atlandyrylýardy we ol, ýeriniň ýaşaýjylary Rus Patyşasynyň basyp almazyndan öň butparazdylar. 29-njy maýda olar Kazandan bir lýe uzaklykda ýerleşýän ada gelip ýetýärler. Kazan beýik baýyrda ýerleşen we berk galasy bolan owadan şäher bolup durýar. Häzir Rus Patyşasy ol galanyň köne diwarlaryny ýykmagy we täzesini gurmagy tabşyrýar. Bu şäher öz döwründe örän baý we abraýly şäher bolup Tatarlaryň döwletiniň şäheridi. Emma 9 ýyl; mundan ozal Rus Patyşasy Kazany basyp alýar, onuň ýaşajyk patyşasyny bolsa ýesir alyp çokundyrýar we öz köşgünde terbiýeläp saklaýar. 13-nji iýula çenli olar Kazanda eglenýärler, soňra bolsa ol ýerden gaýdyp täjirleriň adasy diýip atlandyrylýan adanyň deňinden geçýärler. Ol ada Russiýanyň, kazanyň, Nogaýsky, Krymyň we beýleki ýerleriň täjirleri ýygnanşyp söwda edendikleri üçin şeýle atlandyrylypdyr.

Ine şeýdip olar öňe süýşýärler; 17-nji awgustda 30 lý ýüzüp ýeri gözden ýitirýärler. Turý gaý sebäpli olar Mangyşlagyň garşy tarapyna düşýärler. Olar hökümdar we ýerli ilat bilen kabul eişlik barada we ýüklerimizi Sellizuru şäherine çenli äkitmek üçin düýeler bilen üpjün etmeklerini sorap adam ugratýarlar. Olaryň iberen adamlary oňat habarlar bilen gaýdyp gelýärler. 3-nji sentýabrda olar gämileriniň ýüklerini düşürip bolanlaryndan soň Jenkinson dostlary bilen ýerli ilat we hökümdar tarapyndan oňat kabul edilýärler. Emma gaýtýançalar ýerli ilat elmydama olar bilen jedel edip, olary talap gün bermeýärler. Bu ýagdaýlar Jenkinsony howlukmaga mejbur edýär. Ýülerimizi äkidýän düýelerimiz üçin hem, hökümdara hem olar birnäçe harytlary bilen tölemeli bolýarlar.14-nji sentýabrda ähli zatlar taýyn bolandan soň 1000 düýeli kerwen bilen olar çykyp agaýtýarlar. On bäşgünlik ýol geçenlerinden soň başga bir hökümdaryň ýerlerine düşýärler. Şol wagt hem olaryň ýanyna oňat ýaraglanan Mangyşlagyň hökümdary Timur-Soltanyň nökerleri gelýärler. Tatarlar gelip ýetenlerinden soň olardan rugsat alman ýüklerini açyp hökümdaryň adyndan diýip zatlaryny tölegsiz alyp gaýtýarlar. Bu ýagdaýdan soň Jenkinson ol ýeriň hökümdarynyň ýanyna baryp gorag hatyny bermegi we talaňçylykdan goramagy sorap barýar. Hökümdar jenkinsonyň haýyşyny kabul edip çörek, et we gymyz bilen naharlamagy buýurýar. Hökümdar nökerlerini alyp gaýdan zatlarynyň tölegini tölemese-de gorag hatyny we at berýär.