Mazmuna geçiň

El-Kindi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

El-Kindi-Kind arap filosofy

Ebu Ýusuf Ýakub ibn Ishak el-Özüniň, Kufada dünýä inip, Bagdatda kemala gelipdir. Medisina, filosofiýa, logika, arifmetika, geometriýa, astronomiýa we aýdym-saz ýaly döwrüniň takyk we ynsanperwer ylymlaryndan sowadyny çykypdyr. “Feýlesoful-arab” lakamy bilen meşhur bolupdyr. Meşşaýy filosofiýanyň ilkinji we ähmiýetli wekilidir. Terjime edilen köp sanly filosofiki eser bilen bir hatarda, gadymy filosofiýa degişli işleriň terjimelerini hem seljerip, olaryň bir entegini gözden geçiripdir. Ilkinji rasionalist filosof hökmünde tebigat filosofiýasyna hüjüm edipdir, terjime, awtorlyk we şerh bilen bir hatrda köp sanly eseri miras galdyrypdyr. Latyn diline terjime edilen we günbatar ýurtlarynda meşhur bolan eseri “Kitab el-Akl wel-Makul” diýlip atlandyrylypdyr. Özüniň “gadymy” diýlip atlandyrylýan ylymlardan, ylaýta-da, grek dilinde ýazylan işleriň ählisini tükelläp, musulman medeniýetine ornaşdyrmaga synanyşypdyr. Akyldar orta asyrlarda münejjim hökmünde belli bulupdyr, bu ugurda ägirt uly ussatlaryň hatarynda ady agzalypdyr. Şol sanda optika ylmy bilen hem meşgullan el-Özüniň, filosofiki garaýyşlary bilen bir hatarda astronomiýa we optik ylmy ugurda24 25 orta asyrlarda, gündogarda we günbatarda uly täsir ýetiren işleri goýup gidipdir. XII asyrda, arap dılınden latyn diline geçirilen eserleriň arasynda Kindiniň käbir eserleri hem bolupdyr. Meşşaýy filosofiýa mekdebiň ilkinji möhüm wekili bolan Özüniň, grek filozoflaryna esaslanyp, filosofiýanyň we filosoflaryň tariflerini berýär, filosofiki terminolojide ähmiýetli ýeri bolan düşünjeleri (konsepsiýalary) açyklamakta, filosofiýa bilen ugraşmaýy abraýly bir çalyşma ýagdaýda belirtmektedir. y Oňa görä «filosofiýa, ynsanyň güýji nispetinde zatlary hakykaty bilen bilmek, filosofyň ilimde maksady hakykaty tapmak, işi, amaly ýagdaýda da hakykaty ýapmaktyr» /Filosofiýanyň iň abraýly we iň ýüjesi, bitewi haykatlaryň sebäbi bolan ilkinji Hakkm ylmy bolan fel- sefe-i uladyr. [Hakykat nireden gelirse gelsin, kabul edilmelidir. çünki, hakykat araýyjysy üçin, hakikatten üstün bir zat ýokdur. Kindide filosofiýanyň usuly burhan (subytnama) diýlip atlandydypdyr, onuň maksady bolsa Alla tagala ýakynlaşmakdan ybaratdyr. Burhanyň predmeti maddanyň sasy formalarynyň bilinmegi, başlangyç nokady bolsa obýektleriň özboluşlykgy barasyndaky bilimdir. Bilimiň maksady, matlaby, subýekt bilen obýektiň arasynda arabaglanyşygy ýola goýmakdyr. Ruhda potansial ýagdaýda bar bolan akyl, işjeň (fagal) akylyň täsiri bilen potansial ýagdaýdan işjeň (fagal) ýagdaýa geçip biler.