Ebu Said Gardezi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Ebu Said Abdylhaý ibn ez-Zahhak ibn Mahmyt Gardizi 11-nji asyryň fars (Eýran) taryhçysy. Ebu Said 1048-50 ýyllarda Gaznawy soltany Abdyreşit ibn Mahmyt Zeýn el-Milla (1049-53) bagyşlap, "Ýyl ýazgylarynyň bezegi" ("Zeýn al-ahbar") diýen taryhy iş ýazypdyr. Ol bu işinde gadymy Eýran patyşalarynyň (yslama çenli), halifleriň (1032-nji ýyla çenli), Horasanyň (1041-nji ýyla çenli), Gaznawy soltanlary Mewdudyň, onuň ogly Mesudyň, agtygy Mahmydyň, Hindistanyň, Aziýadaky türk taýpalarynyň taryhy, musulman, hristian, ýewreý, hindi dini baýramçylyklary we ş.m. barada ýazypdyr. Onuň bu işi Horasanyň 1041-nji ýyla çenli bolan taryhyny öwrenmekde esasy çeşme hasaplanýar. W. W. Bartoldyň "Türküstan-mongollaryň çozuşy döwründe" (1 bölüm, 1898) we "1893-94 ýyllarda Orta Aziýa gidilişi barada hasabat" (1897) diýen kitaplarynda Ebu Saidiň bu ýygyndysyndan bölekler çap edilipdir, ol iş 1955-nji ýylda Tähranda doly çap edilipdir.