Mazmuna geçiň

1979 Eýran ynkylaby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Eýrandaky 1979-njy ýylyň ynkylaby sahypasyndan gönükdirildi)

Eýrandaky 1979-njy ýylyň ynkylaby.

Muhammet Reza Pehlewi 1962-nji ýylda ýurtda jemi 19 sany uly özgerdişler toplumyny durmuşa geçirmäge başlady. Ol döwründe “ak ynkylap” adyny aldy. Ýurdy döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen bu özgerdişler döwlet maýa goýumynyň hasabyna oba hojalygyny özgertmegi, senagaty ösdürmegi, magaryfa we saglygy saklaýşa ünsi güýçlendirmegi göz öňünde tutýardy.

Nebitden gelýän ummasyz girdejiler Eýran şasyna ýollary döwrebaplaşdyrmaga, täze senagat kärhanalaryny gurmaga mümkinçilik berdi. Senagat önümçiliginiň depgini aşa ýokarydy - ol ýylda 10-20%-te ýetýärdi. Ýurduň ykdysadyýetinde hususy pudak berkäpdi.

Emma özgerdişleriň harsal we köplenç oýlanyşyksyz geçirilmegi Eýran jemgyýetini öňünden görülmedik netijelere getirdi. Agrar özgerdişler obadaky adaty durmuşy bozdy. Ilatyň gatlaklaýyn düzümini üýtgetdi : garyplar barha garyplaşdy, barlylar has baýady. Ýüz müňlerçe adam obadan şäherlere göçdi. Ilatyň gür jemlenen ýeri bolan şäherleriň öňem derdeseri ýetikdi. Ilatyň çalt köpelmegi işsizligiň artmagyna getirdi. Oba hojalyk önümçiligi azalyp, Eýran azyk önümlerini daşary döwletlerden satyn alyp başlady. 1978-nji ýylda Eýranyň daşardan getirden azyk harytlarynyň gymmaty 2 mlrd dollardan gowrakdy. Puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi 35%-te ýetipdi.

Eýran şasy Muhammet Reza Pehlewiniň üstünliklerden başy aýlanyp, ol her edip, hesip edip Eýrany dünýäniň ösen bäş döwletininiň birine öwürmegi maksat edinipdi. Özgerdişler halkyň asyrlarboýy öwrenişen ýaşaýyş durmuşyna täsir etdi. Halk ornaşdyryljak bolunýan Günbataryň ýaşaýyş nusgasyny kabul etmäge taýyn däldi. Şonuň üçin halkyň şa düzgünine garşy närazylygy göreşe ösüp geçdi. Bu göreşe şaýy ruhanylary ýolbaşçylyk etdi. Olaryň öňbaşçysy Aýatolla Homeýnidi.