Demirgazyk deňzi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Demirgazyk deňziniň kartasy

Demirgazyk deňzi (şeýle hem öňler Nemes deňzi; nem. Nordsee, niderl. Noordzee, friz. Noardsee, iňl. North Sea, norw. Nordsjøen, dat. Nordsøen ýa-da Vesterhavet) — ýalpak şelfli deňiz, ol bir tarapdan demirgazyk Ýewropanyň kenarlary bilen Britan adalarynyň, beýleki tarapdan bolsa Ýutland we Skandinaw ýarymadalarynyň aralygynda ýerleşýär. Ol Atlantik okeanyň bir bölegi bolmak bilen, gündogarda Norwegiýanyň we Daniýanyň kenarýakasy, günbatarda Britan adalarynyň kenarýakasy, günortada bolsa, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Belgiýanyň we Fransiýanyň kenarýakasy bilen araçäkleşýär.