Daniel Defo

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Daniel Defoe sahypasyndan gönükdirildi)
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Daniel Defoe by Michael Van der Gucht 1706.jpg

Daniel Defo (iňl. Daniel Defoe); doglandaky ady Daniel Foe; 1660 töweregi, London26 aprel, 1731, London) Londonda, söwdagäriň maşgalasynda dünýä inipdir. Oňa ilki dini bilim berlipdir, emma Daniel çagalykdan çeper edebiýaty okamagy halaýan eken. Ol Nýuington akademiýasynda grek, latyn dillerini, nusgawy edebiýaty öwrenipdir. Okuwy tamamlanyndan soň Daniel ilki birnäçe ýyllap söwda edýär, soňra ep-esli wagtlap galamgär, neşirýatçy, içaly we başga-da dürli-dürli kärlerde işleýär. Üstesine-de döwrüň ähli syýasy çarelerine işjeň gatnaşyp, syýasatçy hökmünde-de tanalypdyr. Has hem galamgär hökmünde uly meşhurlyk gazanypdyr. Onuň häli-şindi çap edilýän makalalary ýurduň syýasaty-jemgyýetçilik durmuşyna uly täsir edipdir. Ýazyjy diňe 59 ýaşanynda çeper edebiýat bilen ymykly meşgullanyp ugraýar. Defo uzak wagtlap galamgär bolup işlänsoň, onuň ýazyş usuly çeper eserlerine-de öz täsirini ýetiripdir, eserler sada hem düşnükli, dogruçyl dilde ýazylypdyr. Ýazyjynyň ilkinji döreden romanlary gaty bir uly üstünlik gazanmandyr. Diňe 1719-njy ýylda, «Robinzon Kruzo» romany çap edileninden soň, Defo diňe bir Angliýada däl, bütindünýä meşhurlygyna eýe bolýar. Üstünlige başyny aldyran ýazyjy derrew eseriň dowamyny ýazypdyr, emma olar zehini bilen hem, şöhraty bilen hem romanyň birinji kitabynyň derejesine ýetip bilmändir. Defonyň başga-da birnäçe belli eserleri bardyr. Olaryň arasynda has hem «Meşhur Moll Flendersiň begenji hem hasraty»(1722), «Gyrgynly ýylyň gündeligi»(1722), «Roksana»(1724), «Deňiz galtamançylygynyň taryhy»(1724) romanlary, «Jonatan Waýldyň ömri we etmişleri» atly öz döwrüniň belli jenaýatçysy baradaky kitaby hem üns berilmäge mynasypdyr. Bu eserler häzir hem özüniň gymmatyny ýitirmediler. Emma bu eserleriň hiçisi-de bütin adamzat medeniýetinde yz galdyran «Robinzon Kruzo» romany bilen bäsleşip bilmez. Daniel Defo umuman 200-e golaý kitap çap etdiripdir. Ol 1731-nji ýylda, 70 ýaşynda, Londonda aradan çykypdyr.