Düzmeli goşma sözlem

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Biri-birne garaşsyz we her biriniň özbaşdak ulanylmagy mümkin bolan ýönekeý sözlemlerden ybarat goşma sözlem düzmeli goşma sözlemdir.

Düzmeli goşma sözlem hasyl edýän ýönekeý sözlemleriň aralaryndaky aragatnaşyk we baglaňyşyk edil deňdeş agzaly ýönekeý sözlemdeki ýalydyr, ýagny bular hem iintonasiýa we baglaýjy kömekçiler arkaly baglanyşýarlar. Şonuň üçin düzmeli goşma sözlemde-de, deňdeş agzaly sözlemdäki ýaly, otyr we baglaýjy kömekçiler gelip bilerler. Ýöne düzmeli goşma sözlemi emele getirýän ýönekeý sözlemleriň her biriniň aýratyn eýesiniň we aýratyn habarynyň bolmagy sertdir. Şol tarapdan hem olar deňdeş agzalardan tapawutlanýarlar. Deňdeş agzalaryň hemmesi birlikde ýa bir sözi (ýöneket sözlemiň belli bir agzasyny) aýýklaýarlar, ýa-da hemmesi belli bir söz tarapyndan aýýklanýar.

Meselem: şudur

  • Daýhan aga hasylyn halal we arassa bolmagyny işleýär. Deňdeş doldurgyçly ýönekeý sözlem. Işiň netijesiniň halal we arassa bolmagy hakynda aýdylýar. Shemasy (D we D).
  • Şol gün goňşymyza myhman gelipdy, şonuň hormatyna ol menem öýlerine çagyrdy. Düzmeli goşma sözlem, özbaşdak ulanylmagy mümkin bolan iki sany ýönekeý sözlemi bar. Shemasy: [ ], [ ].
  • Men şonda hakykata düşündim-de, ýaňadaňdan elime ýarag aldym, işçiler bilen bile urşa gitdim. Deňdeş habarly ýönekeý sözlem. Eýanyn eden işleri sanalýar. Deňdeş agzalary: düşündim-de, akdym, girdim. Shemasy: (D-de, D,D)

Sözlemiň işlikden bolan habarlary belli bir ýöňkemede gelip, şol duruşlaryna öz şekilleri bilen eýanyn haýsy sozdugini görkezýändikleri sebäpli, olarda eýe bolmasa-da, onuň bardygy güman edilýär. Şonuň üçin hem aýry-aýry ýöňkemede bolan iki sany habar düzmeli goşma sözlemi emele getirip biler. Gysgaldylan sözlerden düzülen bu hili düzmeli goşma sözlemi deňdeş agzaly ýönekeý sözlem bilen garjasdyrmk bolmaz.